Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet528/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   524   525   526   527   528   529   530   531   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞAPADANLAMAKLYK, iş ady. Şapadaňlamak 
derejesi. 
ŞAPADAŇLAŞMAK
işl. 
Bilelikde 
şapadaňlamak, köp bolup şapadaňlamak. Olaryň has 
ekabyrraklary 
suwuň 
gös-göni 
öňünden 
şapadaňlaşyp gaçýardylar (Ý. Mämmediýew). 
ŞAPAK, at. Gün dogmazyndan öň ýa-da ol 
ýaşandan soň, onuň dogýan hem ýaşýan ýerinde 
emele gelýän gyzyl reňkli ýaýraň tebigy ýalkym. 
Gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne 
çalymtyk çäkmen bolup çaýylýardy (B. Kerbabaýew). 
Gyzyl şapak ýanýar iňňän uzakda, Häzir Gün 
dogmanka ýygymçy geler (B. Hudaýnazarow). 
ŞAPALAKat, gepl.d., ser. ŞapbatBaşy agyran 
şapalak iýer, garny agyran  topalak (Nakyl). 
ŞAPBA, hal. Duýman durka, şarpa, birden, 
duýdansyz, garaşylmazdan. Tilki gargalaryň birini 
şapba tutupdyr (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞAPBA-ŞAPBA, hal. Öwran-öwran, yzly-yzyna 
şapladyp-şapladyp. Şapba-şapba ogşamak. 
ŞAPBA-DA-ŞUPBA [şapba-da-şupbo], hal. Biri-
birini ýitirip tapan ýaly, ara maý salman, dessine, 
derrew, çalt, çaltlyk bilen. Bular çagalaryny ellerine 
alyp, şapba-şupba ogşap, towusdyryp, söýüp, 
öýlerine tarap gitdiler (A. Durdyýew).  Şapba-şupba 
görüşmek. 
ŞAPBAT 
[şapba:t], 
at. 
1
Eliň 
açyk 
ýagdaýyndaky iç ýüzi. 2. Eliň açyk iç ýüzi bilen 
urulýan zarply urgy, şarpyk, şapbyk. Myradyň ýanyna 
baryp, dulugyna şapbat bilen çalyp, elinden tutdy-da, 
düýbe itekläp goýberdi (A. Durdyýew). 3. göç. m., 
ser. Şarpyk 4Ýaşlykdan durmuşyň şapbadyny datdy 
(

Edebiýat we sungat

). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   524   525   526   527   528   529   530   531   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling