Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet3/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Rus dili


Arap dili

Mundan başga-da ýokarda görkezilen dilleriň (has-da rus diliniň) üsti bilen türkmen diline – özge (grek, latyn
…) dilleriň hem leksik täsiriniň bardygyny belläp geçme- lidiris.
Dil jemgyýetçilik hadysadyr, jemgyýetiň ösmegi bilen ol hem ösüp biler. Dil hemişe özüni döreden halka hyzmat edip gelipdir. Siz ýaşlar, şygyrýet äleminiň şasy bolan Aly- şir Nowaýynyň: «Ýüz dili bilseň hem öz ene diliňi unut- ma. Bu nadanlyk bolar» – diýen sözünden ugur alyp, öz ene diliňiz bolan türkmen dilini içgin öwrenmelidirsiňiz. Bu barada biziň garaşsyz Özbegistan döwletimiziň konsti- tusiýasynda ýörite bellenilip geçildi.
Ine, siziň öz ene diliňiz bolan türkmen diliňizi içgin öwrenmegiňiz üçin, şu okuw kitaby gaýtadan işläp size hödürleýäris.

  1. nji gönükme. Goşgyny labyzly okaň, mazmunyny aýdyň.



Türkmen dili


(Gysgaldylyp alyndy)
Biz ýitmesek, sen ýitmersiň dünýäde, Biziň barlygymyzda bolarsyň senem. Seni maňa süýde garyp beripdir, Çagakam ak süýdün emdiren enem.
Ata-babalarymyň sözlän dili sen Sen – hüwdi,
Sen – aýdym, Sen – datly kyssa
Men sen bilen gam-gussany unudýan, Uzak ülkelerde ýüregim gyssa.
Beýik Magtymgulyň dana sözi sen, Ajap dessanlaryň namysy sensiň.
Sen meniň halkymyň akyl-paýhasy. Hem halkymyň ary-namysy sensiň.
Çagalarym ömürylla unutmaz Gadymlardan gelýän türkmeniň dilin. Öz dilini bilip, özgäň dilinem Öwrenmek ullakan baýlygymyz biziň.
Başga dilde okap, ýazyp bilsem-de, Başga dilde goşgy ýazyp bilmerin. Siz dogry düşüniň, goşgy ýazamda, Ene dilim seresidir dilleriň.
Goý, dünýäde ähli diller ýaşasyn, Ýaşasyn içinde türkmeniň dilem.
Men dünýäniň bar baýlygyn çalyşman. Dil baýlygym – uly mirasym bilen.
(A. Atabaýew).

  1. nji gönükme. «Men tomusky dynç alşy nähili geçirdim?» diýen tema boýunça düzme ýazyň.

Düzme – belli bir tema boýunça öz pikiriňi ýazuw ar- kaly beýan etmekdir.
Düzmäni nähili ýazmaly?



  1. Diňe temany gowy aýdyňlaşdyrjak materiallary saýlaň.

  2. Ol materiallary degişli bölümlere bölüň.

  3. Düzen meýilnamaňyz pikiriňizi doly we yzygiderli beýan etmäge ýardam bermelidir.

  4. Epigraf hakda işi ýazyp bolmankaňyz oýlanyň, ony meýilnamanyň aşagyndan sag burçda ýazyň.

  5. Garalamaňyza ýazan düzmäňizi galam bilen iki gezek barlaň: ilki mazmuna, beýan edişiňize üns beriň, ikinji gezek okanyňyzda, sözleri ýerbe-ýer ulanylyşyna üns beriň.

  6. Maglumatlaryň, delilleriň dogrudygyny barlaň.

  7. Üçünji gezek okap, ýerliksiz hasaplan sözleriňizi çyzyň-da olary has degerli sözler, söz düzümleri bilen çalşyryň. Ýazylyşy şübheli hasaplan sözleriňizi hem olaryň sinonimleri bilen çalşyryň.

  8. Diňe şundan soň düzmäni arassalama göçüriň.




Download 438.92 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling