Pelek tutmak (urmak)
işiň gaýtmak,
şowsuzlyga, betbagtçylyga uçramak. Indi saňa ne
pelek urdy (G. Muhtarow, G. Seýitliýew).
PELEŇ, at. Pişikler maşgalasyndan bolan güýçli,
ýyrtyjy haýwan, bars.
PELESAŇ: pelesaň urmak (kakmak) iki baka
hars urmak, iki ýana urunmak, alakjamak.
PELESAŇLAMAK, işl. Biriniň ýa-da bir zadyň
ugrunda hars urmak, alakjamak, pelesaň urmak.
PELÄKET [pelä:ket], at. Şum, ýaramaz, bezzat,
pelit. Heý peläket, urjakmy, ýok (S. Myradow).
PELIT [peli:t], syp. 1. Hapa, nejis; pis. Ol pelitler
kylmagaý erdi uruşnyň adyny (Magtymguly). 2.
Sögünç sözi.
PELLE I, at, ser. 1. k.d. Basgançak; dereje, iň
ýokary dereje. Luw ýylynda düşdi magraç gullasyna,
Byrag münüp çykdy arş pellesine (Magtymguly). 2.
Pellehana.Her kim pellä golaýlaşýan atlaryň
tomaşasyndan galyp barýan ýaly, ileri süýşýärdiler
(G. Kulyýew). 3. ser. Pille. Arada dyngy berlen
wagty Guwanç oňa: – Häzir hem bir pelle! – diýdi
(A. Gowşudow).
PELLE II, at. Deň iki kesilen garpyzyň, gawunyň
bir bölegi. Içi gyrlyp taşlanan pelleler baýryň bir
bölegi ýaly küde bolup ýatyr(B. Kerbabaýew).
PELLEHANA [pelleha:na], at. Dürli görnüşli
sport ýaryşlarynda (ylgamakda, at çapdyrylanda,
maşyn, motosikl, tigir ýaryşlarynda we şm.) iň soňky
barylmaly ýer, pelle; toýhana. Atlar pellehana
golaýlaşypdyrlar (Ý. Mämmediýew).
PELLIK, at. Gawun, garpyz we ş.m. gök
önümleriň pazylyndan, biýarasyndan ýolnup aýrylýan
ýerindäki düýbi, sapagy.
PELPELLEME, iş ady. Pelpellemek ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |