Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞAHYRANALYK [şa:hy:ra:nalyk], at. Şahyrana  esere mahsus aýratynlyk. Goşgularyň şahyranalyk  derejesi. ŞAHYRÇYLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet524/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   520   521   522   523   524   525   526   527   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞAHYRANALYK [şa:hy:ra:nalyk], at. Şahyrana 
esere mahsus aýratynlyk. Goşgularyň şahyranalyk 
derejesi.
ŞAHYRÇYLYK 
[şa:hy:rçylyk], 
at, 
ser. 
Şahyrlyk
Men 
özümiň şahyrçylyk 
kärimi, 
Saýlamadym hünärleriň içinden (A. Kowusow).
ŞAHYRLYK [şa:hy:rlyk], at. Şahyryň käri. 
Adym Ata Salyh, şahyrlyk kärim (A. Salyh). 
ŞAHYT [şa:hyt], at, k.d. Şaýat. Baryň kazy bilen 
müfti getiriň, Wezir-wekil şahyt bolup oturyň 
(

Şasenem – Garyp

). 
ŞAKÄKIL [şa:kä:kil], at, zergärç. Gyzlaryň 
tahýasynyň çekge tarapyndan asyp, saçlarynyň 
üstünden aşaklygyna goýberýän ýüzi uly gaşly, aşagy 
dört şelpeli we düwmeli gyzyl çaýylan bezeg şaýy. 
Şakäkil dakynmak. 
ŞAKÄSE [şa:kä:se], at. Farfordan ýasalan we 
içine nahar guýlup iýilýän uly käse.
ŞAKGALAMAKişl., serPudarlamak
ŞAKGALAŞMAK
işl. 
1
Şakgalamaga 
kömekleşmek. 2. Bilelikde şakgalamak. Düýäniň 
etini şakgalaşyp oturmak. 
ŞAKGALATMAKişl. Şakgalamak işini başga 
birine etdirmek. Goýnuň etini ur-tut şakgalatmak. 
ŞAKGA-ŞUKGAhal. Hasyr-husur, ur-tut, şark-
şurk, şakyr-şukur, derrew, tizlik bilen, eglenmän. 
Asyl şakga-şukga gyz-da taparys, Çynymyzy etsek 
tiz-de taparys (Ç. Gurbangylyjow). 
ŞAKGYDYK-ŞAKGYDYK, s.ş.aňl.söz. Otly 
gaty ýörände tigirleriň demir ýola degip, yzly-yzyna 
çykarýan sesi. Otly şakgydyk-şakgydyk edip gidip 
ugrady. 
ŞAKGYLDAMA 
[şakgyllama], 
iş 
ady. 
Şakgyldamak ýagdaýy. 
ŞAKGYLDAMAK 
[şakgyllamak], 
işl. 
Şakgyldyly ses çykmak, şakgyldyly seslenmek. 
ŞAKGYLDATMAK 
[şakgyllatmak], 
işl. 
Şakgyldyly ses çykartmak. 
ŞAKGYLDAÝYŞ 
[şakgyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şakgyldamak ýagdaýy. 
ŞAKGYLDY [şakgylly], at. Galyň demir zatlaryň 
biri-birine yzygiderli degmegi netijesinde döreýän 
sesiň ady. 
ŞAKYRDAMAiş ady. Şakyrdamak ýagdaýy. 
ŞAKYRDAMAKişl. Her hili metaldan ýasalan 
zatlar we ş.m. gaty zatlar biri-birine bat bilen degip, 
şakyrdyly ses çykarmak, şakyrdyly seslenmek. 
ŞAKYRDAMAKLYK, iş ady. Şakyrdamak 
ýagdaýy.
ŞAKYRDAŞMAK, işl. Köp ýerden şakyrdap ses 
çykmak. Ol iki elini dyzyna diräp turanda, çagşan 
süňkleri şakyrdaşyp gitdi (B. Seýtäkow).
ŞAKYRDATDYRMAK, 
işl. 
Şakyrdyly 
seslendirmek. Ol çagajyga oýunjagy şakyrdatdyrdy. 
ŞAKYRDATMAK, 
işl. 
Şakyrdyly 
ses 
çykartmak, şakyrdyly seslendirmek. Kelew ketekçi 
şakyrdadyp gapyny açdy (N. Pomma).
ŞAKYRDY, at. Her hili metaldan ýasalan 
zatlaryň we ş.m. gaty zatlaryň biri-birine bat bilen 
degende çykarýan sesiniň ady. Bir ýerden arabanyň 
hem şakyrdysy eşidilip başlady (B. Pürliýew). 
ŞAKYRDYK, at. Köplenç, obada idegsiz gezip 
ýören mallary ürküzmek, gaçyp gider ýaly etmek 
üçin guýrugyna dakylýan döwük-ýenjik şakyrdaýan 
zat. Sygryň guýrugyna şakyrdyk dakdyk. 

Şakyrdyk dakmak gaçyp gitmäge mejbur 
etmek, masgaralap kowmak. Ýeňsesine şakyrdyk 
dakylan, masgaralanyp kowlan ýigit kime gerek?!
(B. Kerbabaýew).
ŞAKYR-ŞAKYR, s.ş.aňl.söz. Her hili metaldan 
ýasalan zatlar we ş.m. gaty zatlar biri-birine yzly-
yzyna bat bilen degende çykýan sesler. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   520   521   522   523   524   525   526   527   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling