Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet8/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)


SİNTAKSİS WE PUNKTUASİÝA





Sintaksis

Morfologiýa

Grammatika
Grammatikanyň sözlemleri we sözlemde sözleriň bag- lanyşygyny öwrenýän bölümine (grekçe sintaksis «düzme» diýmekdir) sintaksis diýilýär..


Dyngy belgiler

. nokat

: iki nokat

köp nokat

, otur

; nokatly otur

( ) ýaý

« » goşa dyrnak

? sorag

! ýüzlenme

?! sorag ýüzlenme

Grammatikanyň dyngy belgileriniň kadalaryny öwre- n-ýän bölümine punktuasiýa (grekçe punktum «nokat» diýmekdir) diýilýär.


§ 2. SÖZ WE SÖZ DÜZÜMI


  1. njy gönükme. Sözleri okaň. Olar näçe sesden, bogun- dan ybarat? Sözleriň haýsy söz toparyna degişlidigini, nämäni aňladýandygyny anyklaň.

Owadan, bäş, okamak, siz, bag, gyzlar, haly, gülzarlyk, ajy, örän ylgamak, ýedinjiler, ukyply, emma, tarap, ýaly, öýlän, gije, süýji.

Söz


▲ Söz diliň esasy birligidir. Adamlar sözüň kömegi bilen predmetleri, hadysalary, düşünjeleri, olaryň özara gatnaşygyny aňladýarlar. Sözleriň esasy köplügi özbaş-
dak many aňladýan atlardan, sypatlardan, işliklerden, … ybaratdyr. Özbaşdak many aňladýan sözler sesleriň ut- gaşmasyndan hasyl bolýarlar, bir ýa birnäçe bogundan durýarlar. Olar dürli söz toparlaryna degişli bolmak bilen, leksiki hyzmata eýedirler. Sözuň aňladýan düşünjesi onuň leksiki hyzmatydyr.

Söz düzümi


▲ Sözleriň grammatik we many taýdan özara birikmesin- den emele gelen sintaktik birlige söz düzümi diýilýär. Söz düzümi iki ýa-da köp sözden bolup bilýärler.


Meselem: Akylly adam, at gazanan artist.
Söz düzümini hasyl edýän sözler doly manyly bo- lup, biri beýlekisine garaşly bolýarlar. Olar biri-biri bi- len ylalaşma, ýanaşma hem-de eýerme ýollary arkaly baglanyşýarlar (jedwele serediň).



Söz düzümi

Baglanyş ýollary

1. Biziň şäherimiz.

Sanda we ýöňkemede ylalaşýanlygy üçin – ylalaşma baglanyşygy.

2. Asylly gyz.Ýaşyl ýaprak.

Söz üýtgediji goşulmasyz, kömekçi sözsüz, tertip tanýyndan baglanyşanlygy sebäpli – ýanaşma baglanyşygy.

3. Guş ýaly uçmak.



Garaşly sözüň belli bir şekilde gelmegini esasy sözüň talap edýänligi üçin – eýerme baglanyşygy.

Söz düzümini hasyl edýän sözler iki bölekden ybarat bolup, olaryň birinjisine garaşly söz [G], ikinjisine esasy söz [E] diýilýär. Olar biri-birini aýyklap gelýärler.
Meselem: Amanyň [G] bagy [E], galam bilen [G] ýazmak [E]. Bu okalgadaky kitaplar. Bu [G] okalgadaky [E], okalgadyky [G] kitaplar [E]

  1. njy gönükme. Aşakdaky söz düzümleriň garaşly sözüni hem-de esasy sözüni anyklap depderiňize göçüriň.

Artygyň enesi. Bu adam. Gün ýaly nan. Edepli oglan. Üç agaç. Surat çekmek. Bilbil ýaly saýramak. Ylgap git- mek. Iňlisçe geplemek. Habar bermek.






  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling