Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet347/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   343   344   345   346   347   348   349   350   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PELPELLEMEKişl. 1. Howada dowamly ganat 
germek, ganat kakyp durmak. Laçynlar pelpelläp 
galar asmana (Magtymguly). 2. Galgamak, 
ýelkildemek. 3gepl.d.Ynjalyksyz, aladaly ýagdaýda 
biriniň ýa-da bir zadyň daşynda pyrlanmak, oda-köze 
düşmek, kebelek bolup aýlanmak. Ene uzyn ömrüne 
çagalarynyň daşynda pelpelläp, ahyry olary adam 
edip ýetişdirdi. 
PELPELLEŞMEK, işl. 1. Birnäçe guş howada 
pelpellemek. 
Torgaýlar 
pelpelleşýärler. 
2
gepl.d.Birnäçe bolup daşynda pyr-pyr aýlanmak, 
perwaz urmak. 
PELPELLETMEK, işl. Pelpellemek derejesine 
ýetirmek; pelpellemäge mümkinçilik döretmek, ýol 
bermek, pelpellär ýaly etmek. 
PELPELLEÝIŞiş ady. Pelpellemek ýagdaýy. 
PELSEPE, at. Tebigatyň, jemgyýetiň we 
pikirlenmäniň ösüşiniň esasy kanunlary hakyndaky 
ylym, filosofiýa.  

Pelsepe otarmak akyl satyp, esassyz pikir 
ýöretmek. 
PELSEPEWI [pelsepewü], ser. Pelsepeçilik. 
PELSEPEÇILIK[pelsepeçilik], syp. Pelsepe 
ylmyna degişli, pelsepä has, mahsus. 
PELTE , at. 1.Çyra, şem we ş.m. yşyklandyryjy 
enjamlarda ýüplükden işilip, örülip ýa-da dokalyp 
ýasalan ýüp. Ömrüň şugla ursa, ýürek ýagyňdyr, Ýag 
tükener, peltäň söner, öçer sen (Magtymguly). 2
Çakmaksyz tüpeňlerde därä ot düşürmek üçin 
ulanylýan pagta bölegi. Gow bilen ot aldy we ony 
pagtadan edilen peltä düşürdi (A. Gowşudow). 

Peltesine ot bermek (ýag damdyrmak) derdini 
gozgamak, 
meçew 
bermek, 
öjükdirmek. 
Köşeşdirmegiň ýerine, sen onuň peltesine ýag 
damdyrýarsyň (B. Pürliýew). 


196 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   343   344   345   346   347   348   349   350   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling