Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet328/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   324   325   326   327   328   329   330   331   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PAHAÝ, üml., ser. Päheý. Pahaý, ejemiň 
aýdýanyna sered-ä! (A. Durdyýew).
PAHNA, at. 1. Owratmagy kyn bolan töňňeleri 
jaýyrmak üçin ulanylýan bir tarapy ýogyn, beýleki 
tarapy inçelip gidýän demir ýa-da agaç bölegi, şine. 
2. Çekijiň, paltanyň sapy gymyldamaz ýaly berklik 
üçin kakylýan bir ujy inçeldilen ýasyja agaç bölegi 
ýa-da demir, şine. Paltanyň sapyna pahna kakmak. 3
Sütüniň üstünden goýulýan agaç ýassyk. 4. Serhet 
ýakasyndaky sürlen ýer. 

Pahna urmak agzalalyk döretmek, närazylyk 
döretmek. 
PAHNALAMA,iş ady. Pahnalamak ýagdaýy. 
PAHNALAMAK, işl. 1. Pahna kakmak, pahna 
kakyp jaýyrmak, ýarmak. 2. Çekijiň, paltanyň sapyna 
pahna, şine urmak, kakmak. 
PAHNALAMAZLYKişl. Pahna kakylmazlyk. 
PAHNALANMAK, işl. Pahna kakylmak, şine 
urulmak. 
PAHNALAŞMAK
işl. 
Pahnalamaga 
kömekleşmek, şine kakyşmak. 
PAHNALATMAK, işl. Pahnalamak işini başga 
birine etdirmek. 
PAHYR [pahy:r], syp. 1. Barly däl, eli ýuka, 
gurpsuz, garyp, pukara. Ol pahyr ýarlykly garypdy 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. Biçäre, görgüli, 
betbagt, ejiz. Hesel pahyr näme etjegini bilmän, 
gyrgyň eline düşen guş ýaly çugutdyryp otyr 
(

Edebiýat we sungat

). 3. Ölen, ýogalan, aradan 
çykan. 

Pahyr bolmak ölmek, ýogalmak, aradan 
çykmak. 
PAHYRLYK [pahy:rlyk], at. 1. Barly dällik, eli 
ýukalyk, gurpsuzlyk, garyplyk. 2. Biçärelik, 
betbagtlyk, ejizlik. 
PAHYR-PUKARA [pahy:r-pukora:], syp.,ser. 
Pahyr

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   324   325   326   327   328   329   330   331   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling