PARLAK, syp. Ýalpyldap nuruny saçýan, ýagty
yşyk berýän, parlap duran. Parlak Gün. Parlak
ýyldyz.
PARLAMAK, işl. 1. Ýalpyldap nur saçmak,
ýagty yşyk bermek. Onuň ak ýüzünde balkyldaýan
gara gözleri parlap duran bagt ýyldyzy ýaly duýuldy
(B. Kerbabaýew). 2. Öwşün atyp durmak. Ebedilik ot
şol gahrymanlaryň janly ýadygärligi bolup parlaýar
(
Edebiýat we sungat
). 3. Şemala, ýele galgamak,
pasyrdamak, pasyrdyly seslenmek. 4. Giň gerim
almak, ýaýbaňlanmak, ösmek. Ýurdumyz gün-günden
parlap ösýär.
PARLAŞMAK, işl. 1. Ýalpyldaşyp, nur saçyşyp
durmak, ýagty berşip durmak, öwşün atyşyp durmak.
Gyzyl güller, gülälekler parlaşyp, açylyşyp dur. 2.
Şemalyň, ýeliň ugruna pasyrdaşmak, ses edişmek.
PARLATMAK, işl. 1. Ýalpyldadyp nur
saçdyrmak, ýagty yşyk berdirmek, öwşün atdyrmak.
2. Şemalyň, ýeliň ugruna pasyrdyly seslendirmek.
PAR-PAR, s.ş. aňl.söz. Bir zat parryldan
wagtynda çykýan ses. Onuň par-par hor çekişi
gowagyň içinde ýatanlaryň horruldysyna goşulyp
gidýär (S. Annasähedow).
PARRAN [parra:n], hal. Gös-göni, içinden
böwsüp, deşip (geçme). Maşynyň ýiti çyrasy tümlügi
parran kesip geçýär.
PARRYKLATMAK, işl., ser. Parryldatmak. Ol
tanapyny süýräp, burnuny parrykladyp, ondan-oňa
dazyrdap ýördi (B. Kerbabaýew).
PARRYLDAMA
[parryllama],
iş
ady.
Parryldamak ýagdaýy.
PARRYLDAMAK [parryllamak], işl. Parryldyly
ses etmek, parryldyly ses çykmak. Onsuz-da
daşardan eşidilip duran horruldy has açygrak
parryldady (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |