Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜZÜLIŞMEK [süzülüşmök], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet505/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   501   502   503   504   505   506   507   508   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜZÜLIŞMEK [süzülüşmök], işl. 1. Geýimiň 
dyzy ýa-da tirsegi ýukalyp ýyrtylara gelmek, sary 
gidip ugramak. Penjegiň iki ýeňi hem süzülişip, 
ýyrtyljak bolup dur. 2. göç.m. Birnäçe bolup 
näzirgeşip oturmak, näzirgeşip durmak. Gelindir 
gyzlar çaý başynda süzülişip otyrdylar. 
SÜZÜLJIREME 
[süzüljürömö], 
iş 
ady. 
Süzüljiremek ýagdaýy. 
SÜZÜLJIREMEK [süzüljürömök], işl. Kirpikli 
gabaklaryňy biri-birine ýakynlaşdyryp, näzli garaýyş 
etmek. Leýla enaýy bir gözellik bilen süzüljireýärdi 
(G. Kulyýew). 
SÜZÜLJIREMEKLIK [süzüljürömöklük], iş 
ady. Süzüljiremek ýagdaýy. 
SÜZÜLJIREMEZLIK [süzüljürömözlük], iş 
ady. Süzüljiremek hereketini etmezlik. 
SÜZÜLJIRETMEK 
[süzüljürötmök], 
işl. 
Süzüljiremek katdyna ýetirmek. 
SÜZÜLJIREÝIŞ 
[süzüljüröýüş], 
iş 
ady. 
Süzüljiremek ýagdaýy. 
SÜZÜLJIRÄBERMEK [süzüljürä:vermek], işl. 
Süzüljiräp başlamak. 
SÜZÜLMEK [süzülmök], işl. 1. Suwuklygy 
arassalamak üçin süzgüçden geçirilmek. Süzülen suw 
arassa we dury bolýar. 2. Keýp alyp içilmek, lezzet 
alnyp içilmek. Balyk gowrulýar, gök çaý süzülýär (B. 


302 
Seýtäkow). 3. Gözüň ýumlup, kirpikleriň bir-birine 
ýakynlaşmak, ukyň tutmak. Oraz süzülip duran gara 
gözlerini ýalpa açdy-da, uludan dem aldy (B. 
Pürliýew). Ukyň tutýarmy, süzülip otyrsyň? 4. Tor 
taşlap balyk tutulmak. 5. Ýukalyp ýyrtylyp başlamak, 
sary gitmek, könelmek. Egnindäki maldaý çabydyň 
tirsekleri süzülipdir (K. Gurbannepesow).  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   501   502   503   504   505   506   507   508   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling