Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- Bir perdeden gopmak
- PERDELEMEKLIK
- PERDELEŞDIRMEK
- PERDELI
- PERGANAT
- PERIK
- Perişde ýaly
PER I, at. 1. Guşlaryň uly ýeleginiň aşagyndan
ösýän näzik ýelejik. 2. gepl.d. Ýelek, ganat. PER II, at. Suw degirmenini, gämileri we uçarlary herekete getirýän çarh şekilli enjam. PER III: per bermezlik boýun egmezlik, guýruk tutdurmazlyk, eýgertmezlik. Men size per bermerin. PERDE I, at. 1. Sahnanyň öňüne tutulýan uly tuty. Sahnanyň öňüni baglap duran perde-de syryldy (T. Taganow). 2. Gapa, penjirä tutulýan tuty (bu manyda seýrek ulanylýar). 3. Drama eseriniň bir bölegi, bölümi. Dört perdeli komediýa. 3. anat. Örtük, ýuka gabyk, gaýganak. Gulak perdesi. Öýken perdesi. 4. göç.m. Gelin-gyzlaryň ýuka matadan ýüzüne tutýan örtgüsi, nykap. Bir zaman perdäňi syrsaň ýüzüňden, Ak ýüzüňde hally juwan islärin ( Görogly ). 5. Tuwak. 6. Gyza dakylýan at. PERDE II, at, sazç. Kirişli saz gurallarynyň sapynyň sim bilen boglup goýulýan ýeri. Baş perde. Nowaýy perdesi. Ýokarky perde. Bäş perde. Aşaky açyk (orta) perde. Şirwan perdesi. Bir perdeden gopmak umumy dil tapmak, ylalaşmak. PERDELEME, iş ady. Perdelemek ýagdaýy. PERDELEMEK I, işl. 1.Tuty tutmak, perde tutmak. Aýnalary perdelemek. 2. Nykap çekmek, örtgi örtmek. 3. göç.m. Ýaşyrmak, gizlemek, üstüni basyrmak. PERDELEMEK II, işl., sazç. Kirişli saz gurallarynyň sapyna perde etmek. Dutary perdelemek. PERDELEMEKLIK, iş ady. Perdelemek ýagdaýy. PERDELEMEZLIK, işl. Perde tutmazlyk; ýaşyrmazlyk. PERDELENMEK I, işl. 1. Tuty tutulmak, perde tutulmak. 2. göç.m. Ýüzi örtülmek, üsti basyrylmak, gizlenmek, ýaşyrylmak. PERDELENMEK II, işl., sazç. Kirişli saz gurallarynyň sapyna perde edilmek.Perdelenip goýlan dutarlar. PERDELEŞDIRMEK, işl. Birnäçe aýna, gapa perde tutup çykmak, tuty tutuşdyrmak. Aýnalary perdeleşdirmek. PERDELEŞMEK,işl. Perde, tuty tutmaga kömekleşmek. PERDELETMEK I, işl. Perdelemek işini başga birine etdirmek; perdelemäge ýol bermek; perdelemäge mejbur etmek. PERDELETMEK II, işl. Kimdir birine dutar we ş.m. saz gurallarynyň sapyna perde goýdurmak. Dutary perdeletmek. PERDELI, syp. 1. Tuty tutulan; perde asylan, perde gerlen. Perdeli penjire. 2. teatr. (Bir ýa birnäçe) bölümden durýan, bölümden ybarat. Üç perdeli drama. 3. Ýüzi nykap bilen örtülen, ýapylan. 4. Tuwakly. 5. Adama dakylýan at. Ýüzi perdeli 1) özüniň hakykat ýüzünde erbet adamdygyny gizläp saklaýan (adam hakynda). 2) utançly, haýaly, sypaýy. PERDELIK, syp. Tutulyk, tuty etmek üçin, tuta niýetlenen. Perdelik mata. PERDIWAL [perdi:wa:l], at. Tama pürs atylandan soňra goýulýan ýarym gor. PERENJE, at, ser. Bürenjek. Başy göwşüldän perenjeli, egni sowsany köýnekli çal saç bir aýaldy (B. Kerbabaýew). PEREŇ, at. Pyçagyň bir görnüşi. PERGANAT [perğa:nat], at, ser. Dikuçar. Dikuçara peri ganatyň hyzmatyny ýerine ýetiýändigi üçin perganat diýýänler hem bar. PERI, at. 1.Ertekilerde, hyýaly eserlerde: owadan gyz. Bilgiçler: – Eý köşegim, bu bag perileriň bagydyr – diýdiler ( Saýatly – Hemra ). 2. göç.m. Gözel, owadan. PERIK, at. 1. Daşyna keleplenen ýüplük geýdirilip çözlenýän ýa-da ýumaga, tütä saralan sapaklar kelep edilýän tara guraly. 2. Suw degirmeniniň çarhy. Indi negada bir gün diýäýmeseň perigiňem, suwuňam sesi eşidilenokdy (R. Gelenow). PERI-PEÝKER, at. Peri keşpli, peri surat. Ol peri-peýker sypatly ýary gördüm, şondadyr (Magtymguly). PERIŞAN [peri:şa:n], syp. 1. Gamgyn; erbet, ýaramaz. Köňlüm perişandyr, sähwim derazdyr (Magtymguly). Altynyň halynyň perişan bolup oturanyny aňlaýanlar bardy (N. Saryhanow). Aýdyp otur, neçün halyň perişan? (G. Ezizow). 2. Dagynyk, bulaşyk, tertipsiz. Onuň perişan saçlary eginlerine dökülipdir ( Edebiýat we sungat ). PERIŞANLYK [peri:şa:nlyk], at. Perişan halda bolmaklyk. Ýüzümiň perişanlygy we onuň geljegi meni köp närahat edýär (A. Gowşudow). 198 PERIŞDE [peri:şde], at. Dini düşünjä görä hudaý tarapyndan ýaradylan we asmanda ýaşaýan juda görmegeý hem-de gowy häsiýetli melek. Olar: – Sen ynsmysyň, jynsmysyň, almyň ýa-da perişdemiň? – diýip soradylar ( Türkmen halk ertekileri ). Perişde ýaly arassa, päkize, päk. Perişde ýaly garry. Peýdasyz perişde her näçe gowy hem bolsa, başga kişä peýdasy degmeýän, haýry ýetmeýän adam. Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy (Atalar sozi). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling