Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet504/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   500   501   502   503   504   505   506   507   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜÝTLÜLIK [süýtlülük], at. Süýdi köplük, köp 
süýt berijilik. Her bir sygryň süýtlüligi ozalkysyna 
garanyňda artdy. 
SÜÝTLÜPEÇEK, at. Baldajygy süýt ýaly ak, 
şireli çyrmaşýan ot, akpeçek, çyrmaşyk. 
SÜÝTLÜRÄK [süýtlürä:k], syp. Birneme süýtli. 
SÜÝTSÜZ [süýssüz], syp. 1. hal. Süýdüň 
ýoklugy. Çagalar süýtsüz kösenýär2syp. Süýdi az 
berýän, süýtli däl. Süýtsüz geçi. 3. Süýt garylmadyk. 
Süýtsüz kofe. 
◊ Süýtsüz mälemek netijesiz gürlemek. 
SÜÝTSÜZLIK [süýssüzlük], at. 1. Içmäge süýt 
bolmazlyk, süýt ýokluk. 2. Süýdi azlyk, az süýt 
berijilik. Sygrymyzyň süýtsüzligi köp zada täsir edýär. 


301 
SÜÝTSÜZRÄK [süýssüzürä:k], syp. Süýdi 
azrak. 
SÜÝÜBERMEK [süýüvermek], işl. Süýüp 
başlamak; dowamy süýmek. 
SÜÝÜLMEK [süýülmök], işl. Ýüň, pamyk we 
ş.m. zatlardan süýüm edilmek. Bular pagtanyň 
süýülýän ýerinde, egrilýän ýerinde, dokalýan ýerinde 
işleşip, işde täze üstünlikler gazanýarlar (A. 
Durdyýew). 
SÜÝÜM, at. 1. Ösümlik dokumalaryndan, 
haýwanlaryň ýüňünden alynýan ýüplük görnüşli 
süýülýän önüm. Pagtanyň ajaýyp süýümi bar. 2
Ýüňüň, pagtanyň soňundan egirmek üçin süýlüp 
goýlan görnüşi.
SÜÝÜMLI [süýümlü], syp. Süýümi bolan. Uzyn 
süýümli pagtaçylygy ösdürmekde ol köp işler etdi 
(G. Gurbansähedow).
SÜÝÜMLIRÄK [süýümlürä:k], syp. Süýümi 
adatdakydan gowurak. 
SÜÝÜŞMEK [süýüşmök], işl. 1. Süýmäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde süýmek. 
SÜZDÜRMEK [süzzürmök], işl. Süzmek işini 
başga birine etdirmek. 
SÜZGEGRÄK [süzğöğürä:k], syp. Birneme 
süzülibräk duran (göz hakynda). 
SÜZGEK [süzğök], syp. 1. Birneme süzülip, 
kirpikleri biri-birine ýakynlap duran (göz hakynda). 
Çynaryň guwançdan doly, şadyýan oýnaklaýan 
gözleri şol süzgek gözlerdedi (

Edebiýat we 
sungat

). 2. Çala dokalan, syk däl. Süzgek mata. 
SÜZGEKLEDIBERMEK [süzğöklödüvermek], 
işl. Gözüňi süzübermek, süzgekledip başlamak. 
SÜZGEKLEDIŞ 
[süzğoklödüş], 
iş 
ady. 
Süzgekletmek ýagdaýy. 
SÜZGEKLETDIRMEK 
[süzğöklötdürmök], 
işl. Süzgekledip sereder ýaly etmek. 
SÜZGEKLETME [süzğöklötmö], iş ady. 
Süzgekletmek ýagdaýy. 
SÜZGEKLETMEK 
[süzğöklötmök], 
işl. 
Gözüňi süzgeklemek katdyna ýetirmek, gözüňi 
süzmek. Ol agyr göwresini ilerräk omzadyp, ullakan 
ala gözlerini süzgekletdi. 
SÜZGEKLETMEKLIK [süzğöklötmöklük], iş 
ady. Süzgekletmek ýagdaýy. 
SÜZGEKLETMEZLIK [süzğöklötmözlük], iş 
ady. Gözüňi süzmezlik. 
SÜZGI [süzğü], at, ser. Süzgüç 1. 
SÜZGÜÇ [süzğüç], at. 1. Suwuklygy süzmek, 
arassalamak üçin ownuk gözli ýörite enjam. Süýdi 
süzgüçden geçirip, gor küýzä guýdy. 2. Balyk tutmak 
üçin ulanylýan toruň bir görnüşi. 
SÜZGÜÇLIK [süzğüşlük], syp. Süzgüç etmek 
üçin gerekli (hasa). Süzgüçlik hasa. 
SÜZME [süzmö], 1iş ady. Süzmek ýagdaýy. 2
at. Goýy gatygyň suwy süzülip aýrylan galyndysy. 
Nabat eje bir käsejik süzme getirip çal etdi 
(A.Durdyýew).
Süzme çalmak süzmäniň üstüne suw guýup 
garmak. Süzme deri içine gatyk guýlup, suwy 
süzülýän dowar derisinden edilýän gap. Süzme 
derisi ýaly gaty derlek, derlegen (adam hakynda). 
Süzme palaw tüwüsi suwda aýratyn gaýnadylyp 
süzülenden soň, aýratyn bişirilen eti-hurşy üstüne 
guýlup taýýarlanýan palaw. Şüle, süzme palaw, 
ýahna her gün dokuz dürli tagamy häzir etdi 
(

Görogly

). 
SÜZMEK [süzmök], işl. 1. Suwuklygy 
arassalamak üçin süzgüçden geçirmek. Süýdi arassa 
hasanyň üsti bilen süzüp almak gerek. 2. göç.m. Çaýy 
we ş.m. ýuwaşlyk bilen howlukman, hezilini görüp 
içmek, lezzet alyp içmek. Kakam bolsa eýwanda 
tirsekläp, gök çaý süzýändir (

Edebiýat we sungat

). 
3. Kirpikleriňi biri-birine ýakyn getirip seretmek. 
Diýdim weli, gözün süzüp, Bir daýandy tirsegine (K. 
Gurbannepesow). 4. Tor, süzgüç bilen balyk tutmak. 
SÜZMEKLIK [süzmöklük], iş ady. Süzmek 
ýagdaýy. 
SÜZMETOR [süzmötor], at. El güýji bilen süzüp 
balyk tutmak üçin tor. 
SÜZMEZLIK [süzmözlük], iş ady. Süzmek işini 
ýerine ýetirmezlik.
SÜZÜBERMEK [süzüvermek] I, işl. Süzüp 
başlamak. 
SÜZÜBERMEK [süzüvermek] II, işl., gepl.d. 
Bir sebäbe görä, biriniň ýanyndan ýumlugybermek, 
gidibermek, gaçybermek. Gözüni alartdy welin, ol 
süzüberdi. 
SÜZÜGRÄK [süzüğrä:k], syp. Az-owlak süzük, 
süzülgi, süzülen (göz hakynda). 
SÜZÜK, syp. 1. Kirpikli gabaklar biri-birine 
ýakynlaşan, süzülen (göz hakynda). Gollary hynaly, 
bendinde ýüzük, Edep bilen sözlär, gözleri süzük 
(

Görogly

). 2. Ýukalyp ýyrtylara gelen, sary giden, 
könelişen (geýim hakynda). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   500   501   502   503   504   505   506   507   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling