Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÖZLEŞDIRIŞ [ö:zlöşdürüş], iş ady. Özleşdirmek ýagdaýy. ÖZLEŞDIRME
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÖZLEŞDIRMEK
- ÖZLI
- ÖZ-ÖZI
- ÖZSÜZ
- PAÇAK
- PADYMANLYK
- PAGGYLDAMAK
- PAGLAMA
- PAGLAŞMAK
- PAGSA
- PAGŞYLDAMA [pağşyllama], iş ady. Pagşyldamak ýagdaýy. PAGŞYLDAMAK
- PAGŞYLDAMAKLYK
- PAGTA
- Pagta ýaly
ÖZLEŞDIRIŞ [ö:zlöşdürüş], iş ady. Özleşdirmek
ýagdaýy. ÖZLEŞDIRME [ö:zlöşdürmö], iş ady. Özleşdirmek ýagdaýy. Biziň herimiz bir ýazyjynyň eserini okap özleşdirmeli, soňra bolsa biri-birimize gürrüň bermeli edipdik. ÖZLEŞDIRMEK [ö:zlöşdürmök], işl. 1. Bir zady öwrenip, oňat bilmek, doly derejede bilmek; tärini ele almak. Iňlis dilini özleşdirmek okuwçylara agyr düşmeýär. 2. Işläp, bejerip peýdaly etmek, ulanar ýaly etmek, dolanyşyga girizmek, ýaramly etmek. ÖZLEŞDIRMEZLIK [ö:zlöşdürmözlük], iş ady. Özleşdirmek işi amal edilmezlik. ÖZLI [ö:zlü], syp. Kynlyk bilen ýolunýan hamyr. Özli hamyr. ÖZLI-ÖZI [ö:zl(ü)-ö:zü], çal., ser. Öz-özleri. ÖZLÜLIK [ö:zlülük], syp. Özli bolmaklyk, özi barlyk, özsüz dällik, özleşiklilik (hamyr hakynda). ÖZ-ÖZI [ö:z-ö:zü], çal. 1. Diňe özi, bir özi. Onuň öz-özi hiňlenýärdi. 2. Özbaşdak, başga güýjüň täsiri ýetmezden. Öz-özi işlemek. ÖZ-ÖZÜNDEN [ö:z-ö:zünnön], çal. 1. Guradylman basylan bede öz-özünden ot alyp bilýär. 2. Ýöne ýerden, tötänden, duýdansyz. Üstünligiň öz- özünden gelmeýändigi düşnüklidir. ÖZSÜZ [ö:ssüz], syp. Özli däl, özlülik häsiýeti bolmadyk, özi ýok (hamyr hakynda). Özsüz hamyr. ÖZSÜZLIK [ö:ssüzlük], syp. Özli dällik, özlülik häsiýeti bolmazlyk, özi ýokluk. ÖZÜÇE [ö:züçö], hal. Öz pikiri boýunça, öz düşünişine görä, öz çaklamasy boýunça. Oňa her kim özüçe düşünýärdi. ÖZYGTYÝARLY [ö:zyğtyýa:rly], syp. Özbaşdak hereket edýän, garaşsyz, ygtyýary öz elinde bolan. Özygtyýarly döwlet. ÖZYGTYÝARLYLYK [ö:zyğtyýa:rlylyk], at. Özbaşdaklyk, garaşsyzlyk. Türkmen halky özygtyýarlýlygyny we garaşsyzlygyny gorap saklamagy başardy. P P, Türkmen elipbiýiniň ýigriminji harpy. PAÇ [pa:ç], at. Bir ýurda getirilýän ýa-da başga ýurda äkidilýän harytlardan alynýan salgyt, hyraç, gümrük haky. PAÇAK, at. Gawun, garpyz we ş.m. bakja ekinleriniň daşky gaty gabygy. Paçagy gatamadyk terne. PAÇ-HYRAÇ [pa:ç-hyra:ç], at, ser. Paç. PADA [pa:da], at, gepl.d. Sygyr sürüsi. PADYMAN [pa:dyma:n], at. Sygyr çopany. Sygyr bakar padyman, Tüýdük çalar şadyman (Halk 184 döredijiliginden). Padymanyň gyzyna gün ýaşansoň iş geler (Atalar sözi). PADYMANLYK [pa:dyma:nlyk], at. Sygyr çopanynyň, padymanyň käri, ýagdaýy. PAG [pağ], s.ş. aňl.söz. 1. Suwuklygyň birbada zogdurylyp akmagy netijesinde çykýan ses. 2. gepl.d. Şowly, şowuna; işiň ugruna. Dört bolsaň pag-da (Aýtgy). PAGGYLDAMA [pağğyllama], iş ady. Paggyldamak ýagdaýy. PAGGYLDAMAK [pağğyllamak], işl. Suwuklyk paggyldyly ses çykaryp, batly akyp durmak. PAGGYLDAŞMAK [pağğyllaşmak], işl. Birnäçe ýerde paggyldyly ses çykaryp batly akmak. Çeşme- bulaklar paggyldaşyp akyp dur. PAGGYLDATMAK [pağğyllatmak], işl. Suwuklygy birden batly guýmak, akdyrmak, paglatmak. Olar suwy palçygyň üstüne paggyldadyp guýdular. PAGGYLDAÝYŞ [pağğyllaýyş], iş ady. Paggyldamak ýagdaýy. Suwuň paggyldaýyşy. PAGGYLDY [pağğylly], at. Suwuklyk dowamly, batly, çalt akanda çykýan sesiň ady. PAGLAMA [pağlama], iş ady. Paglamak ýagdaýy. PAGLAMAK [pağlamak], işl. Birden batly akmak, guýulmak, dökülmek. Bedredäki süýt paglap gitdi ( Edebiýat we sungat ). PAGLAŞMAK [pağlaşmak], işl. Birbada birnäçe ýerden paglap akmak, dökülmek. PAGLATDYRMAK [pağlatdyrmak], işl. Pagladyp guýdurmak, dökdürmek (suw hakda). PAGLATMAK [pağlatmak], işl. Gapdaky suwy köp möçberde akdyrmak, birden batly akdyrmak, dökmek, guýmak. Onsoň deňziň şor suwuny bedre bilen üstünden pagladyp guýýarlar (S. Annasähedow). PAGSA [pağsa], at. Palçykdan salnan tamlaryň, haýatlaryň beýikligi 60-70 santimetr möçberindäki her aýlawy, gory. Dokuz pagsa gala, üç dört pagsa ýykylan bir gädigi bar eken ( Görogly ). PAGŞYLDAMA [pağşyllama], iş ady. Pagşyldamak ýagdaýy. PAGŞYLDAMAK [pağşyllamak], işl. 1. Bir zat suwa batly urlanda, suw çar tarapa syçrap, pagşyldyly ses çykmak. Ol pagşyldap, suwuň içine düşüpdir ( Türkmen halk ertekileri ). 2. Çym-pytrak bolup döwülmek, bir ýere batly urlup ýa-da degip, bölek- bölek bolmak (çüýşe, aýna, jäjem, küýze gaplar hakynda).Pagşyldap çym-pytrak bolmak. PAGŞYLDAMAKLYK [pağşyllamaklyk], iş ady. Pagşyldamak ýagdaýy. PAGŞYLDAŞMAK [pağşyllaşmak], işl. 1. Birnäçe bolup suwy pagşyldadyp düşmek. Çagalar suwly ýabyň içinde pagşyldaşyp, suwa düşýärdiler. 2.Birnäçe ýerden pagşyldyly ses çykmak (köplenç batly zyňlyp, gaty zada urlup degen aýna, çüýşe hakynda). PAGŞYLDATMAK [pağşyllatmak], işl. 1. Köplenç, eliň, aýagyň bilen suwa batly urup ýa-da oňa başga bir zady degrip, sesli syçratmak. 2. Bir ýere batly urup ýa-da degrip bölek-bölek etmek, kül- uşak etmek. PAGŞYLDY [pağşylly], at. Suwuň güýçli tolkunyndan ýa-da bir zadyň çym-pytrak bolup döwülmeginden, kül-uşak bolmagyndan döreýän ses. PAGTA [pağta], at. 1. Gowaçanyň hasyly, pamyk. Daýhan birleşiginde pagta arassalaýjy, söwda- önümçilik kärhanalary hem halkyň hyzmatynda ( Türkmenistan ). 2. gepl.d. Gowaça. Pagta ekmek. Pagta meýdany. Pagta bilen damagyny çalmak birini sypaýyçylykly, mylaýym, süýji dil bilen öz diýeniňe boýun etmek, razy etmek. Pagta ýaly ýumşak. PAGTABAŞ [pağtavaş], at. Kösükliler maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. PAGTABENT [pağtavent], at. 1. Seçme, gülle deregine däriniň üstünden pagta, keçe, esgi bölekleri dykylan peşeň. Pagtabent atylan ýaly bolmak boş ýaňran ýaly bolmak, güplän ýaly bolmak. Meniňki bolsa pagtabent atylan ýaly gury ses bolýa galyberýär (B. Seýtäkow). PAGTAÇY [pağtaçy], at. Gowaça ösdürip ýetişdirmek bilen meşgul bolýan daýhan, gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça hünärmen. Ýurdumyzyň pagtaçylary ýygymyň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling