Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet527/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   523   524   525   526   527   528   529   530   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞALYK [şa:lyk], at. 1. Şanyň dolandyrýan 
döwleti, patyşalyk edilýän ýurt; şanyň hökümi 
ýöreýän ýer. Parfiýa şalygy. 2. Şa, patyşa bolmak 
derejesi, ýurtda iň ýokary wezipe. Şalyk sürmek.  
Şalyk sürmek 1) şa hökmünde ýurdy 
dolandyrmak. 2) göç.m. bir zat hökümini ýöretmek, 
agdyklyk etmek. Daşarda mylaýym hem asuda hindi 
gijesi şalyk sürýärdi (T. Gurbanow).
ŞALYLYK [şa:lylyk], at. Şaly ekilen ýer, şaly 
meýdany. Şalylyk meýdan. 
ŞAM [şa:m], at, k.d. 1. Agşam, iňrik garalan çagy, 
giçlik. Şam giderdim Leýli bile, Gol tutuşyp, güle-
güle (

Leýli – Mejnun

). 2. Nahar, iýmit. Sürüden 
saýlanan goýun gurda şam bolar (Atalar sözi). 
Sürüden saýlanan goýnuň gurda şam bolýanyny-da 
unudamok (B. Kerbabaýew). 3. kön.s. Siriýanyň 
gadymy ady.  
ŞAMAN [şa:ma:n], at. 1. Esasan demirgazykda 
ýaşaýan halklarda: jadygöý tebip. 

Şaman ody köne däp-dessura görä 

günäňi 
dökmek

üçin üstünden bökülýän ot. Biz şaman 
otdan böküşip oýnadyk (B. Gulow). 
ŞAMAR [şa:ma:r], at, k.d. 1. Jadyly ertekilerde 
şekillendirilýän köp kelleli, uly hyýaly jandar; 
ýylanlaryň şasy. Şu gün şamar bilen söweş gurar 


319 
men, Ölsem, eýe boluň siz läşe, begler! (Şabende). 2
göç.m. Ýogyn uzyn saç. Saçyňa örme ýaraşar, 
Saçlaryň şamar, Hatyja (Seýdi). Gara saçyň garly 
dagyň şamary, şol sebäpli boldum yşkyň bimary 
(Mätäji). 
ŞAMA-ŞAÝYRDYat. 1. Biderek, ugur-utgasyz 
boş gürrüň, dereksiz gybat. Ol ýüzüni aşak salyp, 
sözüni şama-şaýyrda urdy (H. Garabaýew). 2. Eden-
etdilik, bulam-bujarlyk, tertipsiz hereketler. 

Şama-şaýyrda 
gitmek 
dargadylmak, 
tozdurylmak, sowrulmak, biderek harçlanmak. 
ŞAMA-ŞAÝYRDYLYK
at. 
1
Boşluk, 
bidereklik, netijesizlik (gürrüň hakynda). 2. Eden-
etdilik, bulam-bujarlyk, tertipsizlik, düzgünsizlik. 
ŞAMÇYRAG [şa:mçyra:ğ] I, at. Gijelerine çyra 
ýaly yşyk berýän owadan reňkli, ýyldyrawuk şöhle 
saçýan gymmatbaha daş. Bularyň biri gyzyl, biri 
göwher, biri-de şamçyrag eken (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ŞAMÇYRAG [şa:mçyra:ğ] IIat. Gije ýakylýan 
ýiti şöhleli çyra. Giň haremhananyň penjiresiniň 
öňünde hindi ussasynyň eli bilen ýylmanak ak daşdan 
ýasalýan şamçyrag ýanyp durdy (

Edebiýat we 
sungat

). 
ŞAMLAMAK [şa:mlamak], işl. 1. Giç dogmak 
(Aý hakynda). Şamlan aý ýaňyja dogup, galyp 
başlady (A. Gowşudow). 2. Agşam, şam wagty 
otlamak (mal hakynda). 
ŞAMLATMAK [şa:mlatmak], işl. Mallary 
garaňky düşýänçä otlatmak. Dowarlary şamladyp 
geldim. 
ŞAMLYK [şa:mlyk], at. Agşamlyk nahar, giçlik 
nahary. Şamlyk bişipdir. 
ŞAMPUN [şampu:n], at. Suwuklyk ýa-da krem 
görnüşindäki ýuwujy serişde. Maşyn ýuwulýan 
şampunSaç ýuwulýan şampunÇaga şampuny
ŞAMU-SÄHER [şa:mu:-säher], at, k.d. Ertir-
agşam, hemişe. Arzuwyň çeker men şamu-säherde 
(

Saýatly – Hemra

). Şamu-säher perýadymy, 
Hüýrlukga jana ýetir (

Hüýrlukga – Hemra

). 
ŞAN [şa:n] I, at. Kimdir biriniň ýa-da taryhy 
wakanyň özi hakynda, hatyrasyna. Magtymguly, aşyk 
mestan, Bagladym şanyna destan (Magtymguly). 
ŞAN [şa:n] II,at. Mala degýän ýokanç kesel. Şan 
keseli, köplenç, tomus aýlarynda ýüze çykýar. 
ŞAN [şa:n] III,at. Käbir tutlar ýapraklamazyndan 
öň olarda bolýan tudana meňzeş tozga. 
ŞANA [şa:na], at, k.d. Saç daralýan darak, 
başdarak. Ýerden, gökden göterlipdir kararym, şana 
alyp, syýa zülpün daranym (Kemine). Säher tursa 
golunda, şirmaýydan daragy, Şana urup zülpüňe, 
çözle gara göz gelin (Mätäji). Saçda şana söwdügim, 
Golda hyna söwdügim (Dosmämmet). 
ŞANLAMA [şa:nlama], 1. iş ady. Şanlamak 
ýagdaýy. 2. Mallara degýän howply sary getirme 
keseli. 
ŞANLAMAK [şa:nlamak], işl. Şan keseli bilen 
kesellemek, şan keseli degmek (mallar hakynda). 
Goýun şanlapdyr. 
ŞANLAMAKLYK [şa:nlamaklyk], iş ady. 
Şanlamak ýagdaýy. 
ŞANLATMAK [şa:nlatmak], işl. Şan keseli bilen 
keselletmek. 
ŞANLAÝYŞ [şa:nlaýyş], iş ady. Şanlamak 
ýagdaýy. 
ŞANLY [şa:nly], syp. Dabaraly, şöhratly, hatyraly, 
mertebeli, beýik.  
ŞANOTY [şa:noty], at. Köpýyllyk ýabany 
ösümlik, tilkisumaý. 
ŞAN-ŞÖHRAT [şa:n-şöhra:t], at. At-abraý, 
dabara, meşhurlyk. 
ŞAN-ŞÖHRATLY [şa:n-şöhra:tly], syp. At-
abraýa eýe, meşhur, dabaraly. Sawçy bolup söz aýtsyn 
säherler, Bir obanyň san-söhratly gyzyna (G. 
Ezizow). Biziň halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi 
bolupdyr. 
ŞAN-ŞÖHRATLYLYK [şa:n-şöhra:tlylyk], at. 
Şan-şöhrata eýelik, şan-şöhratly bolmaklyk. 
ŞAŇ I, s.ş.aňl.söz. Adamyň öz gulagynyň içinde 
eşidýän sesi.  

Şaň etmek bir gezek saňlamak. 
ŞAŇ II: şaň bolmak içip-içip, hiç zady bilmez 
ýaly bolmak. 
ŞAŇK-ŞAŇK, s.ş.aňl.söz. Metal zatlar yzly-
yzyna biri-birine bat bilen degende çykýan sesler. 
ŞAŇKYLDAMA 
[şaňkyllama], 
iş 
ady. 
Şaňkyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇKYLDAMAK [şaňkyllamak], işl. Metal 
zatlar biri-birine bat bilen degende şaňkyldyly 
seslenmek. Çekiç agaja degip gütleýärdi, käte, demre 
degip şaňkyldaýardy (B. Kerbabaýew). 
ŞAŇKYLDAMAKLYK [şaňkyllamaklyk], iş 
ady. Şaňkyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇKYLDATDYRMAK [şaňkyllatdyrmak], işl. 
Şaňkyldatmagyna 
ýol 
bermek, 
mümkinçilik 
döretmek. 
ŞAŇKYLDATMAK [şaňkyllatmak], işl. 1
Şaňkyldyly ses çykarmak, şaňkyldyly seslendirmek. 
Demir zatlary şankyldadyp durmasana. 2. gepl.d. 
Soraga jaýdar jogap bermek. Mugallymyň maňa 
beren soraglarynyň barysyny şaňkyldadandyryn.
ŞAŇKYLDAÝYŞ 
[şaňkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şaňkyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇKYLDY [şaňkylly], at. Metal zatlar biri-
birine bat bilen degende çykýan sesiň ady. 
ŞAŇLAMA, iş ady. Şaňlamak ýagdaýy. 
ŞAŇLAMAK, işl. 1. Gulagyň içinde şaňňyldyly 
ses eşidilmek. Haýsy gulagym şaňlady, hany biljek 
bol, meni kim agzaýarka? 2. göç.m. Içinde ses 
ýaňlanmak, şarňyldap durmak ( uly täze giň jaýyň içi 
hakynda). Şaňlap duran ýedi sany, Ýedi ganat öýleri 
bar (K. Gurbannepesow). 

