Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PERIZAT [peri:za:t], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet352/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   348   349   350   351   352   353   354   355   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PERIZAT [peri:za:t], at. 1. Adamyň gözüne 
görünmeýän, görke, husna baý bolan periden doglan 
peri çagasy. Birazdan soň bolsa bir perizat köşkden 
gizlinlik bilen sallanyp düşýär (

Türkmen halk 
ertekileri

). Mejnun Leýli perizady Söýen dek 
söýmüşem seni (Magtymguly). 2. göç.m. Görmegeý, 
gözel, näzenin. 
PERMAN [perma:n], at. 1. Döwlet baştutanynyň 
kadalaşdyryjy hukuk häsiýeti ýa-da kanun güýji 
bolan namasy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-
nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti 
Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji 
bolan 
permanlary 
çykarýar 
(Türkmenistanyň 
Konstitusiýasy)2. Oglana dakylýan at. 
PERPENDIKULÝAR [perpendikulýa:r], at
geom1. Şol bir göni çyzyk ýa-da tekizlik bilen 90º 
burçy emele getirýän göni çyzyk. 2. Perpendikulýar 
bolan. Perpendikulýar çyzyk. 
PERRAÇ [perra:ç], at, kön.s. Nöker, esger. 
Nazar perraç oňa başgaça düşündi (A. Gowşudow).
PERSat, kön.s. Görnüş, şekil, boluş, keşp; durk. 
Eli palçyga batan ýaly hemişe bulaşyp oturmak 
gelşikli öýüň persini bozjak (B. Kerbabaýew).

Ýüzüniň persi üýtgemek ýüzüniň keşbi 
üýtgäp gitmek. 
PERSALA [persa:la], syp. Çyzym-çyzym edilen, 
çylgym-çylgym ýara salnan, ýaralanan. Demirtiken, 
gyzgan, ýandak ýaly tikenli çöpler aýagyny pers-ala 
etse-de, azasyny duýmady (H. Derýaýew).  
PERT, hal. Buýtar-suýtar etmän, örän düşnükli 
görnüşde. Bu şonuň işi diýip pert aýtdy (N. 
Baýramow). Pert jogap bermek.
PERT-PERT, hal. Yzly-yzyna pert görnüşde. 
Birdenkä-de başyny galdyryp, edil ýygnakda gürrüň 
edýän ýaly, pert-pert sözledi (B. Kerbabaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   348   349   350   351   352   353   354   355   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling