ŞATLAMAKLYK [şatylamaklyk], iş ady.
Şatlamak ýagdaýy.
ŞATLANDYRMAK [şa:tlannyrmak], işl. Birini
şat etmek, begendirmek, şadyýan etmek. Garryny
şatlandyrmak we oňa mynasyp bir sowgat
taýýarlamak hakynda Myrat hem pikir edýärdi (B.
Seýtäkow).
ŞATLANMA, [şa:tlanma], iş ady. Şatlanmak
ýagdaýy.
ŞATLANMAK [şa:tlanmak], işl. Şat bolmak,
şadyýan bolmak, begenmek, guwanmak, keýpiň
göterilmek.
ŞATLANMAKLYK [şa:tlanmaklyk], iş ady.
Şatlanmak ýagdaýy.
ŞATLANYŞ [şa:tlanyş], iş ady. Şatlanmak
ýagdaýy.
ŞATLANYŞMAK [şa:tlanyşmak], işl. Bilelikde
şatlanmak, köpçülik bolup şatlanmak. Olar oda baryp
görseler, ynha, ýedi sany möjek palaw bişirip,
begenip, şatlanyşyp oturanlar (
Türkmen halk
ertekileri
).
ŞATLATMAK [şatylatmak], işl. 1. Biriniň
bedeniniň bir ýerine batly urmak. Ol elini aýlap,
onuň böwrüne şatladyp goýberdi. 2. gepl.d. Dessine
pert-pert jogap bermek, şaňkyldatmak.
ŞATLAWUK [şatylowuk], syp. Örän güýçli
sowuk. Towşanjyk şatlawuk, teniňi kesip barýan
aýazda-da arkaýyn gezýär.
ŞATLAÝYŞ [şatylaýyş], iş ady. Şatlamak
ýagdaýy.
ŞATLYK [şa:tlyk], at. 1. Adamyň göwnüniň
göterilen ýagdaýy, şadyýanlyk duýgusy, begenç,
guwanç, şadyýanlyk. 2. Üflenip çalynýan gadymy
türkmen saz guraly (ol tut agajyndan içi köwlüp
ýasalyp, üstünde bäş, aşagynda bir deşik edilýär,
ujuna dilli tüýdügiň üfleneri müşdük hökmünde
dakylýar) (ser. Şadyýan 2). 3. Oglana dakylýan at.
4. Ýer ady.
ŞATLYKLY [şa:tlykly], syp. Begençli, dabaraly,
şadyýan, keýpli, guwançly.
Do'stlaringiz bilan baham: |