SYRTARMAZLYK, iş ady. Agzyňy, dişiňi
gelşiksiz açyp, ýerliksiz ýyrşaryp durmazlyk.
SYRTARTMAK, işl. 1. Birini syrtarmaga
mejbur etmek. 2. Dişini syrtaryp duran görnüşe
getirmek. Ala gaplaň gaharly Syrtardýar ak dişini
(A. Kowusow).
SYRTARYBERMEK
[syrtaryvermek],
işl.
Syrtaryp başlamak.
SYRTARYLMAK, işl. Agzyň, dişiň gelşiksiz
açylmak, ýerliksiz ýyrşarylmak.
SYRTARYŞ, iş ady. Syrtarmak ýagdaýy.
SYRTARYŞMAK, işl. Agzyň gelşiksiz açylyp,
dişleriň somalyşyp durmak; gelşiksiz ýylgyryş bilen
seredişmek.
SYRTLAN, at. Maslyk iýip oňňut edýän gerşi
ýasy, möjek pisint ýyrtyjy haýwan. Şagal-a kän
welin, şu ýerlerde iki sany syrtlan hem görünýär (A.
Gowşudow).
SYRTLAŞMAK, işl., ser. Artlaşmak. Ata
syrtlaşyp münmek.
SYRTMAK [sy:rtmak], at. Ýüpüň bir ujuny
halka edip, ikinjiujuny onuň içinden geçirip, syrylar
ýaly edip daňylýan daňynyň bir görnüşi.
SYRTMAKLABERMEK [sy:rtmakla:vermek],
işl. Syrtmak salyp daňybermek, baglabermek.
SYRTMAKLADYLMAK [sy:rtmakladylmak],
işl. Syrtmak salyp daňylmak.
SYRTMAKLAMA [sy:rtmaklama], iş ady.
Syrtmaklamak ýagdaýy.
SYRTMAKLAMAK
[sy:rtmaklamak],
işl.
Syrtmak salyp daňmak. O pille Ahmetjanow beýlekini
syrtmaklap durdy (A. Nazarow).
SYRTMAKLAMAKLYK [sy:rtmaklamaklyk],
iş ady. Syrtmaklamak ýagdaýy.
SYRTMAKLAMAZLYK [sy:rtmaklamazlyk],
iş ady. Syrtmak salyp daňmazlyk, baglamazlyk.
SYRTMAKLANMAK [sy:rtmaklanmak], işl.
Syrtmak salnyp daňylmak, baglanmak.
SYRTMAKLAŞMAK [sy:rtmaklaşmak], işl. 1.
Syrtmaklamaga
kömekleşmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |