Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PAÝENDE [pa:ýenne], hal, k.d. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet345/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   341   342   343   344   345   346   347   348   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PAÝENDE [pa:ýenne], hal, k.d. 1. Müdimi, 
hemişelik, baky. Bilbil paýende arzuwlar, Täze 
gunça, gül-de seni (Magtymguly). 2. Berkarar. Hak 
size ýaman getirmesin! Döwletiňiz paýende olsun, 
hanym, heý! (

Gorkut ata

).
PAÝENDEKI [paýenneki], at. Gyşa saklanýan 
gawunyň bir görnüşi.– Azyp dagy paýendeki bor 
öýdýärmiň (A. Salyh).
PAÝHASat. Dury akyl, sagdyn düşünje, pähim, 
parasat. Adamzat öz paýhasyna, eliniň işine guwanyp 
biler (

Edebiýat we sungat

). 
PAÝHASLANMAKişl. Aňly-düşünjeli bolmak, 
pähimlenmek, akyl ýetirmek. Tagan heniz hem özüne 
bu işi etdireniň nämeligini paýhaslanyp bilmeýärdi 
(B. Soltannyýazow).
PAÝHASLYsyp. Aňly-düşünjeli hereket edýän, 
pähimli, paýhas edýän.
PAÝHASLYLYKat. Paýhasy barlyk, akyllylyk. 
Onuň syraty, onuň akyly-huşy, paýhaslylygy terezide 
ölçärden agyrdy (

Edebiýat we sungat

).
PAÝHASSYZLYK, at. Paýhasly dällik, paýhasy 
ýokluk. 
PAÝHYN: paýhyn etmek ser. Paýhynlamak 
1,2Mallar ýorunjany paýhyn edipdir. 
PAÝHYNLAMAiş ady. Paýhynlamak ýagdaýy. 
PAÝHYNLAMAK, işl. 1. Weýran etmek, 
haraplamak, zaýalamak. Ýüpden boşan mallar gök 
ekini paýhynlapdyr. 2göç.m. Gyrgyna bermek, gyryp 
gutarmak, gyrmak; öldürmek, ýok etmek. 
PAÝHYNLAMAKLYK,iş ady. Paýhynlamak 
ýagdaýy. 
PAÝHYNLANMAK, işl. 1. Harap edilmek
weýran 
edilmek, 
zaýalanmak. 
2
göç.m. 
Köpçülikleýin gyrylmak, gyrylyp gutarmak.
PAÝHYNLATMAKişl. 1. Paýhynlamagyna ýol 
bermek, 
harap 
etdirmek, 
weýran 
etdirmek, 
zaýalatmak. Malyň ugruna seretmän, ekinleri beýle 
paýhynladaýmak bolarmy? 2. göç.m. Paýhynlamaga 


194 
mejbur etmek, köpçülikleýin gyrdyrmak, gyrdyryp 
gutartmak, paýhyn etdirmek. Obalary paýhynlatmak
PAÝHYNLAÝYŞiş ady. Paýhynlamak ýagdaýy. 
PAÝLAMA [pa:ýlama], iş ady. Paýlamak 
ýagdaýy. 
PAÝLAMAK [pa:ýlamak], işl. 1. Her kime 
ýetdik paýyny bölüp bermek. Paýdarlara 
düşewüntden ýetýän puly paýlamak. 2. Köpçülige 
dargatmak, ile ýaýratmak, ýetirmek. Toý çakylygyny 
paýlamak. Toýy gutlamaga gelenlere elýaglyk 
paýlamak. 
PAÝLAMAKLYK [pa:ýlamaklyk], iş ady. 
Paýlamak ýagdaýy. 
PAÝLANMAK [pa:ýlanmak], işl. 1. Her kime 
ýetdik paýy bölünip berilmek. 2. Köpçülige 
ýaýradylmak, adamlara berilmek. 
PAÝLANYŞYK [pa:ýlanşyk], ser. Paýlaşyk
PAÝLAŞDYRMAK 
[pa:ýlaşdyrmak], 
işl. 
Birnäçe zady bir ýan ujundan adamlara paýlap 
çykmak; birnäçe ýere bölüşdirmek. 
PAÝLAŞMAK [pa:ýlaşmak], işl. Öz aralarynda 
paýlamak. Soňra sakyrtga, göle we geçi harmany 
paýlaşypdyrlar (

Türkmen halk ertekileri

). 2göç.m. 
Biriniň hasratyny, kynçylyklaryny deň çekişmek. 
Şatlygy, gaýgyny bile paýlaşdyk (A. Kowusow).
PAÝLAŞYK [pa:ýlaşyk], at. Paýlaşmaklyk, 
üleşik, paýlanyşyk. Şeýlelikde, oňa düşmedi diýende 
paýlaşykdan hem elli-altmyş manat pul düşýär (N. 
Pomma).
PAÝLATMAK [pa:ýlatmak], işl. Paýlamak işini 
başga birine etdirmek, paýlamaga mejbur etdirmek,
paýlamaga mümkinçilik bermek. Pul paýlatmak. Ýer 
paýlatmak. Çakylyk paýlatmak. 
PAÝLAÝJY [pa:ýlaýjy], at. Paýlanýan zady 
bölüji, üleşdiriji. 
PAÝLAÝYŞ [pa:ýlaýyş], iş ady. Paýlamak 
ýagdaýy. 
PAÝNAMA 
[pa:ýna:ma], 
at. 
Kärhananyň 
tertipnama (esasnama) gaznasyna belli bir mukdarda 
goýlan goýuma güwä geçýän we onuň eýesine şol 
kärhananyň işlerine we girdejilerine gatnaşmaga 
hukuk berýän gymmatbaha kagyz. 
PAÝPYLDAMA 
[paýpyllama], 
iş 
ady. 
Paýpyldamak ýagdaýy. 
PAÝPYLDAMAK [paýpyllamak], işl. Yranyp, 
agras ädimläp ýöremek, paýpyl-paýpyl edip ýöremek. 
PAÝPYLDAMAKLYK [paýpyllamaklyk], iş 
ady. Paýpyldamak ýagdaýy. 
PAÝPYLDAŞMAK [paýpyllaşmak], işl. Birnäçe 
bolup paýpyllap ýöremek. 
PAÝPYLDAÝYŞ 
[paýpyllaýyş], 
iş 
ady.Paýpyldamak ýagdaýy. 
PAÝPYL-PAÝPYL: paýpyl-paýpyl etmek ser. 
Paýpyldamak. Ýeri, garga dost, halklar saňa: 

Paýpyl-paýpyl ýörişli, ýany gara gylyçly

– diýip, 
matal düzüpdirler diýdi (

Türkmen halk ertekileri

). 
PAÝ-PYÝADA [pa:ý-pyýa:da], at, ser. Pyýada 1
Paý-pyýada gezdi uly diýary, Baryp ýatan hakykatçy 
ýigitdi (M. Seýidow). 
PAÝRAMA,iş ady. Paýramak ýagdaýy. 
PAÝRAMAK,işl. Her biri bir ýana seçelenip 
ýaýramak, dargap gitmek, pytramak.Çabga ýaly 
eňýän açmaňyz gyzyl bugdaýlar aýaklarynyň 
töwereklerine paýrap düşdi (B. Kerbabaýew).
PAÝRAMAKLYK,iş ady. Paýramak ýagdaýy. 
PAÝRAŞMAK, işl. Seçelenişip ýaýramak, 
dargaşmak, pytraşmak. Bagy üzülen hünjüler 
paýraşyp ýatyrdy. 
PAÝRATMAK, işl. 1. Paýrap gider ýaly etmek, 
pytratmak, dargatmak. 2. Yzyny üzmän atmak, 
üznüksiz atmak. Paýradyp atmak. 
PAÝRAÝYŞiş ady. Paýramak ýagdaýy. 
PAÝTAGT [pa:ýtağyt], at. Bir döwletiň baş 
şäheri, ýurduň merkezi.
PAÝTAGTLY [pa:ýtağytly], syp. Paýtagtda, 
merkezde ýaşaýan. 
PAÝTUN [paýtu:n], at. Üsti açylyp ýapylýan, 
saýawanly, at goşulyp münülýän ýeňil araba. Paýtuna 
goşulan 
atlaryň 
jyňňyrdysy 
eşidilýärdi 
(B. 
Kerbabaýew).
PAÝTUNÇY [paýtu:nçy], at. Paýtun sürýän 
adam, paýtun sürüji. Meret paýtunça rugsat berip, 
ýabysyna gamçy basdy (A. Durdyýew). 
PAÝYRDAMA, iş ady. Paýyrdamak ýagdaýy. 
PAÝYRDAMAK, işl. 1. Sesli sepelenip 
dökülmek, gaçmak. 2. Birden ýyrtylmak, tikini 
sökülip, sesli ýyrtylmak.
PAÝYRDAMAKLYK,iş 
ady. 
Paýyrdamak 
ýagdaýy. 
PAÝYRDAŞMAK, işl. 1. Paýyrdap dökülmek 
(köp sanly ownuk zat hakynda). 2. Paýyrdyly 
seslenişmek. 
PAÝYRDATMAK, işl. 1. Sesli sepelendirip 
dökmek, gaçyrmak. 2. Birden ýyrtmak, sesli ýyrtyp 
goýbermek. 3. Paýyrdyly ses çykaryp atmak. 
PAÝYRDAÝYŞiş ady. Paýyrdamak ýagdaýy. 
PAÝYRDY,at. Alma, erik ýaly miweler 
kakylanda, at çapylanda we ş.m. paýyrdap çykýan 
sesiň ady. 

Paýyrda bermek 1) köpçülik bolup at çapmak. 
2) dyr-pytrak bolup gaçmak. 
PAÝYR-PAÝYRs.ş.aňl.söz, ser. Paýyrdy
PAÝYŞ [pa:ýyş], at. Birine gahar bilen aýdylýan 
medeniýetsiz hapa, gödek, ýaramaz söz. Paýyş söz. 
PAZA [pa:za], at. Azalyň ujundaky ýere girýän 
ýiti ýasy demri. Paza biriniň aýagyna düşdi (H. 
Derýaýew). 
PAZLAMA [pazylama], iş ady. Pazlamak 
ýagdaýy. 
PAZLAMAK [pazylamak], işl. Birbada paz edip 
ýanmak, birden tutaşmak, ot almak. 
PAZLAŞMAK [pazylaşmak], işl. Paz-paz edip 
seslenişmek. Ojaklarda ýakylan gazlar pazlaşyp 
ýanýardylar. 
PAZLATMAK [pazylatmak], işl. Pazlar ýaly 
edip işletmek, herekete getirmek. Derrew ussa 
aganyň garşysyna geçdim, körügi pazladyp başladym 
(R. Gelenow).
PAZYL [pa:zyl], at. Gawun, garpyz, kädi, hyýar 
ýaly bakja ekinleriniň gol atyp ýaýran ýaprakly 


195 
baldagy, biýara. Öýleriň töweregindäki gawun-
garpyzyň pazyllary solupdy (H. Garabaýew). 
PAZZA: pazza ýanmak derrew ot almak, çalt
ýanmak. 
PAZZYLDAMA 
[pazzyllama], 
iş 
ady. 
Pazzyldamak ýagdaýy. 
PAZZYLDAMAK [pazzyllamak], işl. Dowamly 
pazzyldyly ses çykmak, pazzyldyly seslenmek. 
PAZZYLDAŞMAK [pazzyllaşmak], işl. Yzly-
yzyna pazzyldyly ses çykmak. 
PAZZYLDATMAK 
[pazzyllatmak], 
işl. 
Pazzyldyly ses çykarmak, pazzyldyly ses etdirmek. 
PAZZYLDAÝYŞ 
[pazzyllaýyş], 
iş 
ady. 
Pazzyldamak ýagdaýy. 
PAZZYLDY [pazzylly], at. Gaz, ownuk odun, 
otluçöp we ş.m. ýananda ýa-da oduň üstüne suw 
dökülende we ş.m. çykýan sesiň ady. 
PE [pe:], Türkmen elipbiýiniň 

P

harpynyň ady. 
PEÇat. Jaýy gyzdyrmak, nahar bişirmek we ş.m. 
üçin kerpiçden örülen ýa-da demirden ýasalan enjam.
PEÇAN [peça:n]: peçan bolmak masgara 
bolmak, ile gülki bolmak. Seniň derdiňden ile peçan 
bolduk-la! Peçan etmek masgara etmek, il gülküsi 
etmek . 
PEÇEK, at. Çyrmaşyklar maşgalasyna degişli, 
inçeden uzyn baldakly, ýere we başga ösümliklere 
çyrmaşyp ösýän köpýyllyk ot.  
PEÇIZ [peçi:z], at. 1. Ýedi sany ýylanbaş atylyp 
oýnalýan milli oýun. 2. Peçiz oýnunda aty ýigrimi 
bäş öý göçmäge mümkinçilik (bäş ýylanbaş dükge, 
iki ýylanbaş jikge düşse, peçiz bolýar). 
PEDER, at, k.d. Ata, kaka. Pederim Azady ötdi, 
galmady käbäm enem (Magtymguly). 
PEDERNÄLET [pedernä:let], syp. 

Ataňa, 
kakaňa nälet

diýen manyda aýdylýan sögünç söz. 
PEKGE,syp. Aýdylan sözi ýatda saklap 
bilmeýän; gepe-söze düşünmez, kelesaň. 
PEKGELIK, at. Aýdylan sözi ýatda saklap 
bilmezlik; gepe-söze düşünmezlik, kellesaňlyk. 
PEKGlsyp, ser. Pekge. Pekgi adam. 
PEL, at. 1. Ekin ekmek üçin töweregi çillenen 
dört burç görnüşli ýer, atyz. Güýzde däne ekilmedik 
ýer juda bir köpem däldi. Esasan, täze açylan ak 
ýerlerdi, kiçeňräk hemem suw çykmasy kynrak par 
pellerdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet 
guşy). 2. Suw saklamak üçin peliň dört töweregine 
galdyrylan gum, raýyş, çil. 
PELEK, at. 1k.d. Gök, asman. Pil burnun pelege 
tutar (Magtymguly) 2. Ykbal, täleý. Almany göge 
zyň, ýere düşýänçä ýa pelek (Nakyl). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   341   342   343   344   345   346   347   348   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling