Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet340/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   336   337   338   339   340   341   342   343   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

bermek. Patasyny almak uruşda, uzak bir ýerde 
ölen adama merhuma edilýän sadakany etmek. Ak 
pata bermek ser. Ak. Ol kişi Bilbile ak pata berdi 
(

Gül – Bilbil

). 
PATAÇY [pa:ta:çy] at. Öleniň öýüne pata barýan 
adam. 
PATALLAK, at. Burnuň aşagyndaky çukurjyk. 

Ady ýok

diýip, başdan sowma edýänlere burnuň 
aşagyndaky çukurjyga patallak, aşaky dodagyňdaka 
bolsa tibit diýilýändigini ýatladasymyz gelýär 
(

Watan

). 
PATANAKLAMA
iş 
ady. 
Patanaklamak 
ýagdaýy. 
PATANAKLAMAK, işl. 1. Iki öň aýaklarynyň 
hersini bir ýere basyp gitmek, patyrdyklamak (düýe 
hakynda). 2. gepl.d. Aýagaldygyna atan-satan bolup 
ylgamak, ýüwürmek. 
PATANAKLAŞMAK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
patanaklamak. Köşekler patanaklaşyp gitdiler. 
PATARRAKY, at. Biderek, ugursyz samyrdy, 
boş, ugursyz gürrüň. Gylyç hem agzyna gelen 
patarrakysyny urýar (A. Gowşudow). Şaýadyň 
patarraka uranyny aňlan sülçi gürrüňi başga ýana 
sowdy (B. Kerbabaýew). 
PATDA: patda kakmak duýduryş, yşarat üçin 
duýdansyz patladyp urmak. Ýoldan geçip barýanyň 
biri Begenjiň egnine patda kakdy (B. Kerbabaýew). 
PATDYK-PUTDUK: patdyk-putduk etmek 1
aýaklaryny çaýşyk basyp ýöremek, zordan ýöremek. 
Bilmedim, enesin saldymy ýada, Patdyk-putduk edip, 
ýene şol bada, Gapyny nazarlap öňe süründi (A. 
Kekilow). 2) zordan, çala (okamak, geplemek 
hakynda). Dili çolaşyp, patdyk-putduk geplänine 
özem düşünmedi (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   336   337   338   339   340   341   342   343   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling