Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet354/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   350   351   352   353   354   355   356   357   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PERÝAT [perýa:t], at. 1. Ýangynly, gynançly 
agy, dady-perýat, ahy-nala. – Bilbil, ýagty jahany 
görse, bir perýat urar – diýdi (

Hüýrlukga – 
Hemra

). 2. Arz, nalyş. Ol perizat perýadymy 
aňmazmy? (G. Muhtarow). 

Perýat kylmak kömek sorap perýat etmek, dat 
etmek.
PERZENT, at. Çaga, zürýat. Dogan doganyň 
daşy, Perzent ýüregiň başy (Nakyl). Perzent perzent 
bolar, ata-da ata (G. Ezizow). 
PERZENTLIK, at. Perzende degişli, perzende 
laýyk. Perzentlik borjumy berjaý etmesem bolmaz.
PERZENTSIZ [perzenssiz], syp. Perzendi ýok, 
perzendi bolmadyk. Perzentsiz adam. 
PERZENTSIZLIK [perzenssizlik],at.Perzentsiz 
ýagdaýda 
bolmaklyk,çagasyzlyk, 
zürýatsyzlyk. 
Perzentsizlik zaryn çekdim (

Görogly

). 
PERZI, at. Küşt oýnunda mallaryň iň güýçlüsi, 
şadan soňky ikinji esasy mal. Uly malyndan-da ikisini 
gideripdi, hatda perzisiniň-de göçeri azalýardy (B. 
Kerbabaýew). 
PES, 1. syp. Boýy ýeterlik derejededen gysga, 
kelte. Selim şyh pes boýlurak gaty gujurly adam (Ç. 
Aşyrow). 2. Çöket ýer, oý. Pis pisi tapar, suw – pesi 
(Nakyl). 3. Kanagatlanarly däl, ortadan aşak, orta 
derejä ýetmedik, bellenen hilden ýaramaz, bellenen 
möçberden kem, az. Gelin, onyň dogry welin, meniň 
beýleki halylarym hiç bir halydan pes däldir (A. 
Gowşudow). 4. Adamkärçilik, gylyk-häsiýet taýdan 
ýaramaz. Ol pes adam eken

Pese düşürmek peseltmek. Sen öz dostlaryň 
öňünde abraýyňy nähili pese düşüripsiň (B. 
Pürliýew). Pese gaçmak (düşmek) öňki derejesinden 
peselmek, aşak düşmek. Dünýä biržasynda gyzylyň 
bahasy pese gaçypdyr. Pes göwünli özüni kiçi tutýan, 
sada, pes pälli. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   350   351   352   353   354   355   356   357   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling