Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
PARAHATLANMA [para:hatlanma], iş ady.
Parahatlanmak ýagdaýy. PARAHATLANMAK [para:hatlanmak], işl. Rahatlanmak, asuda ýagdaýa geçmek, ynjalmak, rahatlyk tapmak, köşeşmek. Görogly Agaýunusyň bu sözünden soň biraz parahatlandy ( Görogly ). PARAHATLYK [para:hatlyk], at. 1. Uruşsyz, asuda, dawa-jenjelsiz, ylalaşykly ýaşaýyş, parahatçylyk. 2. Ümsümlik, asudalyk, dynçlyk. Mukaddes daragt, bütin töwerek dym-dyrs parahatlykdy (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Rahatlyk, arkaýynlyk. Jar çekilensoň, märekä parahatlyk aralaşdy (H. Garabaýew). PARAHOR [pa:raho:r], syp. Para alýan (adam). PARAHORLYK [pa:raho:rluk], at. Kanun tarapyndan jenaýat jogapkärçiligine çekilýän para almak hereketi (ser. Para 1.); para almak bilen meşgullanmak gylygy, parahor bolmaklyk, para almaklyk. PARALAMA [pa:ralama], iş ady. Paralamak ýagdaýy. PARALAMAK [pa:ralamak], işl. 1. Bölek-bölek etmek, tike-tike etmek. Öldür meni hanjar birle paralap ( Melike – Dilaram ). Magtymguly, ilden-ile aralar, Hijran tygy bilen bagrym paralar (Magtymguly). Döşüni paralap duşman güllesi, Watan howp astynda durýan pillesi, Merdem bol, ene jan, bes et ahy ňy, Men halkyň perzendi, düsün ahyry (G. Ezizow). Janyny paralamak janygyp aýtmak, janyndan syzdyrmak, tüýs ýürekden aýtmak. Ejegül janyny paralap aýtdy (A. Durdyýew). PARALAMAKLYK [pa:ralamaklyk], iş ady. Paralamak ýagdaýy. PARALANMAK [pa:ralanmak], işl., ser. Bölek- bölek bolmak. Dert baryny çeken agyryly ýürek, ýene paralandy öňküden beter (A. Kekilow). PARALATMAK [pa:ralatmak], işl., ser. Bölek- bölek etdirmek, parçalatmak. PARALAÝYŞ [pa:ralaýyş], iş ady. Paralamak ýagdaýy. PARALLEL [paralle:l], at. 1. geom. Şol bir tekizlikde ýatan we biri-biri bilen hiç haçan kesişmeýän göni çyzyklaryň her haýsysy. Seniň ýoluň / ýolumyza parallel! Paralleller kesişmeýär hiç haçan (G. Ezizow). Parallel çyzyklar. 2. geogr. Ýer togalagynyň üstüniň ekwatora parallel bolan tekizlik bilen kesişme çyzygy (bir parallelde ýatan nokatlaryň hemmesi meňzeş geografik giňişlige degişlidir). PARAMA [pa:rama], iş ady. Paramak ýagdaýy. PARAMAK [pa:ramak], işl. Düýtmek. Saňa paran zat bolarmyka? Aýagy edil aranly ýaly, oňa köwüş paran däldir. PARAMAZLYK [pa:ramazlyk], iş ady. Çydamazlyk, düýtmezlik. Saňa-da eşik paranok. PARA-PARA [pa:ra-pa:ra], hal. Birnäçe bölek, bölek-bölek; kesim-kesim. Gara-gara bulutlar, 189 Para-para bolupdyr (G.Ezizow). PARA-PEŞGEŞ [pa:ra-peşğeş], at, ser. Para I,1. PARASAT [parasa:t], at. Aň düşünje, pähim- paýhas, akyl. Parasat kyl bakyp akla, Goç ýigidiň sözün hakla (Magtymguly). PARASATLY [parasa:tly], syp. Aňrybaş derejede paýhasly, akylly, giň düşünjeli, pähimli, bilimli we tejribeli. Aýak däl-de, parasatly baş bilen Ýeňse ogul – gözüň rahat ýumup git (K.Gurbannepesow). PARASATLYLYK [parasa:tlylyk], at. Parasatly bolmaklyk, sagdyn düşünjelilik, akyllylyk, paýhaslylyk, pähimlilik. Her bir zatda parasatlylyk gerek. PARAWUZ, at. Don, çäkmen, içmek ýaly eşikleriň daş ýa-da iç ýakasyna, gyrasyna, etegine owadanlyk üçin tutulýan insizje donluk ýa-da çepbetow mata. Içmege parawuz tutmak. PARAWUZLAMA [parowuzlomo], iş ady. Parawuzlamak ýagdaýy. PARAWUZLAMAK [parowuzlomok], işl. Käbir daşky eşiklere parawuz tutmak. Içmegi parawuzlamak. PARAWUZLANMAK [parowuzlonmok], işl. Käbir daşky eşikleriň gyrasyna parawuz tutulmak. Märekäniň bir tarapynda gyrasy parawuzlanan bagana içmegi egnine ýasgynjak alan, gysga boýly, emma gapak ýaly ýasy döşli, agras gara ýüz, gür sakgally bir adam durdy (A. Gowşudow). PARAWUZLAŞMAK [parowuzloşmok], işl. 1. Parawuzlamaga kömekleşmek. Gyzy ejesine çäkmen parawuzlaşdy. 2. Birnäçe bolup bilelikde parawuzlamak (parawuzla- ýasama işligine hal işliginiň -yp goşulmasy goşulandan soň otur- kömekçi işligi getirilip ulanylýar). Eneli gyz bazara çykarylmaly çäkmenleri parawuzlaşyp otyrdy. PARAWUZLATMAK [parowuzlotmok], işl. Parawuzlamak işini başga birine etdirmek. Ýaşuly tiken içmegini gyzyna parawuzlatdy. PARAWUZLAÝYŞ [parowuzloýuş], iş ady. Parawuzlamak ýagdaýy. PARAWUZLYK [parowuzluk], syp. Parawuz etmek üçin niýetlenen, parawuz eder ýaly (donluk mata, çepbetow mata). PARAÝYŞ [pa:raýyş], iş ady. Paramak ýagdaýy. PARÇ: parç bolmak boý alyp ösmek, pajarlap ösmek. Parç gülli al-ýaşyl, gök öwüsýän ösümlik şekili çekilen gülli (mata hakynda). PARÇA I, at. 1. Bitewi zatdan kesilip ýa-da bölünip alnan bölek, bitin, tutuş zadyň bölegi. Durdy çopan sürä baryp, ozaldan et üçin niýetlenip ýörlen goýunlardan birini tutup soýupdyr we möjekler bilen dişleşen itleriň her haýsyna bir parça guýruk beripdir (A. Gowşudow). 2. Gyza dakylýan at. PARÇA II, at. Owadan gülli ýüpek mata. Parça geýse, gyz-oglana syn bolar (Magtymguly). Sandyklaryň ýüpek parçadan doly (K. Gurbannepesow). PARÇALAMA, iş ady. Parçalamak ýagdaýy. PARÇALAMAK, işl. 1. Böleklere bölmek, bölek-bölek etmek, tike-tike etmek, böleklemek. Tenimi parçalan ol gara penjäň / Eýesi / Kimdigin bilebilmändim. Ortasynda gök pürçükli ýorunjaň Ýüzin ýazlyp, gaýdyp galabilmändim (K.Gurbannepesow). Ýabany doňuzlar bişip ugran gawunlarymyzy parçalap çykypdyr. 2. Çapawullyk edip gyrmak, öldürmek. PARÇALAMAKLYK, iş ady. Parçalamak ýagdaýy. PARÇALANMAK, işl. 1. Bölek-bölek edilmek, tike-tike edilmek, böleklenmek. 2. Öldürilmek, gyrylmak. PARÇALAŞDYRMAK, işl. Bir ýanyndan parçalap çykmak. PARÇALAŞMAK, işl. 1. Parça-parça, bölek- bölek, tike-tike edişmek, bölekleşmek. PARÇALATMAK, işl. Parçalamaga mejbur etmek; parçalamaga ýol bermek, parçalamaga mümkinçilik döretmek. PARÇA-PARÇA, syp. Bölek-bölek, tike-tike. Ýapraklaryň parça-parça, Ygşyldaşar ak jöwenim (M. Garryýew). PARH [paryh], at. Iki zadyň arasyndaky tapawut, meňzeş dällik, hil, sypat, görnüş we ş.m. taýdan üýtgeşiklik, tapawutly alamat. Parh etmezlik tapawutlanmazlyk. Bu ýolda parh etmez begler, soltanlar, Ýa gaýyplar – dogry ýola eltenler (Magtymguly). Parhyna dällik azaryna dällik, piňine dällik, gaýgysy dällik. Onuň hiç zat parhyna däldi. PARHLANDYRMAK [paryhlannyrmak], işl. Hil taýdan tapawutlandyrmak, parhyny, üýtgeşik alamatyny, meňzeş däl ýerini anyklamak, parh goýmak. PARHLANMAK [paryhlanmak], işl. Hil taýdan tapawutlanmak, parh etmek. PARHLANMAZLYK [paryhlanmazlyk], iş ady. Parh etmezlik, tapawut etmezlik. PARHLY [paryhly], syp. 1. Hil, baha, agram we ş.m. taýdan parhy bolan, tapawutly. 2. Akyl, pähim, gylyk we ş.m. taýdan tapawutly, paýhasly, pähimli; artykmaç, geçirimli. Özüň parhly bolup, günäsini geçäýmeli ekeniň-dä. PARHLYLYK [paryhlylyk], at.1. Biri-birinden parhy, tapawudy barlyk (zat hakynda). 2. Akyl, pähim, gylyk we ş.m. taýdan tapawutlylyk; geçirimlilik. Güljahan onuň näme diýjek bolýandygyna dodagy gymyldanda düşünse hem parhlylyk edip dymdy (N. Pomma). PARHSYZ [paryhsyz], syp. 1. Tapawutsyz. 2. Perwaýsyz, biperwaý. Melike töweregine parhsyz göz gezdirdi (G. Kulyýew). PARHSYZLYK [paryhsyzlyk], at. 1. Parhy ýokluk, tapawutsyzlyk. 2. Perwaýsyzlyk, biperwaýlyk. Ol sowuk-salalygy, parhsyzlygy halanok ( Edebiýat we sungat ). PARK I, at. 1. Dürli güller, agaçlar ekilen hem-de dynç alar, gezelenç eder ýaly seýil bagy. 190 PARK II, s.ş.aňl.söz. Bir zat parkyldanda çykýan ses. PARK-PARK, s.ş.aňl.söz. Yzly-yzyna çykýan parkyldyly sesler. Kimisi işikde eli paltaly park-park edip, odun aýyrýardy (A. Durdyýew). PARKET [parke:t], at. Ýörite ýasalan kiçijik berk tagta bölejiklerinden gurnalyp ýa-da ýelmenip nagyş görnüşli edilip düşelen pol. PARKYLDAMA [parkyllama], iş ady. Parkyldamak ýagdaýy. PARKYLDAMAK [parkyllamak], işl. 1. Parkyldyly ses çykmak, parkyldyly seslenmek. 2. Atylyp gitmek, ýarylmak. PARKYLDAMAKLYK [parkyllamaklyk], iş ady. Parkyldamak ýagdaýy. PARKYLDAŞMAK [parkyllaşmak], işl. Yzly- yzyna parkyldyly ses çykaryp ýarylmak. Daňdanlar ter waharmanlar parkyldaşýardylar. PARKYLDATMAK [parkyllatmak], işl. 1. Parkyldyly ses çykartmak, parkyldyly ses etdirmek. 2. Atyp goýbermek, ýarmak. Ol elindäki şarlaryny yzly-yzyna parkyldatdy. PARKYLDAÝYŞ [parkyllaýyş], iş ady. Parkyldamak ýagdaýy. PARKYLDY [parkylly], at. Bir zadyň (köplenç, çüýşäniň, çyra çüýşesiniň, bulguryň) birbada ýarylmagyndan, döwülmeginden we ş.m. döreýän zarply sesiň ady. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling