Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet346/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   342   343   344   345   346   347   348   349   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Pelek tutmak (urmak) 
işiň gaýtmak, 
şowsuzlyga, betbagtçylyga uçramak. Indi saňa ne 
pelek urdy (G. Muhtarow, G. Seýitliýew). 
PELEŇat. Pişikler maşgalasyndan bolan güýçli, 
ýyrtyjy haýwan, bars. 
PELESAŇ: pelesaň urmak (kakmak) iki baka 
hars urmak, iki ýana urunmak, alakjamak. 
PELESAŇLAMAKişl. Biriniň ýa-da bir zadyň 
ugrunda hars urmak, alakjamak, pelesaň urmak. 
PELÄKET [pelä:ket], at. Şum, ýaramaz, bezzat, 
pelit. Heý peläket, urjakmy, ýok (S. Myradow).
PELIT [peli:t], syp. 1. Hapa, nejis; pis. Ol pelitler 
kylmagaý erdi uruşnyň adyny (Magtymguly). 2
Sögünç sözi. 
PELLE I, at, ser. 1. k.d. Basgançak; dereje, iň 
ýokary dereje. Luw ýylynda düşdi magraç gullasyna, 
Byrag münüp çykdy arş pellesine (Magtymguly). 2. 
Pellehana.Her kim pellä golaýlaşýan atlaryň 
tomaşasyndan galyp barýan ýaly, ileri süýşýärdiler 
(G. Kulyýew). 3. ser. Pille. Arada dyngy berlen 
wagty Guwanç oňa: – Häzir hem bir pelle! – diýdi 
(A. Gowşudow).
PELLE IIat. Deň iki kesilen garpyzyň, gawunyň 
bir bölegi. Içi gyrlyp taşlanan pelleler baýryň bir 
bölegi ýaly küde bolup ýatyr(B. Kerbabaýew). 
PELLEHANA [pelleha:na], at. Dürli görnüşli 
sport ýaryşlarynda (ylgamakda, at çapdyrylanda, 
maşyn, motosikl, tigir ýaryşlarynda we şm.) iň soňky 
barylmaly ýer, pelle; toýhana. Atlar pellehana 
golaýlaşypdyrlar (Ý. Mämmediýew). 
PELLIK, at. Gawun, garpyz we ş.m. gök 
önümleriň pazylyndan, biýarasyndan ýolnup aýrylýan 
ýerindäki düýbi, sapagy. 
PELPELLEMEiş ady. Pelpellemek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   342   343   344   345   346   347   348   349   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling