Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SYRYKMAKLYK [sy:rykmaklyk] iş ady.  Syrykmak ýagdaýy.  SYRYLJAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet517/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   513   514   515   516   517   518   519   520   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SYRYKMAKLYK [sy:rykmaklyk] iş ady. 
Syrykmak ýagdaýy. 
SYRYLJAMAK, işl. Açlykdan kösenmek, halys 
bolmak, ugruň gaçmak, surnukmak. Men ajymdan 


313 
syryljasam-da, kişi zadyna barmagymy uzadýan 
däldirin (B. Kerbabaýew). 
SYRYLJAŞMAKişl. Birden köp bolup syryljap 
oturmak. 
SYRYLJATMAK, işl. Nahary iýmän, sowadyp 
goýmak. Naharyň birçak tabaga guýlup goýuldy, 
näme ony syryljadyp goýduň? 
SYRYLJYRABERMEK [syryljyra:vermek], işl. 
Açlykdan, iýmit ýetmezçiliginden kösenibermek. 
SYRYLJYRAMA
iş 
ady. 
Syryljyramak 
ýagdaýy. 
SYRYLJYRAMAK, işl., ser. Syryljamak. 
SYRYLJYRAMAKLYK, iş ady. Syryljyramak 
ýagdaýy. 
SYRYLJYRAMAZLYK, iş ady. Syryljyrap
oturmazlyk. 
SYRYLJYRAŞMAK,işl. 
Birnäçe 
bolup 
syryljyramak. 
SYRYLJYRATMAK,işl. 
Syryljyramak 
derejesine ýetirmek. 
SYRYLJYRAÝYŞ,iş 
ady. 
Syryljyramak 
ýagdaýy. 
SYRYLMAK [sy:rylmak], işl. 1. Päki bilen saç 
sakgal we ş.m. zatlar arassalanmak. Çygjaran 
maňlaýyny, ýaňy syrylan kellesini rahatlanmak bilen 
sypalap çykdy (B. Seýtäkow). 2.Bir zadyň ýüzi esgi, 
sübse we ş.m. bilen süpürilmek. Stoluň üsti esgi bilen 
syryldy. 3. Bir zadyň üstüniň örtügi aýrylmak. 
Birdenkä-de, şemal ýatyp, ýagyş diňip, bulut syrylyp, 
alabaharyň görnükli güni gülüp bakardy (B. 
Kerbabaýew). 4. Pyçak, gylyç we ş.m. zatlar 
sogrulyp, gynyndan çykarylmak. 5. Ýuwaşlyk bilen 
aşaklygyna inilmek, düşülmek. Ol atdan syrylyp 
düşdi. Ýüpden syrylmak. Agaçdan syrylyp düşmek. 
Öý syrylmak gepl.d. eýeçiligindäki zatlar 
elinden alynmak. 
SYRYNMAK [sy:rynmak], işl. Päki bilen öz 
sakgalyny syrmak. 
SYRYNTGY [sy:ryntgy], at. 1. Syrygyp 
toplanan, üýşen suwuklyk. Elindäki badadan şerap 
syryntgysy şatlykly göz ýaş ýaly damýardy (B. 
Kerbabaýew). 2.Iýilmän galan nahar. 
SYRYP-SÜPÜRMEK [sy:ryp-süpürmek], işl. 1
Syryp, süpürip arassalamak, tämizlemek. Ol çynaryň 
aşagyny syryp-süpüripdi. 2. göç.m. Hemmesini, 
baryny ýygnap almak, zat goýman toplamak. 
SYRYP-SÜPÜRTMEK [sy:ryp-süpürtmek], işl. 
1. Syryp-süpürip arassalatmak, tämizletmek. Myhman 
geljek diýip, howlyny syryp-süpürtdiler. 2. göç.m. 
Hemmesini, baryny ýygnap aldyrmak, zat goýman 
toplatmak. 
SYRYŞ [sy:ryş], iş ady. Syrmak ýagdaýy. 
SYRYŞDYRMAK [sy:ryşdyrmak], işl. 1. Päki 
bilen syryp çykmak, syryp gutarmak. Saç-sakgalyny 
syryşdyrdy. 2.Birnäçe ýeri syryp-süpürip çykmak. 
Kakaňa-da özüň belet diýip, ejesi sübse alyp, ojagyň 
başyny syryşdyrdy (A. Durdyýew). 3. göç.m. Zat 
goýman baryny syryp çykmak, almak. 
SYRYŞMAK 
[sy:ryşmak], 
işl.1. Syrmaga 
kömekleşmek. Men içerini syryşdym. 2.Birnäçe
adam bilelikde syrmak. Iki sany adam oglanlaryň 
başyny syryp durdy. 2. Birnäçe bolup boş, biderek 
aýlanyp ýörmek. Gapy-gapy syryşyp ýörmäň-de, öz 
işiňiz bilen boluň! 
SYTARA [syta:ra], at. 1. zergärç. Insizje matanyň 
ýüzüne berkidilip, çabydyň, jübiniň we ş.m. 
gyralaryna berkidilýän tegelejik ýa-da dörtburç 
kümüş şaý. Başyna atynan maldaýy çabydynyň 
jübüleriniň agzyna hem sytaralar düzülgidi (A. 
Gowşudow). 2. şahyr. Ýyldyz; ykbal, täleý. Goç 
ýigidiň sytarasy, Açylar meýdan içinde (

Görogly

). 
SYÝ, at. Don, çäkmen, içmek ýaly açyk ýakaly 
geýimleriň öň tarapky etegi, etegiň burçy. Gara öýüň 
ortasyndaky ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny 
sowman oturan ýaşy elli çemesi, süňkbaşy iri, ýüzi 
nurana kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň 
ýakalaryny çekişdirip, syýyny ýygnap, has-da tijendi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 
s.). Güjük han syýyndan çekilmegine mähetdel 
düşeksiz ýere özüni goýberdi (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   513   514   515   516   517   518   519   520   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling