Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet529/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   525   526   527   528   529   530   531   532   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Şapbat ýaly ýuka hem kiçijik. Ojagymda 
şapbat ýalyjak Gyzdyrmaçjyk bişirindim (K. 
Gurbannepesow).
ŞAPBATLAMA 
[şapba:tlama], 
iş 
ady. 
Şapbatlamak ýagdaýy. 
ŞAPBATLAMAK [şapba:tlamak], işl. Şapbat 
bilen urmak, kakmak, şarpyk çalmak. Iň soňunda 
göwnühoş gülüp, döşüne şapbatlady (N. Jumaýew). 
ŞAPBATLAMAKLYK [şapba:tlamaklyk], iş 
ady. Şapbatlamak ýagdaýy. 
ŞAPBATLATMAK 
[şapba:tlatmak], 
işl. 
Şapbatlamak işini birine etdirmek. 
ŞAPBATLAÝYŞ 
[şapba:tlaýyş], 
iş 
ady. 
Şapbatlamak ýagdaýy. 
ŞAPBYK, at, ser. Şapbat 2. Şapbyk çalmak. 
Şapbyk iýmek. 
ŞAPBYLDAMA 
[şapbyllama], 
iş 
ady. 
Şapbyldamak ýagdaýy. 
ŞAPBYLDAMAK 
[şapbyllamak], 
işl. 
Şapbyldyly ses çykmak, şapbyldyly seslenmek. Ol 
nahar iýende agzy şapbyldar durardy. 
ŞAPBYLDAMAKLYK [şapbyllamaklyk], iş ady. 
Şapbyldamak ýagdaýy. 


321 
ŞAPBYLDATMAK [şapbyllatmak], işl. Çeýnäp 
oturan çöregini her ýuwutjak bolanda dodaklaryny 
biri-birine ýetirip, agzyndan şapbyldyly ses 
çykarmak. Çaşçy Çaman palawy üznüksiz çarşaklan 
barmaklaryny şapbyldadyp ýalady (A. Gowşudow).
ŞAPBYLDAÝYŞ 
[şapbyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şapbyldamak ýagdaýy. 
ŞAPBYLDY [şapbylly], at. Nahar iýlende, 
ogşaşylanda we ş.m. dodaklaryň biri-birine ýapyşyp 
aýrylmagyndan 
döreýän 
zarply 
sesiň 
ady. 
Dodaklaryna erigiň şepbigi çalnan ýaly, garalary 
görünmänkä, şapbyldysy eşidilýär (

Edebiýat we 
sungat

). 
ŞAPLAMAK [şapylamak], işl., gepl.d., ser. 
Şaplaşmak
ŞAPLAŞMAK [şapylaşmak], işl. Şap bolmak, 
laýyk bolmak, şaplamak. Halk lakam goýýan 
adamsynyň göwresine, sypatyna, gaýratyna şaplaşyp 
duran lakam goýýan eken (N. Pomma). 
ŞAPLATMAK [şapylatmak], işl. 1. Birine bir 
zady haýdan-haý, derrew aýtmak. Bolan wakany 
Mätä ýerli-ýerden şapladyp habar berýärler (T. 
Gurbanow). 2. göç.m. Batly urmak, çalmak. Ýel 
gumuň iri dänelerini ýüzüňe şapladyp urýardy (B. 
Kerbabaýew). 
ŞAP-ŞAP, s.ş.aňl.söz., ser. Şapba-şapbaOgluny 
dyzynyň üstünde dik durzup, şap-şap ogşap, bagryna 
basdy (A. Durdyýew). 
ŞAP-ŞUP: şap-şup etmek bir zady çaltlyk bilen 
iýmek, lak-luk atmak. 
ŞAPYRDAMA, iş ady. Şapyrdamak ýagdaýy. 
ŞAPYRDAMAK, işl. Şapyrdyly ses çykmak, 
şapyrdyly seslenmek. Ol şapyrdap başlan el 
çarpyşygy elini daldalap saklady (B Kerbabaýew).
ŞAPYRDAMAKLYK, iş ady. Şapyrdamak
ýagdaýy. 
ŞAPYRDAŞMAK işl. Bilelikde şapyrdamak, 
şapyrdyly ses etmek. Daňdan namaz wagtlary birden 
üç sany kepderi şapyrdaşyp, çeşmäniň başyndaky 
çynara gondy (

Türkmen halk ertekileri

). 
ŞAPYRDATMAK, işl. Şapyrdyly ses çykarmak, 
şapyrdyly seslendirmek. Ýel serilgi geýimleri 
şapyrdadýardy. 
ŞAPYRDAÝYŞ, iş ady. Şapyrdamak ýagdaýy. 
ŞAPYRDY, at. Suwuň içi bilen çalt ýörelende, 
ýagyş iri damjalap ýaganda, seçekli zatlara ýel 
degende we ş.m. ýagdaýda döreýän sesiň ady. Güýçli 
ýagýan ýagşyň şapyrdysy bulary oýardy (Ç. Aşyrow). 
ŞAPYRDYK, at, gepl.d., ser. Şabrama 2
Şapyrdyk ýaglyk. 
ŞAPYR-ŞUPUR, hal, ser. Şapba-şupbaOl köne 
dosty bilen şapyr-şupur görüşdi. 
ŞAR[şa:r] Iat. 1. Togalak geometrik şekil. Şaryň 
üsti. 2. Şonuň ýaly görnüşli zat. Bilýardyň şary. 3
Içine ýel berlip uçurylýan zat. Asmana şar uçurmak. 
ŞAR [şa:r] II, Gara diýen sypatyň öňünden gelip, 
sypatyň artyklyk derejesini ýasaýan ownuk bölek. 
Dürli lybas geýip gelinler-gyzlar, Saçlary şar gara, 
ýüzi gunduzlar (A. Kekilow). Gyzyň şar gara saçlary 
şu ölügsi yşyga ýalp-ýalp edýärdi (T. Gurbanow). 
ŞARA, at. Ýuka dilnen bölek-bölek edilip 
duzlanan etden, balykdan közüň üstünde ýa-da saçda 
daglanyp bişirilýän nahar. Oglanlaryň biri onuň 
bagryndan, ýüreginden, art bududyr guýrugyndan 
alaga-da şara etdi (Ý. Mämmediýew). 
ŞARAMA [şa:rama], iş ady., gepl.d. Şaramak 
ýagdaýy. 
ŞARAMAK [şa:ramak], işl., gepl.d. Küşt 
oýnunda at göçülende iki mala düşmek. Altynjy 
göçümde onuň aty şarady. 
ŞARATDYRMAK [şa:ratdyrmak], işl., gepl.d. 
Şaratmak işini birine etdirmek. 
ŞARATMAK [şa:ratmak], işl., gepl.d. Şaramak 
ýagdaýyna düşürmek. Aty şaradyp, mugt mal almak. 
ŞARAÝYŞ [şa:raýyş], iş ady., gepl.d. Şaramak 
ýagdaýy. 
ŞARF, at. Boýna oramak, dakmak üçin dokalan 
(örülen) mata zolagy. Çaşçyň egninde köneräk gara 
kostýumy bardy, boýnuna ala şarf atynypdy (A. 
Gowşudow). 
ŞARK Iat, k.d. Gündogar. Şarkyň gyzy oraýany 
ýaglygy, Sypap-sypap, maňlaýyna daňypdyr (M. 
Seýidow). 
ŞARK II, s.ş.aňl.söz. Demir we demirden 
ýasalan zatlar biri-birine batly degende döreýän ses. 
ŞARKAhal. Bat bilen, birden, duýdansyz, batly. 
Syçan girdigi, gapyrjagyň agzy şarka ýapylýandyr 
(G. Gurbansähedow). 
ŞARK-ŞARK, s.ş.aňl.söz. Demir we demirden 
ýasalan zatlar gaýta-gaýta biri-birine batly degende 
döreýän ses. Şark-şark maşyn sesi, Biri-birine 
garyşýar (A. Nyýazow).
ŞARK-ŞURK, hal. Çaltlyk bilen, ur-tut, bada-
bat, şart-şurt, birden, derrew, dessine, çalt. Horasan 
tilkisi ýuwaşlyk bilen gapany goýberjek bolýar weli, 
şark-şurk gapana düşýär galyberýär (

Türkmen halk 
ertekileri

). 
ŞARKYLDAMA 
[şarkyllama], 
iş 
ady. 
Şarkyldamak ýagdaýy.
ŞARKYLDAMAK [şarkyllamak], işl. Demir we 
demirden, gaty agaçdan we ş.m. ýasalan zatlar biri-
birine batly degende şarkyldyly seslenmek. Jaýyň 
gapysy şarkyldap açyldy. Edil şol demde gara öýüň 
bäş ädim öňündäki daş tamyň gapysy şarkyldap 
açyldy-da, işigiň eňsisi serpilen gara öýüň 
bosagasynda Enebaý ejäniň äpet göwresi peýda 
boldy (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at 
gezer, 9 s.). 
ŞARKYLDAMAKLYK [şarkyllamaklyk], iş 
ady. Şarkyldamak ýagdaýy. 
ŞARKYLDAŞMAK 
[şarkyllaşmak], 
işl. 
Bilelikde şarkyldamak, şarkyldyly ses etmek, yzly-
yzyna şarkyldamak. 
ŞARKYLDATDYRMAK [şarkyllatdyrmak], işl. 
Şarkyldatmak hereketini etdirmek. 
ŞARKYLDATMAK 
[şarkyllatmak], 
işl. 
Şarkyldyly ses çykartmak, şarkyldyly seslendirmek. 
Kesmikden boşan açmaňyz sygyrlar toýnaklaryny 
şarkyldadyp 
ondan-oňa 
hars 
urýarlar 
(B. 
Kerbabaýew).


322 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   525   526   527   528   529   530   531   532   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling