Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet335/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   331   332   333   334   335   336   337   338   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PARRYLDAŞMAK 
[parryllaşmak], 
işl. 
Köpçülik bolup, parryldyly ses çykaryşmak. 
PARRYLDATMAK 
[parryllatmak], 
işl. 
Parryldyly ses çykarmak, parryldyly seslenmek. 
PARRYLDY [parrylly], at. Burnuňdan batly 
dem alyp, dem çykarylanda, burun boşlugynda 
döreýän sesiň ady. Atlaryň burunlarynyň parryldysy 
eşidildi. 
PARS [pa:rs], at, ser. Parslar
PARSAH, at, k.d. 6,5-7,5 kilometre barabar 
uzynlyk ölçeg birligi. Leýli ýoly maňa müň parsah 
erdi, Hak munça müşgilim asan eýledi (

Leýli – 
Mejnun

). 
PARSLAR [pa:rslar], at. Eýranyň esasy ilaty. 
PARSY [pa:rsy], syp. Parsça. Baý-baý, onuň 
parlaýşyny, Parsy bilen sözläýşini (Tapmaçanyň 
manysy: dutar
PARSYLAMAK [pa:rsylamak], işl., gepl.d. 1
Pars dilinde geplemek, parsça, parsy geplemek. 
Perman gaýtadan:– Benişin!– diýip, parsylady (G. 
Kulyýew). 2. göç.m. Düşnüksiz dilde geplemek. Ýeri, 
parsylan kişi bolup, diliňi aýnatma-da, gönülesene! 
(B. Kerbabaýew).
PARSYLATMAK [pa:rsylatmak], işl., gepl.d. 
Başga birini parsça gürletmek, gepletmek. 
PARSYLDAMAK [parsyllamak], işl. Parsyldap 
ýarylmak, parsyldyly seslenmek. 
PARSYLDAŞMAK [parsyllaşmak], işl. Pars-
pars edip, yzly-yzyna ýarylmak. 
PARSYLDATMAK 
[parsyllatmak], 
işl. 
Parsyldyly ses çykarmak, parsyldyly ses etmek. 
PARSYLDY [parsylly], at. Ýel berlen zat birden 
ýarylanda döreýän sesiň ady. 
PARTA, at. Oturgyjy bilen birleşdirilen üsti 
ýapgyt mekdep stoly. Synp otagynda ýigrimi parta 
goýlupdyr. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   331   332   333   334   335   336   337   338   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling