Turkm dili-7 2017. indd


§ 43. EÝESI NÄBELLI SÖZLEM


Download 438.92 Kb.
bet84/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

§ 43. EÝESI NÄBELLI SÖZLEM


  1. nji gönükme. Sözlemiň habarlary işligiň haýsy görnüş- lerinden ýasalypdyr? Ol habarlar anyk bir eýäni görkezýärlermi? Bu sözlemlerde eýäniň barlygy duýulýarmy?

1. Synp ýygnagynda çöregiň mukaddesligi hakynda aýtjak. 2. Içki ýygnaga öz wagtynda barmaly. 3. Her bir ýerde seresaply bolmaly. 4. Dynç alşy çeper kitaplar okap geçirjek. 5. Danalaryň wesýet edişi ýaly okamaly.
▲ Eýäniň barlygy duýulýan, emma habaryň belli bi- rini ýa bir zady görkezmeýänligi sebäpli, eýäniň kim ýa nämedigi açyk bilinmeýän sözlem eýesi näbelli sözlemdir. Eýesi näbelli sözlemleriň habarlary, esasan, işligiň hök- manlyk formasyndan we mälim geljek zaman işliginden
ýasalýar.
Meselem:
1. Arassaçylyk ugrunda göreşmeli. 2. Oba gitjek.
Bu sözlemleriň habaryna «kim?» diýen sorag berilse, onda eýäniň men, sen, ol, biz, siz, olar, çagalar … ýaly dürli sözlerden bolup biljekdigi aňlanylýar. Emma şol şahslaryň anyk biriniň sözlemiň eýesidigi belli bolmaýar. Şol sebäpli bu hili sözlemler eýesi näbelli hasaplanýar. Eger sözlemiň habary ýa başga bir sözi ýöňkemede gelip, eýäniň kimdigini açyk bildirýän bolsa, ol sözlemi eýesi näbelli sözlem hasaplamak bolmaz.
Şeýle sözlemler eýeli sözlemler hasaplanýlmalydyr. Meselem:
Arassaçylyk ugrunda göreşmelisiň. Kim? –Sen.

  1. nji gönükme. Eýesi näbelli sözlemleriň habaryny tapyň. Olar işligiň haýsy şekilinden ýasalypdyr? Göçüriň. Eýesi näbelli sözlemleriň habarlarynyň aşagyny çyzyň.

1. Harby gulluga mekdep ýyllaryndan taýýarlanmaly. (Gazetden). 2. Her bir işe yhlasly ýapyşmaly. (Žurnaldan).
3. Daşary ýurt dilleriniň az bolanda birinde sözleşmegi ba- şarmaly. 4. Gadymy ýadygärlikleri rejeläp bejerýän ussa boljak. 5. Ýetişdirilen hasyly yrýa4 etmän ýygnamaly. (Gazetden). 6. Öňe gitmelidi, söweşjeň tabşyrygy ahyryna çenli ýerine ýetirmelidi. (S.Ataýew «Gazap»).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   80   81   82   83   84   85   86   87   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling