ŞATLYKLY-ŞAGALAŇLY
[şa:tlykly-
şağalaňly], syp. Şadyýan, begençli, dabaraly,
şowhunly. Toý, diýseň, şatlykly-şagalaňly geçdi.
ŞATLYK-ŞAGALAŇ
[şa:tlyk-şağalaň],
at.
Şadyýanlykly, dabaraly, şatlyk-şowhunly, şatlyk-
şüweleňli ýagdaý. Toýda şatlyk-şagalaň asmana
göterilýar.
ŞATLYK-ŞOWHUN [şa:tlyk-şowhun], at, ser.
Şatlyk-şagalaň. Okuwçylar şatlyk-şowhunlary bilen
köçäni dolduryp barýardylar (A. Gowşudow).
ŞATLYK-ŞÜWELEŇ [şa:tlyk-şüwölöň], at, ser.
Şatlyk-şagalaň. Özboluşly ümsümligiň ýerini şatlyk-
şüweleň gurşap aldy (
Edebiýat we sungat
).
ŞAT-ŞAT, s.ş.aňl.söz. Jaýryljak bolýan agaçdan
we ş.m. yzly-yzyna çykýan sesler. Ol haýwan özüne
hüjüm edilendir öýdüp, ýyldyrym çaltlygy bilen
beýleki tarapyna bökdi we özüne topulana gaýtawul
bermek üçin dişlerini şat-şat edip gyjyrdatdy (A.
Gowşudow).
Şat-şat etmek şatyrdamak, şatyrdyly ses
çykarmak. Ýaý berip ugran pürs birden şat-şat edip
ugrady.
ŞATUT [şa:tu:t], at. Ýasy ýaprakly uly tut agajy.
ŞATY, at. Kynçylykly agyr ýagdaý, jebir, sütem,
görgi.
Şatyny görmedik kyn ýagdaýy, görgini başdan
geçirmedik. Durmuş şatysyny görmedik heniz, Ýaňy
ak-garany saýgarýan ýaş gyz (A. Kekilow).
324
ŞATYR, at. l. Hökümdaryň, begiň, hanyň
ýanyndaky hyzmatkäri. Hemdem wezir gelip, Öweziň
öňünden çykyp, atyny idip şatyr bolup gelýär
(
Görogly
). Men özüm garry gulam, alnyňda bolsam
şatyryň (
Aly beg – Baly beg
). 2. syp. Ähli işe
çydamly, çeýe. Şatyr oglan.
Do'stlaringiz bilan baham: |