Gulagy şaňlamak kimdir biri agzamak
ýatlamak (adamyň gulagynyň şaňlamagy bilen 
baglanyşykly aýdylýan aňlatma). 
ŞAŇLAMAKLYK, iş ady. Şaňlamak ýagdaýy. 
ŞAŇLATMAK, işl. Şaňňyldyly ses etdirmek. 
ŞAŇLAÝYŞ, iş ady. Şaňlamak ýagdaýy. 


320 
ŞAŇLAWUK [şaňlowuk], syp., ser. Şaňňy
Agşamyň agramyny hut şol şaňlawuk sese garaşyp 
geçirmänmidi näme? (G. Kulyýew). 
ŞAŇŇY, syp. Çakyr, ýiti, mylaýym däl (ses 
hakynda). Şaňňy ses. 
ŞAŇŇYLDAMA 
[şaňňyllama], 
iş 
ady. 
Şaňňyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇŇYLDAMAK [şaňňyllamak], işl., ser. 
Şaňňyrdamak
ŞAŇŇYLDAMAKLYK [şaňňyllamaklyk], iş 
ady. Şaňňyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇŇYLDAŞMAK 
[şaňňyllaşmak], 
işl. 
Bilelikde şaňňyldamak, ýerli-ýerden şaňňyldap 
durmak. 
ŞAŇŇYLDATMAK 
[şaňňyllatmak], 
işl. 
Şaňňyldyly ses çykartmak, şaňňyldyly seslendirmek. 
ŞAŇŇYLDAÝYŞ 
[şaňňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şaňňyldamak ýagdaýy. 
ŞAŇŇYLDY [şaňňylly], at, ser. Şaňňyrdy
Gyzlaryň sümsüleleriniň şaňňyldysy eşidilýärdi. 
ŞAŇŇYRDAMA, iş ady. Şaňňyrdamak ýagdaýy. 
ŞAŇŇYRDAMAK, işl. Kümüş şaý-seplerden 
şaňňyrdyly ses çykmak, şol zatlar şaňňyrdyly 
seslenmek, şaňňyr-şaňňyr etmek. Teňňe etegine 
şaňňyrdap düşdi (

Görogly

). 

Şaňňyrdap oturan ýaňy edinilen ýaş gelin. 
Gaty howlugýaň-la, näme, öýde şaňňyrdap oturanyň 
barmy?  
ŞAŇŇYRDAMAKLYK, iş ady. Şaňňyrdamak 
derejesi. 
ŞAŇŇYRDAŞMAK, 
işl. 
Köpçülikleýin 
şaňňyrdamak, ýerli-ýerden şaňňyrdamak. 
ŞAŇŇYRDATMAK, 
işl. 
Şaňňyrdyly 
ses 
etdirmek. Kelje batyr hem geçiň derisini geýip, 
döwüň tamynyň üstüne çykyp, düwmelerini 
şaňňyrdatdy (

Türkmen halk ertekileri

).
ŞAŇŇYRDAWUK 
[şaňňyrdowuk], 
syp. 
Şaňňyrdyly ses çykarýan, şaňňyrdap seslenýän. 
Şaňňyrdawuk şaýly gelinler, gyzlar, Özbaşlaryna 
syrykdylar bir ýana (B. Kerbabaýew).
ŞAŇŇYRDAÝYŞ, 
iş 
ady. 
Şaňňyrdamak 
ýagdaýy. 
ŞAŇŇYRDY, at. Metal we ş.m. zatlar, bezeg 
şaýlary biri-birine batly degende, ýere gaçanda 
döreýän sesiň ady. Gulagyna kakyldy, Bir ýuwaşja 
şaňňyrdy (A. Alamyşow). 
ŞAŇŇYR-ŞAŇŇYR, s.ş.aňl.söz. Metal we ş.m. 
zatlar, bezeg şaýlary biri-birine batly degende, ýere 
gaçanda döreýän sesler. 
ŞAŇŇYR-ŞUŇŇUR, s.ş.aňl.söz, ser. Şaňňyr-
şaňňyr. 
ŞAŇRUK [şaňru:k], at. 1. Burnuň üstki gaty 
bölegi. 2. Burun keseli sebäpli burnuna salyp 
gepleýän geňzew adam. 
ŞAP: şap bolmak laýyk bolmak. Köwüş aýagyma 
şap bolaýdy. Köýnek maňa şap bolaýdy. Şap etmek 
urmak (çaga gepleşiginde). 
ŞAPADAŇLAMA
iş ady. 
Şapadaňlamak 
ýagdaýy. 
ŞAPADAŇLAMAK
işl. 
Böküp, 
elleriňi 
butlaryňa urup ylgamak. Myratgeldi bolsa 

bolýa, 
eje

 diýip, şapadaňlap, kakasynyň yzyndan gitdi (A. 
Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   523   524   525   526   527   528   529   530   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling