315
ŞABYRDAMA [şavyrdama],
iş ady. Şabyrdamak
ýagdaýy.
ŞABYRDAMAK [şavyrdamak],
işl. Şabyr-şabyr
ses etmek, şabyrdyly seslenmek.
Ýagyş bolsa, şol bir
şabyrdap ýagyp durdy (A. Gurbanow).
ŞABYRDAŞMAK [şavyrdaşmak],
işl. Bilelikde
şabyrdamak, şabyrdyly ses etmek.
Üzüm agajynyň
çygar çybyklary onuň geýiminden asylyşýardylar,
şabyrdaşyp seslenýärdiler (A. Gowşudow).
ŞABYRDATMAK
[şavyrdatmak],
işl.
Şabyrdamak derejesine ýetirmek, şabyrdyly ses
etdirmek.
Şabyrdadyp şelpe kakýan eli kirşiň üstünde
pelesaň urýar (N. Pomma).
ŞABYRDAÝYŞ
[şavyrdaýyş],
iş
ady.
Şabyrdamak ýagdaýy.
ŞABYRDY [şavyrdy],
at. Şabyrdap güýçli
ýagýan ýagyşdan, batly sepilýän suwdan çykýan
sesleriň ady.
Ýagşyň şabyrdysyndan başga gögüň
gübürdisi tama düşüp ýaňlanýardy (A. Gowşudow).
ŞABYR-ŞABYR [şavyr-şavyr],
s.ş. aňl.söz.
Şabyrdap güýçli ýagýan ýagyşdan, batly sepilýän
suwdan çykýan sesler.
Şabyr-şabyr edip ýagýan
ýagyş derrew töweregi suw-sil etdi.
ŞADALAK [şa:da:lak],
at. Gaýygyň, nawuň
uzynlygyna berklik we durnuklylyk üçin goýulýan
esasy pürs.
ŞADESSAN [şa:dessa:n],
at, ser. Epos 1.
ŞADÄNE [şa:dä:ne],
at. Ýere ýazylyp ösýän
ýaprakly, burçuň dänesi ýaly däneli ýaz oty.
ŞADYHORRAM [şa:dyhorrom],
syp. Örän şat,
keýpi juda kök, hiç
bir aladasyz, şadyýan.
Bular ol
baga baryp, säher çagynda otdan doýup, şadyhorram
bolup ýör ekenler (
Türkmen
halk ertekileri
).
ŞADYHORRAMLYK [şa:dyhorromluk],
at.
Şadyýanlyk, keýpi köklük, şadyýan ýagdaýda
bolmaklyk.
Meniň günüm şadyhorramlykda geçýär
(B. Pürliýew).
Do'stlaringiz bilan baham: