Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ŞEÝTMEKLIK, iş ady. Şeýtmek ýagdaýy.  ŞÄGIRT


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet546/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   542   543   544   545   546   547   548   549   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞEÝTMEKLIKiş ady. Şeýtmek ýagdaýy. 
ŞÄGIRT [şä:ğirt], at. Ussadyň, ussanyň 
okuwçysy, tälim alýan, kär öwrenýän kömekçisi. 
Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter (Nakyl). 
ŞÄGIRTLIK [şä:ğirtlik], at. Şägirdiň käri, işi, 
ýagdaýy, şägirt bolmaklyk. Ýaşlaryň bir bölegi 
kärhanalardaky önümçilik ussalarynyň ýanyna 
şägirtlige giderler. 
ŞÄHDAÇYK, syp. Keýpi kök, şat, şadyýan, 
göwni hoş. Dumly-duşdan gelen şähdaçyk, şadyýan 
adamlar şäheri hyryn-dykyn doldurýardy (B. 
Kerbabaýew).
ŞÄHDAÇYKLYK
at. 
Keýpi 
köklük, 
göwnühoşluk. Gidende yzynda şähdaçyklyk bilen 
ýyljyraklap galan agtygynyň ýagdaýyny bütinleý 
bozuk halda gördi (B. Soltannyýazow).
ŞÄHER, at. Dolandyryş söwda, senagat we 
medeni merkez, köp ilatly ýer.
ŞÄHERARA 
[şähera:ra], 
syp. 
Şäherleriň 
baglanyşygyny üpjün edýän, şäherler arasynda 
hereket edýän (aragatnaşyk, gatnaw we ş.m. 
hakynda). Şäherara awtobus. 
ŞÄHERLEŞMEK, işl. Şähere öwrülip barmak, 
şähere meňzemek. Bu oba şäherleşen obady (A. 
Ahundow-Gürgenli). 
ŞÄHERLI, syp. Şäherde ýaşaýan, şäheriň 
ýaşaýjysy. Şäherli adamlarda onuň ýanyna, 
Getirdiler daýy-ýeňňelerini (G. Ezizow).
ŞÄHTat. Ruhy ýagdaý, keýp. Tämiz ýaz şemaly 
öpýär ýüzüňi, Aýlanyňda çar tarapa gözüňi, Şähdiň 
açýar janly görnüş her ýanda (A. Kekilow).
ŞÄNIK [şä:nik], at. Käbir hasyl getirýän 
agaçlaryň gaty gabykly, içi tohumly, maňyzly dänesi 
(erik, şetdaly we ş.m.). Aglama, jigim aglama, 
Şetdaly kakyp bereýin. Şetdalynyň şänigni, Boýnuňa 
dakyp bereýin (Hüwdi). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   542   543   544   545   546   547   548   549   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling