Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet530/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   526   527   528   529   530   531   532   533   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞARKYLDAÝYŞ 
[şarkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şarkyldamak ýagdaýy. 
ŞARKYLDY [şarkylly], at. Demir, tagta zatlaryň 
biri-birine batly degmegi, ýere batly gaçmagy 
netijesinde döreýän sesiň ady. Gapynyň şarkyldysy. 
ŞARLAMAiş ady. Şarlamak ýagdaýy. 
ŞARLAMAKişl. Şarryldyly seslenmek, şarryldy 
döremek, şar-şar etmek (suw hakynda). Obanyň 
ortasyndan geçýän ýapdan dury suw şarlap akýardy 
(B. Gurbanow).
ŞARLAMAKLYK, iş ady. Şarlamak ýagdaýy. 
ŞARLAŞMAKişl. Birnäçe ýerde şarlap akmak. 
Suwlar akdy şarlaşyp, Dumly-duşdan sil turdy (Ş. 
Kekilow). Ýolda suwlar şarlaşyp, Akyp gelýär 
dereden (A. Alamyşow). 
ŞARLATMAK, işl. 1. Şarryldyly ses çykardyp 
akdyrmak. Suwy şarladyp akdyrmak. 2. Ýalan-
ýaşyryk zady gürlemek. Şarladyp ýörmek. 
ŞARLAÝYŞ, iş ady. Şarlamak ýagdaýy. 
ŞARLAWUK [şarlowuk], at. 1. Beýik ýerden bat 
bilen aşaklygyna gaýdýan suw akymy. 2. Oba ady.
ŞARŇYLDAMAK [şarňyllamak], işl. 1. Içi 
beýik, giň hem howaly bolmak. – Bize şarňyldap 
duran jaýyň içinde oturmagam miýesser etjek eken. 
2. Demir zatlar biri-birine degende, käbir gurallar 
işlände we ş.m. ýagdaýlarda şarňyldyly ses çykmak. 
ŞARŇYLDAŞMAK [şarňyllaşmak], işl.1. Köp 
zatdan şarňyldap ses çykmak. 2. Köp jaýyň içi 
şarňyldap durmak. Şarňyldaşyp duran otaglar. 
ŞARŇYLDATMAK 
[şarňyllatmak], 
işl. 
Şarňyldyly ses çykartmak, şarňyldyly seslendirmek. 
ŞARŇYLDAÝYŞ 
[şarňyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şarňyldamak ýagdaýy. 
ŞARŇYLDY [şarňylly], at. Demir zatlar biri-
birine degende, käbir gurallar işlände we ş.m. 
ýagdaýlarda döreýän sesiň ady. Agaç kesýän 
maşynlaryň şarňyldysy, bu ýerde gije ümsümligini 
janlandyryjy owaz bolup durmuşa ornaşdy (K. 
Berdiýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   526   527   528   529   530   531   532   533   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling