Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet11/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

nji gönükme. Durnukly söz düzümleriniň manylaryny düşündiriň.

1. Aç eşege ýük 2. Eli ýeňil. 3. Bolsa bäş bolmasa ýigrimi bäş. 4. Ädim ogurlamak. 5. Gapyrgasy sanaber- meli. 6. Yzyna it salmak. 7. Eli egri. 8. Öýüni towuga ýükläýmeli. 9. Egniňde tozsun. 10. Taýak iýmek. 11. Ýüz görmek. 12. Ýüz bermezlik. 13. Jübi kesmek. 14. Üstüňden dag agdarylan ýaly bolmak. 15. Saman astyndan suw goýbermek. 16. Gapyl basmak. 17. Gözüň aýdyň. 18. Baş öwretmek.

  1. nji gönükme. Aşakdakylardan durnukly söz düzümlerini saýlap, depderiňize göçüriň.

  • Ýeri-how, ýarygijeler köçeden näme gözleýäň? – diýipdir. Ependi:

  • Ukym gaçdy, şony gözleýän – diýip jogap beripdir. (Ependi).

Ara bozulyp, tersleşip ýören adamlaryň üç günden soň ýaraşmaklary we kine-gahary, ýigrenji terk etmekleri ge- rek. (Şerigat).
Ol jansyzlaryň içinde gaty köp çärşenbäni başyndan ge- çiren, ýedi derýaň suwuny içen garry bardy. («Görogly»).
Köňli gara bilen bolmaňlar ülpet (Magtymguly). Myralydan içi hyjuwly wezirler şol göz ýumup-açarda
Myralyny ýasawullaryň öňüne salypdyrlar. (B. Kerbabaýew
«Myraly»).
Söýýän güýz paslyny. Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onuň pes päli. (G. Ezizow «Serpaý»).

  1. njy gönükme. Aşakdaky durnukly söz düzümlerini söz- lem içinde getirip ýazyň.

Ýuwulmadyk çemçe. Ekilmedik ýerde gögermek. Ga- pyrgasyn sanabermeli. Gam çekmek. Gepe gitmek. Urup aglamak. Gözüni gapmak. Ülpet – ýoldaş, dost.

Söz düzümleriniň sintaktik derňew edilişi:


  1. Söz düzümlerini sözlemden saýlap göçürmek.

  2. Olaryň görnüşlerini anyklamak:

    1. erkin söz düzümi;

    2. durnukly söz düzümi.

  3. Söz düzümleriniň gurluşy:

    1. garaşly söz;

    2. esasy söz.

  4. Olaryň haýsy söz toparyndan ýasalandygyny aýtmak.

  5. Söz düzümleriniň grammatik hyzmaty.


  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling