Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet87/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler



Ýüz tutma sözler
Jogap sözler Ümlükler Giriş sözler



§ 45. ÝÜZ TUTMA SÖZLER


▲ Sözlemde aňladylýan pikiriň kime ýa nämä ga- radylyp aýdylýandygyny bildirýän söze ýüz tutma söz diýilýär. Ol bir ýa-da birnäçe sözden bolup bilýär.



  1. nji gönükme. Ýüz tutma sözler barada IV synpda öwrenenleriňizi ýada salyň. Eýe bolup gelen sözleri ýüz tutma sözlere öwrüp, sözlemleri üýtgedip ýazyň.

Nusga: Bibi köýnegini ýuwdy. – Bibi köýnegiňi ýuw! Oglanlar we gyzlar tutanýerli okaýarlar. Kružoga gat-
naşjak okuwçylar atlaryny ýazdyrmalydylar. Gülzada ki- tabyny arassa saklady.

Ýüz tutma sözler baş düşümdäki sözlerden bo- lup, sözlemiň beýleki agzalaryndan bölünip, belendiräk intonasiýa (heň) bilen aýdylýarlar. Olar aýyklaýjyly hem, aýyklaýjysyz hem gelip bilerler.
Meselem:
Dostlar, mekdebimiziň töweregini gür baglyga öwreliň! Mähriban dostlar, tebigaty goramaga öz goşandymyzy goşalyň!
Birinji sözlemdäki ýüz tutma söz dostlar aýyklaýjysyz, ikinjidäki bolsa mähriban dostlar aýyklaýjyly gelen ýüz tutma sözlerdir.
Ýüz tutma sözler, esasan gepleşikde köp ulanylýar.Olar söhbetdeşiň ünsüni özüne çekmäge hyzmat edýärler.
Meselem:

  1. Gülnäz jan, bol geýin, toýa gideli. (K.Gurbannepe- sow).

  2. Salam, mähriban eje! (N.H. «E»).

  3. Näme maslahata geldiň, ýigit? («Gorkut ata»).

  4. Salam, Perwana! Garry mugallymyňy ýadyňdan çykarmaýanlygyň üçin sag bol.

Çeper eserlerde gahrymanlaryň, dag, derýa ýaly zatlara- da, dürli zatlara-da, haýwanlara-da ýüz tutma sözler arkaly ýüzlenýän halatlary bolýar.
Meselem:

  1. Eý, gurbanyň bolaýyn, eziz derýa! Sen bize bakan güler ýüzüňi öwür, goý, gözel sähra güllesin (B.Kerba- baýew «A. ä»).

  2. Häzirledim harman ýerin, Açyl, gozam

Açyl gozam
« Ak altyny» eçil, gozam! (A. Atajanow).

  1. – Inim, aý, inim sen näme üçin aglaýarsyň?

  2. Gara başym gurban olsun, gurdum, saňa! («Gorkut ata»).

Ýüz tutma söz bilen sözlemiň baş agzasy bolan eýäniň arasynda şekil taýyndan meňzeşlik duýulýar, ýöne ýüz tut- ma sözler sözlemiň eýesinden aşakdaky ýaly aýratynlyklar bilen tapawutlanýarlar:

  1. Eýe baş düşüm şekilinde gelip, grammatik soraga jo- gap bolýar, emma ýüz tutma sözler baş düşüm şekilinde gelseler-de, grammatik soraga jogap bolmaýarlar.

  2. Eýe sözlemiň baş agzasy hasaplanýar, emma ýüz tut- ma sözler sözlem agzasy bolup bilmeýärler.

  3. Eýe sözlemiň beýleki agzalary bilen mazmun hem- de grammatik taýdan baglanyşýar, emma ýüz tutma söz bi- len sözlem agzalaryň arasynda munuň ýaly sintaktik bag- lanyşyk ýok.

  4. Eýe sözlemde adatça habardan öň gelýär, ýüz tutma sözüniň bolsa belli bir orny ýok.

  5. Eýe sözlemiň baş agzalaryndan intonasiýa (heň) taýyndan bölünip aýdylmaýar, emma ýüz tutma söz söz- lem agzalaryndan görnetin bölünip aýdylýar.

Ýüz tutma sözler sözlemiň başynda hem, ortasynda hem, soňunda hem gelip bilerler .
Sözlemiň başynda gelen ýüz tutma sözleriň yzyndan, ortasynda gelenleriň iki tarapyndan, soňunda gelenleriň bolsa öňünden otur goýulýar.
Meselem:

  1. Artyk, [Ý,] sen meniň sowalyma jogap ber. (B.Kerbabaýew «A. ä».)

  2. Ýeri Sapa, [Ý,] nämä gülýärsiň?

  3. Ertire çenli nädersiň, Maraly? [,Ý].

Eger ýüz tutma sözler sözlemiň başynda has belent heň bilen aýdylsalar, onda olaryň yzyndan ýüzlenme belgisi goýulýar we olaryň yzyndan gelen sözler baş harp bilen başlanýar.
Meselem: Durdy Halnyýazowiç! Bu suw ýere-göge sygar ýaly däl ýaly-la!


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling