Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet543/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   539   540   541   542   543   544   545   546   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞERTLENDIRILMEK [şertlennirilmek], işl. 
Şert goýlan, şert esasynda ýerine ýetirilmeli edilen. 
ŞERTLENDIRMEK [şertlennirmek], işl. Şert 
döretmek, şert goýmak. 
ŞERTLEŞIKLIsyp., ser. Şertli
ŞERTLEŞILMEK, işl. Özara şert edilmek, 
wadalaşylmak. Ol şertleşilen sagatda duşuşyk ýerine 
geldi. 
ŞERTLEŞIŞ, iş ady. Şertleşmek ýagdaýy. 
ŞERTLEŞMEiş ady. Şertleşmek ýagdaýy. 
ŞERTLEŞMEK, işl. Bir işi, meseläni ýerine 
ýetirmek, çözmek, amala aşyrmak üçin özara şert 
edişmek, wadalaşmak. Dowul turuzmaly däl diýip, 
öňden şertleşipdik ahyry (N. Jumaýew). 
ŞERTLEŞMEKLIK
iş 
ady. 
Şertleşmek 
ýagdaýy. 
ŞERTLEÝIN, syp. Belli şerte daýanýan, şerte 
bagly.
ŞERTLI, syp. Öňünden şert edişilen we şertiň 
nämeden ybaratdygyny bilýän üçin düşnükli. Şertli 
gysgaltma. Şertli dil (mysal üçin, esperanto dili).
Şertli belgi. 
ŞERTNAMA [şertna:ma], at. Iki taraplaýyn ýa-
da köp taraplaýyn borçnamalar hakda, esasan, hat 
üsti bilen baglaşylýan ylalaşyk.  
ŞEŞMER, at, k.d. Gamçy. Ineriň ýagyrnysyna 
şeşmer bilen bir gondursam, inerem boýnuňy üzüp 
gidýä seniň (

Görogly

). 
ŞEŞPERat, kön.s. Ujy diş-diş tommaýly, gysga 
sapy gol gaýyşly, demirden edilen sowuk ýarag. 
Şeşper aýdar meniň işim, On iki paradyr başym 
(

Görogly

).
ŞETDALY [şetda:ly], at. 1. Bägül güllüler 
maşgalasyndan bolan miweli agaç. 2. Şol agajyň 
şänikli, etlek, iri, süýji miwesi. 3. Şetdaly 
miwesinden gaýnadylan. Şetdaly mürepbesi. 
ŞETDALYGÜL [şetda:lyğül], at. Şetdalynyň 
gülüne meňzedilip, el işlerine salynýan nagyş. 
Menem sary keteniden 

şetdalygül

nagyşly çyrpy 
edindim (A. Gowşudow).
ŞETDAT [şetda:t], at. Kese agajyň gyrasyna 
berkidilip, agzyna işlenýän, ýasalýan önüm 
gysdyrylyp berkidilýän enjam, şetdat.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   539   540   541   542   543   544   545   546   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling