PEŞENE, at. Görk-görmek, owadanlyk, gelşik,
syrat, sypat.
PEŞENELI, syp. Ýüz keşbi gelşikli, owadan,
görmegeý, syratly. Şol wagt köpçüligiň içinden
peşeneli bir ýaşuly saýlanyp orta çykýar (G. Ezizow).
PEŞENELILIK,
at.
Peşeneli
görnüşde
bolmaklyk, görmegeýlik, syratlylyk.
PEŞEŇ, at. Düýbündäki deşijegine mis
oturdylýan we içine däri, seçme, gülle salynýan
demirden ýa-da gaty kagyzdan edilen turbajyk şekilli
partladyjy guty, gap.
PEŞEŞDIRMEK, işl. Köp ýeri peşäp çykmak.
PEŞEŞMEK, işl. Bilelikde yzly-yzyna peşäp
durmak.
PEŞETMEK,işl. Öň aýaklary bilen ýeri
dördürmek,
dörjeletmek,
oýdurmak,
peşäp
durmagyna ýol bermek, peşemeginiň öňüni almazlyk.
PEŞEW [peşöw], at. Böwrek üsti bilen bölünip,
siýdiklik arkaly çykýan suwuklyk; siýdik.
Peşew etmek buşukmak, siýmek.
PEŞEWHALTA
[peşöwhalta],
at.
Siýdik
ýygnanýan beden agzasy, siýdikhalta.
200
PEŞGEŞ [peşğeş], at. Sylag, sowgat hökmünde
mugt berilýän zat.
PEŞMEK, at. Düýbi inçe, ýokarsy gaba, telpekläp
ösýän ýabany ot we onuň guran görnuşi.
Peşmek ýaly 1) ýeňil; 2) gabarasyna görä
agramy ýok.
PEŞŞAP [peşşa:p], at, taryh. Şalaryň, hanlaryň
saklaýan gullukçy hyzmatkäri, ýasawul. Sen bu ýerde
kän durma, biziň peşşaplarymyz seni görseler,
öldürerler (
Görogly
).
PEŞŞERILMEK, işl. Pezzerişmek, hüžžerişmek.
PEŞŞERMEK,
işl.
Pezzermek,
çişmek,
hüžžermek.
Do'stlaringiz bilan baham: |