Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
Eýesiz sözlemler▲ Öz içinde we daşynda eýesi bolmadyk, onuň bardygy-da guman edilmedik sözlem eýesiz sözlemdir. Meselem: Munuň ýüreginiň päkdigini. 2. Daşarda durar ýaly bolmady. 3. Bu kitaby ertire çenli okasa bolar. Eýeli sözlemlerde hereketi ýerine ýetiriji (eýe) bolýar, emma eýesiz sözlemlerde hereketi ýerine ýetiriji bolmaýar. Bu hili sözlemlerde, esasan, ýerine ýetirilýän hereket (iş ýagdaý) nygtalýar. Bu hem eýesiz sözlemleriň esasy gram- matik hyzmatydyr. Meselem: Men kitap okaýaryn. – Meniň kitap okasym gelýär. Birinji sözlemde men hereketi aktiw ýerine ýetirijidir. Işiň ýerine ýetirilmegi onuň erkine, islegine bagly. Ikin- ji sözlemde esasy üns herekete (okasym gelýär) berilýär onda-da şol hereket hereketi ýerine ýetirijä garaşsyzlykda, öz akymlaýyn ýüze çykýar. Sözlemiň eýesizdigini onuň habarynyň şekilinden bil- mek bolýar. Eýesiz sözlemiň habary dürli görnüşlerde bolup biler. Olaryň käbirlerine garap geçeliň: Täsirini geçirmeýän işlikleriň yzyna -yl, -il,-ul -ül,-l goşulmalaryny goşmak bilen eýesiz sözlemiň habary ýasalýar. Meselem: Işe wagtynda barylýar. Gezelenje ertir ugralýar. Olluk ýönkemede gelen atlar, atlaşan sözler, iş atlary habarlyk goşulmalaryny kabul edip ýa-da etmän eýesiz sözlemiň habary bolup bilýärler. Meselem: Jigimiň şol uklap ýatyşydy. Onuň şol haýdap ýörşi. Bolmak işliginiň öňünden hal işligi gelip, eýesiz sözlemiň habary ýasalýar. Meselem: Heý, bu günleri goramaga dözüp bolarmy? Duşdan geçen wagty yza dolap bolmaz. Bellik: Bolmak işligi bir işi gutarmak manysynda ge- lende, ol eýesiz sözlemiň habary bolup bilmez . Meselem: Saz çalyp boldy. Häzir ýazyp bolýar. Gelmek işliginiň öňünden -asy, -esi goşulmasyny ka- bul edip, belli bir ýöňkemede gelen işlikler eýesiz sözlemiň habary bolup bilerler. Meselem: Meniň okasym gelýär. Olaryň matal aýdyşmakda ýaryşaslary gelýär. Ähli zady okap bilesim gelýär. Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling