Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PERWANA [perwa:na], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet353/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   349   350   351   352   353   354   355   356   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PERWANA [perwa:na], at. 1. Kebelek. Senem 
bilen aýralygyň oduna, Perwana dek ýana-ýana 
gelemen (

Şasenem – Garyp

). 2. Gyza dakylýan at. 

Perwana bolmak biriniň yşkyna düşmek, biri 
diýip ýanyp köýmek, däli-diwana bolmak, daşynda 
kebelek bolmak. Perwana dek (ýaly) pyrlanmak 
gowy görünjek bolup, daşynda kebelek bolup 
aýlanmak. Ol seniň daşyňda perwana dek pyrlanýar 
(

Edebiýat we sungat

). 
PERWAÝ [perwa:ý], at, kön.s. Alada, gorky, 
gaýgy, azar, ünji.  

Perwaýyna däl azaryna däl, piňine däl. Ol 
seretdimi, seretmedi, Amanlynyň perwaýyna däl (N. 
Pomma). 
PERWAÝSYZ [perwa:ýsyz], syp. Hiç bir zadyň 
pikirini etmeýän, bolup duran zatlara üns bermeýän, 
biperwaý. Ol hiç diýdi-de, perwaýsyz jogap berdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
PERWAÝSYZLYK 
[perwa:ýsyzlyk], 
at. 
Perwaýsyz bolmaklyk, biperwaýlyk. Perwaýsyzlyk 
etmek.
PERWAZ [perwa:z], at. 1. Jaý basyrylanda 
pürsleriň üstünden goýulýan gysgajyk tagta(lar). 2
Agajyň 
ýapraklarynyň 
şygyrdysy, 
guşuň 
ganatlarynyň hereketi netijesinde döreýän ses. Bilbil 
perwaz eder gunça güllerde (

Saýatly – Hemra

). 

Perwaz eýlemek uçmak, ganat kakmak.
Perwaz eýläp, seýran etdim dünýäni (Magtymguly). 
Perwaz urmak (bolmak) uçganaklap, daşyndan 
aýrylmazlyk, oda-köze düşmek, biriniň göwnüni 
awlajak bolmak, kökenek bolmak, perwazlamak. 
Perwaz urup kän aýlandym daşynda (A. Salyh). 
PERWAZLAMAK [perwa:zlamak], işl., gepl.d. 
Aýrylyp bilmän, biriniň daşynda aýlanmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   349   350   351   352   353   354   355   356   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling