Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞARP, s.ş.aňl.söz. Birbada, bir gezek şapbat we  ş.m. degende çykýan ses, şarpyldy.  ŞARPA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet531/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   527   528   529   530   531   532   533   534   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞARP, s.ş.aňl.söz. Birbada, bir gezek şapbat we 
ş.m. degende çykýan ses, şarpyldy. 
ŞARPA, hal. Birden, duýdansyz, bada-bat. Ol 
özüniň jöwher pyçagy, göze ilmez eli bilen her bir 
derdi ynsanyň bedeninden şarpa kesip ömürlik ýok 
edýär (G. Muhtarow, G. Seýitliýew). 
ŞARP-ŞARP, s.ş.aňl.söz. Üznüksiz, yzygiderli 
şarpyldap çykýan ses, şarpyldy. 
ŞARP-ŞURPhal, ser. Şart-şurt
ŞARPYK at. 1ser. Şapbat 2Oglanyň çekgesine 
bir şarpyk urdy, südürläp goýberdi (B. Kerbabaýew). 
2. göç.m. Kötek, käýinç, temmi, urgy. Birinji gezek 
degen şarpyk Pökgeniň janyna iňňän gaty degen 
bolmaga çemeli (A. Gowşudow). 

Şarpyk datmak (iýmek) 1) urulmak. Erigiň 
ýekeje şahasyny atdanlykda döwenim üçin, kakamdan 
şarpyk dadanym ýadymda (

Edebiýat we sungat

). 2) 
köteklenmek, käýelmek, temmi berilmek. 3) azap 
görmek, görgi görmek, zulum çekmek. Ýowuz urşuň 
şarpygyny dadanlar! (B. Hudaýnazarow).
ŞARPYLDAMA 
[şarpyllama], 
iş 
ady. 
Şarpyldamak ýagdaýy. 
ŞARPYLDAMAK 
[şarpyllamak], 
işl. 
1
Şarpyldyly ses çykmak, şarpyldyly seslenmek. Iki 
sany duşman buzuň üstünden taýýan ýaly şarpyldap 
ýykyldy (A. Durdyýew). 2. Iriňläp ugran uly ýara, 
teniň pyçak kesen ýeri şarp-şarp edip gaty agyrmak. 
Oraga kesdiren eli şarpyldap agyryp ugrady
ŞARPYLDAMAKLYK [şarpyllamaklyk], iş ady. 
Şarpyldamak ýagdaýy. 
ŞARPYLDAŞMAK [şarpyllaşmak], işl. Köp 
ýerden şarpyldyly ses çykmak. 
ŞARPYLDATMAK 
[şarpyllatmak], 
işl. 
Şarpyldyly ses çykartmak, şarpyldyly seslendirmek. 
ŞARPYLDY [şarpylly], at. Bir zadyň bir ýere 
batly degmeginden, urulmagyndan, suwda batly 
hereket edilmeginden döreýän sesiň ady. Gamçynyň 
şarpyldysy 
yzly-yzyna 
gaýtalanýardy 
(B. 
Kerbabaýew). 
ŞARRYLDY [şarrylly], at. Suwuň ýokardan 
güýçli dökülmegi, aşak batly inmegi, gurallaryň, 
enjamlaryň dowamly hereketi sebäpli döreýän sesiň 
ady. Uzyn gije turbadan akýan suwuň şarryldysy 
kesilmedi. 
ŞART, s.ş.aňl.söz. Gaty agajyň döwülmegi, 
ýogyn ýüpüň üzülmegi netijesinde çykýan batly ses, 
şartyldy. Şol arada şart bolup, guraksyrap duran bir 
towly ýüpüň üzülen sesi eşidildi (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   527   528   529   530   531   532   533   534   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling