Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet519/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   515   516   517   518   519   520   521   522   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2gepl.d. Syýasat bilen gyzyklanýan adam, belli bir 
syýasaty wagyz edýän adam. Ol diýseň syýasatçy 
diýýärler. 
SYÝASY [syýa:sy], syp. Syýasata esaslanýan, 
syýasata öwrülen, syýasaty amala aşyrmaklyga, 
syýasata degişli. Syýasy kitaplar. 


314 
SYZA,at. Dik ösýän maýda pürli ösümlik. Üstüne 
agaç germeşdirip, syza, selin bilen basyryp 
suwaýardy (A. Gowşudow).
SYZALYKat. Syzanyň köp gögerip oturan ýeri. 
Torgaýlar bir enaýyja jüýbüldeşip, al-asmandan 
syzalygyň içine inýärdi (N. Baýramow).
SYZDYRMAK [syzzyrmak], işl. 1. Birine bir 
zady çala mälim etmek, duýdurmak. 2. Ýuwaş-
ýuwaşdan süzüp geçirmek. Siz guýynyň aşagyndaky 
suwy syzdyryp goýberýäne çöwlük diýýänsiňiz (B. 
Kerbabaýew). 
SYZGY [syzğy], at. 1. Palasa salynýan 

gönjük

nagşynyň daşyndaky dörtburçluk. 2. Bir 
nagşyň daşyna aýlanýan başga bir reňkdäki çyzmyk 
çitim. 
SYZGYN [sy:zğyn]:syzgynyny (sylgymyny) 
bermek serSylgymOl bize syzgynyny berjek ýaly 
etdi. 
SYZGYR [syzğyr], syp. Daş-töwereginde bolup 
duran zatlary tiz duýýan, duýgur. Sygyr örän syzgyr 
maldyr. 
SYZGYRLYK [syzğyrlyk], at. Tiz duýujylyk, 
duýgurlyk. 
SYZLABERMEK [syzla:vermek], işl. Ýiti 
agyrybermek. 
SYZLAMA, iş ady. Syzlamak ýagdaýy. 
SYZLAMAK, işl. Syrkyrap, awuşap agyrmak, 
yzygiderli aram sorkuldap agyrmak. Uzynly gije 
ýeriň batgasyny eýlän aýaklarymyz syzlaýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 
SYZLAMAKLYKiş ady. Syzlamak ýagdaýy. 
SYZLAMAZLYK, 
iş 
ady. 
Syrkyrap
agyrmazlyk. 
SYZLAŞMAK, işl. Bir ýeriň ýiti agyryp 
durmak.Onuň penjesine ilen ten dalak ýaly gögerip, 
bütin hepde syzlaşyp durdy (B. Kerbabaýew).
SYZLATMAK, işl. Syrkyrap agyrmagyna sebäp 
bolmak. Ýeňseden duýdansyz inderilen zarba heniz 
hem beýnisini syzladýardy, göwresini götermäge 
mejaly ýokdy (G. Kulyýew).
SYZLAWUK [syzlowuk], at. Bedene çykýan ýiti 
agyryly düwürtik. Syzlawuk örän agyryly bolýar. 
SYZLAÝYŞ, iş ady. Syzlamak ýagdaýy. 
SYZMA, iş ady. Syzmak ýagdaýy. 
SYZMAK, işl. 1.Bir zady çala aňmak, duýmak. 
At bir zat syzýan ýaly gulaklaryny keýertdi. 2.Ýuwaş-
ýuwaşdan süzülip geçmek, akmak. Şol howza 
ýygnanýan suw ýere siňip, guýa syzmalydy hem-de 
onuň suwuny süýjetmelidi (

Edebiýat we sungat

). 
SYZMAKLYK,iş ady. Syzmak ýagdaýy. 
SYZMAZLYK, iş ady. Syzyp durmazlyk, syzyp 
bilmezlik. 
SYZY Iat. Dyrnagyň et, ham bilen birleşýän iki 
gyrasy.
SYZY IIat. Çokaý, içmek ýaly zatlar tikilende, 
iki gyranyň arasyna goýlup tikilýän gaýyş ýa-da 
mawut. Bagana içmek mawut syzy goýlup tikilipdir. 
SYZYBERMEK [syzyvermek], işl. Syzyp 
başlamak. 
SYZYLAMAiş ady. Syzylamak ýagdaýy. 
SYZYLAMAK,işl. Syzy goýup tikmek. 
SYZYLAMAZLYK, iş ady. Syzy goýup 
tikmezlik. 
SYZYLANMAK,işl. Syzy goýlup tikilmek. 
SYZYLATMAK, işl. Syzylamak işini başga 
birine etdirmek. Çokaýy syzyladyp tikdirmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   515   516   517   518   519   520   521   522   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling