PEŞŞERTMEK, işl. Pezzermek, hüžžertmek.
PET I, at, kön.s. Ýüz.
Petine gar ýagmak işi gaýtmak, şowsuzlyga
uçramak, erbet ýagdaýa düşmek.
PET II, at. Matany petlemek üçin suwa un goşup,
ýörite taýýarlanylýan suwuklyk.
PETDE I, at. Ýandak, ýowşan we ş.m.
ösümlikleriň ýyglyp, depelenip üýşürilen üýşmegi,
topbagy. Ullakan petde etdim-de, suwuň öňüni basjak
boldum (B. Japarow).
PETDE II, at, ser. Toraňňy.
PETDELEME, iş ady. Petdelemek ýagdaýy.
PETDELEMEK, işl. Ýandak, ýowşan we ş.m.
otlar ýyglandan soň, olary depeläp, petde görnüşine
getirmek, petde etmek. Ýandak petdelemek.
PETDELEMEKLIK,
iş ady.
Petdelemek
ýagdaýy.
PETDELEMEZLIK, iş ady. Petde etmezlik.
Ýandagy petdelemän üýşürmek.
PETDELENMEK,
işl.
Petde
görnüşine
getirilmek, petde edilmek. Petdelenen ýandaklary bir
ýere basyp goýmak.
PETDELEŞDIRMEK, işl. Bir ýan ujundan
petde-petde edip çykmak, petde-petde edişdirmek
(köp sanly petde hakynda) .
PETDELEŞMEK, işl. 1. Birine petdelemäge
kömekleşmek. 2. Birnäçe adam bir wagtda bilelikde
petdelemek. Olar ýatyrylan ýandaklary petdeleşip
ýördüler.
PETDELETMEK, işl. Depeläp, petde görnüşine
getirtmek,
petde-petde
etdirip
goýdurmak;
petdelemäge mümkinçilik döretmek, ýol bermek. –
Aşyr, ýygan ýandaklaryňy maňa petdeledäý, men
senden gowurak petdelärin.
PETDE-PETDE, 1. at. Köp sanly petde. Petde-
petde ýandaklar meýdanda ýaýrap ýatyrdy. 2. gepl.d.
Daňy-daňy (köp sanly daňy). Petde-petde pul
bermek.
Do'stlaringiz bilan baham: |