Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PELTEK, syp. Käbir sesi dogry aýdyp bilmeýän.  Ogrudan baý bolmaz, peltekden – bagşy (Baýly  şahyr).  PELTEKLEME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet348/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   344   345   346   347   348   349   350   351   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PELTEKsyp. Käbir sesi dogry aýdyp bilmeýän. 
Ogrudan baý bolmaz, peltekden – bagşy (Baýly 
şahyr). 
PELTEKLEMEiş ady. Pelteklemek ýagdaýy. 
PELTEKLEMEK, işl. Käbir sesleri nädogry 
aýdyp geplemek, bolşundan üýtgedip aýtmak. Çary 
hem zol-zol Aşyryň sözlerini gaýtalap, peltekledi 
durdy (

Edebiýat we sungat

). 
PELTEKLEMEKLIK, iş ady. Pelteklemek 
ýagdaýy. 
PELTEKLEŞMEK
işl. 
Birnäçe 
bolup 
pelteklemek. 
PELTEKLETMEKişl. Güýçli ruhy ýa-da başga 
täsir netijesinde diliňi pelteklemek derejesine 
ýetirmek. Ol dilini peltekledip, sakynyp gepledi (G. 
Kulyýew).
PELTEKLEÝIŞiş ady. Pelteklemek ýagdaýy. 
PELTEKLIKat. Peltek bolmaklyk, käbir sesleri 
dogry aýdyp bilmezlik, peltegiň ýagdaýy. 
PELTELIsyp. 1.Pelte arkaly ýanýan, peltesi bar 
bolan. Sona çaý-nahar taýynlamak bilen boldy, pelteli 
çyrany otlady (G. Ezizow). 2. Peltäniň kömegi bilen 
atylýan, göçýän (tüpeň hakynda). Pelteli tüpeň. 
PENA [pena:], at. 1. Bir zatdan goranar ýaly ýer, 
buky. 2göç.m. Hossar, arka, daýanç, arkadag. Dogan 
dogana penadyr (

Görogly

). Iki söýgülä ýagşylyk 
edip, pena beren ol goňşy indi ýokdy (A. Gowşudow). 
3. Bir zadyň öňüne tutulýan gorag, taşa, padar. Ol 
(sazak) howa bulaşanda, mallar üçin pena bolýar, 
çopanlara ýakmaga ýaraýar (

Edebiýat we sungat

). 
4. Oglana dakylýan at. 
PENAKÄR [pena:kä:r], at. Pena bolýan, goldaw 
edýän, gorag edýän. Olar aýdym mirasynda, Wasp 
edermiş penakäri (M. Seýidow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   344   345   346   347   348   349   350   351   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling