Turkm dili-7 2017. indd


Download 438.92 Kb.
bet6/100
Sana17.06.2023
Hajmi438.92 Kb.
#1527825
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100
Bog'liq
7-synp. Turkmen dili (2017, M.Hanmatow, A.Hanmatow)

Işlik şekilleri


  1. Işligiň şert şekili.

▲ Işligiň şert şekili gymyldy-hereketiň şertini aňladýar.
Işligiň şert şekili – sa, -se goşulmasy arkaly ýasalýar. Onuň ýokluk galypy düýp işligiň soňuna ma, -me goşulmasynyň goşulmagy arkaly hasyl bolýar.
  1. Işligiň hyýallanma şekili.


▲ Bir işi ýerine ýetirmäge hyýallanmagy, isleg bildir- megi, maksady aňladýan işliklere işligiň hyýallanma şekili diýilýär.
Ol makçy, -mekçi goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.
  1. Işligiň buýruk şekili.


▲ Birine bir zady buýurmagy, tabşyrmagy, haýyş et- megi aňladýan işliklere işligiň buýruk şekili diýilýär.
Işligiň buýruk şekili ýörite goşulmalary kabul etmeýär. Düýp işlikleriň ählisi büýruk äheňinde aýdylanda, buýruk işligini hasyl edýär.
Meselem: Bar, gel, bar, ýaz, oka…
Buýruk işliginiň ýoklugy -ma, -me goşulmalarynyň kö- megi bilen ýasalýar.
Meselem: Oturma, gitme.
  1. Işligiň hökmanlyk şekili.


▲ Gymyldy-hereketiň hökman ýerine ýetirilmelidigini aňladýan işliklere işligiň hökmanlyk şekili diýilýär.
Işligiň hökmanlyk şekili –maly, -meli goşulmalaryň goşulmagy bilen ýasalýar.
Meselem: Işe barmaly, meseläni çözmeli.
Işligiň hökmanlyk şekiliniň ýoklugy däl kömekçiniň üsti bilen ýasalýar.
Meselem: Biz şu gün türgenleşige barmaly däl.
  1. Işligiň isleg şekili.


▲ Işligiň isleg şekili arzuwy, ahmyr etmegi, ökün- megi aňladýar. Ol düýp işlikleriň yzyna –sady, -sedi goşulmalarynyň goşylmagy bilen ýasalýar.
Meselem: Ertir howa gowy bolsady.
Isleg şekiliniň ýoklugy –ma, -me goşulmalarynyň kömegi bilen ýasalýar.
Meselem: gursady-gurmasady, diýsedi-diýmesedi.

  1. Download 438.92 Kb.

    Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   100




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling