Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet85/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Eýesi näbelli sözlemleriň habaryny tapyň. Göçüriň. Habarlaryň aşagyny çyzyň.

Atajan ýygnaga gyssanyp barýardy. Birden ol mekdebiň golaýyndaky jaýyň äpişgesinden zogd..rylyp çykýan gaýry tüssäni gördi. Näme etmeli? Ilki 01-e habar bermelimi? Ýa adamlary örüzmelimi? Bir sekunda-da ýetirmeli däl. Haýal-ýagallyk etseň, ýalyn tutaşjak. Töwerekdäki jaýlara hem geçjek. A birden ol ýerde ýaş çaga bar bolaýsa?!
Batyr ýoldaşlarynyň biri ylgaşyp gaýdandyklar(?) ny gördi. Onuň bedenine güýç goş..lan ýaly boldy. Ol ýüz.. niň ug(?)runa penjegini suwly salma batyryp çykardy-da, penjireden öz..ni jaýa oklady. (Žurnaldan).

  1. nji gönükme. Aşakdaky sözlemleri depderiňize göçü- rip, eýesiz sözlemleriň habarynyň aşagyny çyzyň.

1. Bir gün gezelenç etmek üçin baýra gidildi. Emma howa has yssydy. Şeýle bolsa-da, ol ýerde köp gezilipdi. 2. Agşamlaryna juda giç ýatylýar. Şoňa garamazdan, ertirine- de gaty ir turulýar. Çünki bu wagtlar işiň gyzgalaňly wagty.

  1. Daşary has sowuk. Gar hem ýagýar. Paltosyz meýdana çykar ýaly däl. 4. Onuň küşt oýnasy gelýär. Ýoldaşlarynyň kino gidesi gelýär. 5. Dünýägözeliň surat çekesi gelýär. Onuň dynç oturasy gelmeýär.

Ýönekeý sözlemleriň sintaktik derňew edilişi:


    1. Sözlemleriň ýönekeý sözlemdigini anyklamak.

    2. Ýönekeý sözlemleriň gurluşy.

      1. ýygnak ýa ýaýraň;

      2. doly ýa doly däl;

      3. eýeli ýa eýesiz;

      4. eýesi näbelli sözlem.

    3. Sözlem agzalaryny derňemek (ilki sözlemiň eýesi, habary, soňra aýyrgyçlary we doldurgyçlary derňelýär.)

  1. nji gönükme. Göçüriň. Ýönekeý sözlemleri sintaktik derňew ediň.

1. Ol sazanda – diňe saz çalardy. Sazandalygy bilen bolsa halkyna özüni aldyryp bilipdi. Ýöne welin onuň ady il içinde Şükür bagşy diýip ýöredilerdi. Munuň özüne ýetesi sebäbi bardy.
Ol özüniň bütin ömründe iki sapar aýdym aýdypdy. Bu bolsa heniz özüniň ukybyny, hünärini saýlap alyp bilmän ýören ýyllarynda bolupdy. Ine şu iki gezek aýdym aýtmasy bilen onuň ady Şükür bagşy bolup, il arasynda ýaýrapdy. Ýöne-de bir ýaýramady, örän ýörgünlilik bilen agyzdan- agza düşüp ýaýrady.

  1. Bagty görmek islän seni görmeli. (G.Seýitliýew).

  2. «Mekan» gazetinde çykan şol makalany okajak.

Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling