Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PENJELEŞMEK, işl. Biri-birine penje urmak,  biri-birine penje salmak.  PENJELETMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet350/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   346   347   348   349   350   351   352   353   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PENJELEŞMEK, işl. Biri-birine penje urmak, 
biri-birine penje salmak. 
PENJELETMEK, 
işl. 
1
Penje 
bilen 
gysymlatmak, tutdurmak. 2. Penje urdurmak, 
ýapyşdyrmak, ýolmalatmak. 
PENJE-PENJE, at. Birnäçe penje, birnäçe 
bölekden ybarat, topbak-topbak. Oglanjyk gölejige 
penje-penje ýorunja berdi. 
PENJIRE, at. 1. Äpişge. Otagyň penjiresi. 2
Pelteli çyranyň bokurdagyndaky çyra çüýşesini 
saklaýan deşik-deşik tegelek demir. Ol çyra nebit 
guýdy, penjiresini arassalap, çüýşe oturtdy. 
PENSIONER [pensiýone:r], at. Pensiýa alýan 
adam.  


197 
PENSIÝA [pe:nsiýa], at. Garrylyk, maýyplyk we 
ş.m. boýunça maddy taýdan üpjün etmek üçin 
tölenýän yzygiderli pul tölegi. Beýik Watançylyk 
urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň 
we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň 
aýda iň ýokary möçberini 638 manat möçberinde 
bellemeli (

Türkmenistan

). 
PENŞENBE [penşemme], at. Hepdäniň dördünji 
gününiň ady.  
PENTat. Birine berilýän nesihat, öwüt, tabşyryk, 
edilýän wesýet. Sözleri pent bolup galdy tillerde… 
(Magtymguly). 

Pent almak berilýän pendi kabul etmek, berjaý 
etmek. Söz sorana diýrem aklym ýetenden, Pent 
alana biýrin zehnim tutandan, Tä ölinçä aýyrmasyn 
watandan Hiç bir bendesini huda, Seýidi! (Zelili). 
Atanyň pendini alan goç ogul… (K.Gurbannepesow). 
Pent bermek, 1) nesihat etmek, wesýet etmek, öwüt 
bermek. Gapynyň agzynda ak saçly ene, Pent berip 
otyrdy perzentlerine: «Eýläk pyrlansaň – Başyň 
aýlanar, 
Beýläk 
pyrlansaň 
– Düzeler ýene 
(K.Gurbannepesow). 2) kimdir birine ejir çekdirmek, 
horlamak. Pent berýän oguldan özi saklasyn. Pent 
tutmak berilýän pendi ýatdan çykarman berjaý 
etmek. Onuň özi seýle-de etdi, meniň muňa 
näderejede hötde gelip bilendigimi bilemok, ýöne su 
pendi 
tutmaga 
yhlas 
edýärin 
(Ahmet 
Gurbannepesow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   346   347   348   349   350   351   352   353   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling