Turkm dili-7 2017. indd
Download 438.92 Kb.
|
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)
nji gönükme. Aşakdaky esasy sözleriň öňünden ga- raşly sözleri getirip, söz düzümleri hasyl ediň we depderiňize göçüriň.
Gawun, okamak, aýdym, ene, dutar, ýaryş, ýygmak, okuwçy, sazanda, bilmek, tokly, çapmak, bakmak, mek- dep, galam, söz, ýazmak, duýgy. Nusga: Sary gawun: [G]-[E]. nji gönükme. Aşakdaky garaşly sözleriň yzyna esasy sözleri goşup, söz düzümleri ýasaň we depderiňize göçüriň. Halk … , tüýdükçi …, seniň …, ökde … , hüşgär… , otuz …, biziň …, türgenleşýän …, çeper …, täsirli …, altyn …, berlen …, bal ýaly …, bilim … , ajaýyp … . nji gönükme. Aşakdaky söz düzümleriniň baglanyş ýollaryny anyklap giňişleýin düşündiriň. Biziň mekdep, täze howa, öýüni saklamak, gül ýaly maşgala, bagta ýetmek, bilimli oglan, ýalan söz, bal ýaly gawun, bu ýer, otuz guş, owadan haly, köne tam, danalar danasy, ekin meýdany, okuw kitaplar, gara daglar, ajaýyp baglar. Söz düzüminiň sözden tapawudy▲ Söz düzümi hem edil söz ýaly, düşünjäni aňladýar, ýöne ol söze garanda has anyk düşünjäni görkezýär, çünki söz düzüminiň garaşly sözi esasy sözi aňladýan düşünjesi- ni her taraplaýyn has-da anyklaşdyrýar, giňeldýär. Meselem: Agaç (söz) – uzyn agaç (söz düzümi). Adam (söz ) – akylly adam (söz düzümi). Bu wagtlar güýz aýlarynyň başlarydy. (A.Durdyýew «S.E») Dar jülgäniň içinde ýeke goýup gaýdan aty ýekesiräp kişňeýärdi. (N. Saryhanow «S.E») nji gönükme. Aşakdaky teksti okaň we sözlemleriň içindäki söz düzümlerini aýdyp beriň. Dag onuň ünsüni özüne çekdi. Başynda pelpelleýän pi- kirlerini derbi-dagyn etdi. Ussat ýerlerde işlenip çykarylan ýaly gat-gat galyp, asmana göterilen gara daglar, olaryň üstünde gögerip oturan arçalar, ýene şonuň ýalylar ony geň galdyrdy. Ol şulara seredip duran ýerinde şeýle diýýärdi. «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýlen sözi ýene- de bir gezek tassyklady. Dagyň üstünde agaç gögeripdir, ulalypdyr. Bular baryp-ha biziň obamyzdan-da görnüp durýarlar. Olaryň köki neneň daşy deşip geçýärkä? Daglar gat-gat goýlupdyr. Bu kimiň işikä? « Herzreti Aly gylyjy bilen dagy iki ýarypdyr» diýerdiler. Bu dogry däldir. Heý, bu daşlary gylyç bilen iki ýarmak bolarmy? Ýöne welin bu daglaryň aşyklara ýol bermän, üstünde zaryn aglandyklary, belki, dogrudyr. Meniň welin ýolum açyk. Ine, şu jülge bilen gitjek oturjak. Bagşy atyň başyny çekip, biraz salym şeýle pikir etdi. Ol çuň jülgäniň içinde durup, ýokary – daglaryň başlaryna seredýärdi. Bu ýerden garamak ony kanagatlandyrmady, başlaryna çykyp görmegi höwes etdi. Atdan düşdi. Onsoň sag gapdalyndaky üstüne abanyp duran uly dagyň süýr de- pesine dyrmaşyp çykdy. («N. Saryhanow Şükür bagşy»). nji gönükme. Aşakdaky bölekleri göçüriň we söz düzü- mini tapyp, nähili baglanyşandygyny düşündiriň. Hiç bir janawary oda ýakyp öldürmäň. Haýwanlaryň ýüzüne urmaň. Ýoly gazyp ýa suw guýup, ýolagçylara ezýet ýetirmäň. (Şerigat). Edebi kitaplar bilen ymykly dostlaşdym. Bilim üstüňe3 sürünýän bela-beterlerden goraýan gal- kandyr. (Rudaky). Download 438.92 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
ma'muriyatiga murojaat qiling