Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PESELIŞMEK, işl. Kem-kemden peselmek,  dura-bara peselmek, az-kem peselmek, birneme  peselmek (peselmek işliginiň 1-5


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet355/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   351   352   353   354   355   356   357   358   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PESELIŞMEK, işl. Kem-kemden peselmek
dura-bara peselmek, az-kem peselmek, birneme 
peselmek (peselmek işliginiň 1-5 manylary boýunça). 
PESELMEiş ady. Peselmek ýagdaýy. 
PESELMEKişl. 1.Boýy kemelmek, pes bolmak. 
Üstünden köp wagt geçensoň, gala birneme peselen 


199 
ýaly görünýär. 2. Aşak düşmek, aşaklamak, azalmak. 
Suwuň 
meseleni 
bilen 
peseleniniň 
onçakly 
tapawudyny hem bilip duramok (B. Kerbabaýew). 3
Keseliň, syrkawyň ugry gaçyp başlamak, ýagdaýy 
agyrlaşmak, ýaramazlaşmak, erbetleşmek. 4. Nyrhy, 
gymmaty kemelmek, pese düşmek, arzanlamak. 
Harytlaryň nyrhy peselmek. 
5
Gowşamak, 
ýuwaşamak, haýallamak. Saz kä peselip, kä 
batlanýar. 
PESELMEKLIK, iş ady. Peselmek ýagdaýy. 
PESELMEZLIK, iş ady. Pes bolmazlyk, pese 
gaçmazlyk, aşak düşmezlik. 
PESELTDIRMEK, işl., ser. Peseltmek. Eýsem 
ýerasty suwlaryň derejesini nähili peseltmeli...  
munuň hem çözgüdi tapyldy (

Türkmenistan

). 
PESELTMEK, işl. 1. Boýuny kemeltmek, 
peseltmek, gysgaltmak. 2. Aşak düşürmek. 3
Ýagdaýyny, 
halyny 
erbetleşdirmek, 
ýaramazlaşdyrmak. 
4
Bahasyny, 
gymmatyny 
azaltmak, kemeltmek, arzanlatmak. 5. Gowşatmak, 
ýuwaşatmak, haýallatmak. Ol basym sesini peseldip, 
hemişeki parahat gürrüňine öwürdi (A. Gowşudow).
PESEŇ, 1. syp. Pesräk. 2. at. El terezisiniň iki 
tarapyny deňlemek üçin ýeňil tarapyna dakylýan
agramlyk daş.
PESINDEN [pesinnen], hal. Hiç bolmanda, iň 
bolmanda, azyndan. 
PESINE [pesi:ne], at. Galoşyň apgyrdynyň 
içinden tikilýän gaýyş. 
PESLEMEK, işl. Pes oturmak, ýuwaşamak.. 
Olam-a peslär ýaly däl, eden işini oňarýar. 
PESLIK, at. 1. Pes ýer, çöketlik, oý ýer. 2
Gysgalyk, keltelik. Onuň boýy birneme peslik edýär. 
3. Adamkärçiligi, gylygy ýaramaz bolmaklyk. 
Göripçilik etmek peslik dälmidir? 
PESPÄL [pespä:l], syp. Adamkärçilikli, göwni 
pes, ulumsy bolmadyk. Pespäl adam.
PESPÄLLIK [pespä:llik], at. Kiçi göwünlilik, 
päli peslik, men-menlik etmezlik, gopbamsy dällik.
PESPÄLLILIK [pespä:llilik], at. ser. Pespällik. 
PESSAÝ [pessa:ý], syp., hal. Ýuwaşlyk bilen, 
ýuwaşjadan, çalaja (ýel hakynda). Pessaý şemal gelen 
wagty, Gozganýar agaç depesi (R. Seýidow). Ol 
pessaý hiňlenip ugrady. 
PESSAÝLAMA 
[pessa:ýlama], 
iş 
ady. 
Pessaýlamak ýagdaýy. 
PESSAÝLAMAK 
[pessa:ýlamak], 
işl. 
1
Ýuwaşap ugramak, gowşamak (esasan, şemal, ýel 
hakynda). Pessaýlap öwüsýärdi ýazyň şemaly (A. 
Kekilow). 2. Kem-kemden aşaklamak, pese inmek, 
aşak inmek. Kä belentläp uçdum, käte pessaýlap (K. 
Gurbannepesow). 
PESSAÝLAMAKLYK [pessa:ýlamaklyk], iş 
ady. Pessaýlamak ýagdaýy. 
PESSAÝLAŞMAK [pessa:ýlaşmak], işl. 1. Kem-
kemden pessaýlap ugramak, gowşamak. Şemal 
pessaýlaşdy. 2. Ýuwaşlyk bilen aşak inmek, kem-
kemden aşaklamak, pese düşmek. Pessaýlaşyp uçup 
barýan guşlara gözüm düşdi. 
PESSAÝLATMAK [pessa:ýlatmak], işl. 1
Ýuwaşadyp ugratmak, gowşatmak. 2. Ýuwaşlyk bilen 
aşak indirmek, kem-kemden aşaklatmak. 
PESSAÝLYK [pessa:ýlyk], at. Ýuwaşlyk, 
mylaýymlyk (ýel hakynda). Ýaz şemaly pessaýlyk 
bilen ösýärdi. 
PESSAÝ-PESSAÝ 
[pessa:ý-pessa:ý], 
hal. 
Ýuwaş-ýuwaşdan, kem-kemden, usullyk bilen, assa-
assa, emaý bilen. Aýlanyp-aýlanyp, bizi tapmansoň, 
Pessaý-pessaý aşak inip başlady (Ş. Kekilow). Onuň 
giden yzy bilen Pessaý-pessaý gadam urdy (Ç. Aşyr). 
PESSEWE [pessöwö], at, kön.s. Gadym 
zamanlarda atly gezýän hanyň, harby ýolbaşçynyň 
attutary. Görse bu sapar munuň ýanynda diňe 
pessewesinden başga adam ýok (A. Gowşudow).
PEŞ I, at. Köplenç, ak reňkli uzyn in matadan 
kellä oralýan selle, çalma. Aýagy çepekli, kellesi 
peşli, Pete-pet çykandyr, ýadaw bir fellah (K. 
Gurbannepesow). 
PEŞ II, at. Gyzgyn çägede gowrulan 
mekgejöwen dänesiniň açylany. 
PEŞE, at, ser. Çybyn. Duşmanyň peşeçe bolsa, 
pilçe gör (Nakyl). Hiç-haçan deň gelmez pil bilen 
peşe, Garaňkylyk dyza çöker hemişe (A. Kekilow). 

Peşeden pil ýasamak ujypsyz zady ulaltmak, 
çendenaşa çişirmek. 
PEŞEHANA 
[peşeha:na], 
at. 
Çybyndan, 
aýakçydan goranmak üçin hasadan tikilen çadyr. 
PEŞEHORDA 
[peşeho:rdo], 
at. 
Awuly 
çybynlaryň çakmagy sebäpli adamyň bedenine 
çykýan hem-de, köplenç, ýere ilkinji gyraw düşýänçä 
gutulmaýan agyrysyz baş, ýara. Onuň sag dulugynda 
peşehordanyň yzy bildirýärdi (A. Gowşudow). 
PEŞEMEK, işl. Aýaklary bilen ýeri dörmek, 
dörjelemek, oýmak. Horaz bolsa eşegiň üstünde 
aýaklary bilen peşäp, küli tozadyp gelýär, ýakyn 
geldigiçe hem tozany köpelýär (

Türkmen halk 
ertekileri

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   351   352   353   354   355   356   357   358   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling