Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet337/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   333   334   335   336   337   338   339   340   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PASLY-BAHAR, at. Bahar aýlary, ýaz wagty, 
bahar wagty. 
PASMANDA [pasmanna], syp., gepl.d.Hiç işi 
başarmaýan, emelsiz. Özüm pasmanda bolsam-da
göwnüm asmanda (Aýtgy). 
PASPORT [pa:sport], at. 1. Eýesiniň şahsyýetini 
we raýatlygyny tassyklaýan resminama. 2. Maşynyň, 
hojalyk abzallarynyň, gurallarynyň hasaba alyş 
resminamasy. 
PASYBAN [pa:syva:n], at, kön.s.Garawul, sakçy. 
Işigiňde gije-gündiz pasyban oldum ýene (Şah 
Ysmaýyl). 
PASYK [pa:syk], syp. Bozuk, ýaramaz (adam 
hakynda). 
PASYL, at. 1. Ýylyň ýaz, tomus, güýz we gyş 
möwsümleriniň birini öz içine alýan, üç aýdan ybarat 
bolan wagt, döwür. Gyş pasly sähra merdanlary üçin 
has jogapkärli möwsüm (

Türkmenistan

). 2. Belli 
bir wagt aralygyny öz içine alýan wagt, salym, 
mütdet. Baharda açylan reňbe-reň güller, Bir pasyl 
açylar, ýaza myhmandyr (Magtymguly). 
PASYLLAÝYN, hal. Her bir pasylda bolup 
geçýän, pasylma-pasyl bolup durýan, paslyň 
dowamynda ýerine ýetirilýän.Pasyllaýyn iş.  
PASYRDAMAiş ady. Pasyrdamak ýagdaýy. 
PASYRDAMAK, işl. 1. Ganat kakmak, ganat 
kakyp uçmak (guş hakynda). Symrug bolsa pasyrdap, 
asmana galýar (

Türkmen halk ertekileri

). 2. Ýeliň, 
şemalyň ugruna galgap, pasyrdyly ses emele gelmek, 
seslenmek (baýdak we ş.m. hakynda).
PASYRDAMAKLYK, iş ady. Pasyrdamak 
ýagdaýy. 
PASYRDAŞMAK
işl. 
Köpçülikleýin 
pasyrdamak, birnäçesi bilelikde pasyrdamak. Guşlar 
pasyrdaşyp uçup gitdiler. Jaýlaryň depesindäki 
baýdaklar şemala pasyrdaşýardy

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   333   334   335   336   337   338   339   340   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling