Turkm dili-7 2017. indd


Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözleriň sintaktik derňew edilişi


Download 438.92 Kb.
bet96/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözleriň sintaktik derňew edilişi.


    1. Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözleri sözlemden tapmak.

    2. Olaryň görnüşini ýüze çykarmak:

      1. Ýüz tutma sözler;

      2. Jogap sözler;

      3. Ümlükler;

    3. Giriş sözlerler.

  1. Sözlem agzasy hasaplanmaýan sözleriň sözlemdäki hyzmaty.

Gaýtalamak üçin soraglar:


    1. Nähili sözlere ýüz tutma sözler diýilýär?

    2. Jogap sözleriň kesgitlemesini aýdyň.

Olary doly däl sözlemlerden tapawutlandyryp bilýär- misiňiz? Subut ediň.

    1. Ümlükleriň bile gelen sözlemleriniň pikir aňladyşyna täsir edişini düşündiriň.

    2. Aňladýan manylaryna görä, giriş sözler haýsy topar- lara bölünýärler? Olaryň sözlemdäki hyzmaty barada aýdyň.

    3. Giriş sözler bilen giriş sözlemleriň esasy tapawutlary nämelerden ybarat?


VII SYNPDA GEÇILENLERI GAYTALAMAK





  1. njy gönükme. Söz düzümleriniň baglanyş ýollary bara- da öwrenenleriňzi ýatlaň. Göçüriň. Ylalaşma, eýerme, ýanaşma ýoly bilen baglanyşan sözleriň hersine aýry-aýrylykda ýazyň. Olaryň her görnüşine degişli özüňizden hem iki mysal goşuň.

Meniň enem, sahna seretdi, täze mekdep, siziň göläňiz, sözlerini diňledi, oglanlar geldiler, olaryň işi, arassa otag.

  1. njy gönükme. Sözleriň baş agzalary barada öwre- nenleriňizi ýatlaň. Olaryň görnüşlerini, haýsy söz toparlary- ndan ýasalyp bilýändiklerini aýdyň. Göçüriň. Eýe bilen habaryň aşagyny çyzyň.

Päliazan Şukli melek Bugra hatyna şerap süzd.. rip, Salyr gazany armanda goýmagy ýüregine düwýär. Muny eş(?)den Bugra hatyn otly köýnek geýýär. Ol oguz gyzlarynyň ýanyna baryp:

    • Duşman Gazanyň hatynyny aňjak bolsa, kyrkyňyz kyrk ýerden «men» men diýip jogap berersiňiz-diýýär. Gyzlar on..ň öwredişi ýaly hereket edýärler.

Jany ýanan Şükli melek Gazanyň ogly Orazy öldü- rip, onuň etini gyzlara iýdirmegi buýurýar. «Her kim iýse degmäň. Iýmese şol Gazanyň aýalydyr, getiriň» diýýär. («Gorkut ata»).

  1. nji gönükme. Eýe bilen habaryň arasynda kese çyzyk goýluşyny düşündiriň. Nakyllary göçürip, eýe bilen habaryň arasyna kese çyzyk goýuň. Onuň sebäbini aýdyň.

Malym janym. Ekseň ekin, baksaň goýun. Ar ganaty at.
Köpüň dilegi kölüň suwy. Il agzy keramat.

  1. nji gönükme. Sözlemiň aýyklaýjy agzalary, olaryň gör- nüşleri we sözlemdäki hyzmaty barada gürrüň beriň. Göçüriň. Aýyrgyçlaryň we doldurgyçlaryň aşagyny çyzyň.

Bugra hatyn ogly Orazy ýagdaý bilen tanyşdyrýar:

    • Ogul, seniň etiňden iýeýinmi ýa porsy duşmanyň dü- şegine gireýinmi? Atanyň-Gazanyň namysyny ýere ýynmy, näme edeýin, oglum?

    • Bu nä sözd..r, ene. Meniň üçin aglama. Goý, meni para-para etsinler. Etimi dograp, gara gowurma3 öw..rsin- ler. Kyrk gyza bersinler. Olar bir iýse, sen iki ýgin. Seniň Gazanyň aýalydygyňy duşmanlar bilmesinler. Ölen men bolaýyn, ýöne atamyň mertebesi basgylanmasyn4. («Gor- kut ata»).


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling