SYR II, at. Hor malyň gapyrgasynyň daş-
töweregindäki ýelmeşip duran ýargak.
SYRAMA I, II, iş ady. Syramak ýagdaýy.
SYRAMAK I, işl. Güýçli ýel sebäpli sowrulyp
ýagmak, sowrulyp bir ýere üýşmek (gar, çäge we
ş.m. hakynda). Gar syraýardy, sowuk şemal degen
ýerini kesip gelýärdi (B. Seýtäkow).
SYRAMAK II,işl. Arasyna pagtadyr ýüň salnan
zadyň ýüzüni ýygy edip tikmek, çekmek. Ýorgany
syramak. Don syramak.
SYRAT [sy:rat], at. Adamyň gelşikli, görmegeý
daş keşbi, görki. Onuň syratyny bir gezek görseň, ol
saňa gündiz dynç, gije uky bermeýär (B. Seýtäkow).
SYRAT [syra:t], at. Dini düşünjä görä,
jähennemiň üstündäki gyldan inçe, gylyçdan ýiti
köpri. – Syrat köprüsi gyldan inçe, gylyçdan hem
ýitiräk – diýýär (Kemine).
SYRATLY [sy:ratly], syp. Daş görnüşi görmegeý,
owadan, peşeneli, gelşikli. Aýnanyň syratly göwresi
nepis çekilen surata çalym edýär (B. Kerbabaýew).
SYRATLYLYK
[sy:ratlylyk],
at.
Syratly
bolmaklyk, syraty barlyk.
SYRATLYRAK [sy:ratlyra:k], syp. Azda-kände
syratly. Ýigitleriň has syratlyragy.
SYRATMAK, işl. Syramak işini birine etdirmek.
SYRATSYZ [sy:rassyz], syp. Syraty ýok, syratly
däl.
SYRATSYZLYK [sy:rassyzlyk], at. Syraty
ýokluk, syratly dällik, syratsyz bolmaklyk.
SYRAÝYŞ, iş ady. Syramak ýagdaýy.
SYRÇA, at. 1.Daşdan, demirden ýasalan
gaplaryň we ş.m. içine, ýa bolmasa, daşyna çalynýan
ýalpyldawuk reňk. Içi ak syrça çalnan ýaşyl jamy
nahardan dolduryp getirdi (N. Pomma). 2.Dişiň
daşynyň ýylpyldawuk örtügi. Düýe çaly dişiň
syrçasyna oňat täsir edýär.
◊ Syrçasy suw götermez girrik.
Do'stlaringiz bilan baham: |