Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ŞÖHLESIZ [şöhlösüz], syp. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ŞÖHRATLANMAKLYK
- ŞÖHRATPARAZ
- ŞÖWKET
- ŞPRIS
ŞÖHLESIZ [şöhlösüz], syp. 1. Şöhle saçmaýan,
ýiti ýagtylyk bermeýän, öçügsi. Şöhlesiz çyra. 2. göç.m. Nursuz, ýalkymsyz, nury gaçan, şöhlesi giden. Şöhlesiz göreçler. ŞÖHRAT [şöhra:t], at. 1. At-abraý. Nepis türkmen halylarynyň şöhraty gün geldikçe artýar ( Edebiýat we sungat ). 2. Üstünlik gazanmak arzuw edilip aýdylýan alkyş sözi; gazanylan üstünligi, görkezilen mertlik mübäreklenip, gutlanyp aýdylýan ruhlandyryjy söz. Watan üçin şirin janyny aýaman, Gaýduwsyz söweş edýän mertlere şöhrat! (B. Kerbabaýew). 3. Oglana dakylýan at. ŞÖHRATLANDYRMAK [şöhra:tlannyrmak], işl. Şöhratyny dünýä ýaýmak. ŞÖHRATLANMA [şöhra:tlanma], iş ady. Şöhratlanmak ýagdaýy. ŞÖHRATLANMAK [şöhra:tlanmak], işl. Şöhrata eýe bolmak. Onuň özi-de, bir wagtlar gowy sportsmen bolup şöhratlanypdy (R. Alyýew). ŞÖHRATLANMAKLYK [şöhra:tlanmaklyk], iş ady. Şöhratlanmak ýagdaýy. ŞÖHRATLANYŞ [şöhra:tlanyş], iş ady. Şöhratlanmak ýagdaýy. ŞÖHRATLY [şöhra:tly], syp. Şöhrata mynasyp, şöhrat gazanan. Gadamyňyz batly bolsun, şöhratly pagtaçylar! ŞÖHRATLYLYK [şöhra:tlylyk], at. Şöhraty barlyk, şöhrata mynasyp bolmaklyk, şöhrat gazanmaklyk. ŞÖHRATPARAZ [şöhra:tparaz], syp. Şöhrata kowalaşýan, ada, derejä, wezipä çapýan. Şöhratparaz adam. ŞÖHRATPARAZLYK [şöhra:tparazlyk], at. Şöhrata kowalaşmaklyk, ada, derejä, wezipä çapmaklyk. Şöhratparazlyk gizläp bolýan gylyk däl- dä! (N. Jumaýew). ŞÖWKET [şöwköt], at. 1. Dabara, mertebe, şan. Süleýmandan artyk bolsa şöwketiň, Lerzana getirse gökni haýbatyň (Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. ŞÖWÜR: şöwür çekmek 1) gijesine ýol geçmek, gije ýöremek, ilkagşamdan ertire çenli ýol ýöremek. Agşam şöwür çeken, garny hepbik ýaly atlar darym edýärdi (B. Kerbabaýew). 2) uklamazlyk. Alleý-alleý aragy, Gül başynyň daragy, Gije şöwürler çeksem, Gündiz gözümiň çyragy (Hüwdi). ŞPAL, [şpa:l] at. Agaçdan ýa-da betondan relsleriň aşagyndan keseligine düşelýän ýasy düşeklik. ŞPRIS [işpiri:s], at. Suwuklyklary pürkmek ýa-da sorup almak üçin porşenli we iňňeli silindrjik, kiçijik silindr. ŞTANGA [yşta:nga / yşda:nga], at, sport. Agyr atletikada: iki gapdalyndaky dürli agramdaky tigirlegi ortadan gelýän 2 m çenli uzynlykdaky demir hada oturdylýan enjam. ŞU, Ýakyn aralygy, wagty we ş.m. görkezmek üçin bu sözüniň manysynda gelýän görkezme çalyşmasy. Kim men? Jogap tapman şu günlere çen, Seni söýüp, kimdigimi bildim men(G. Ezizow). 335 ŞUBELA [şuvela: / şüvela:], hal. Jan edip; ençeme gezek, şunça, her näçe. Horasan tilkisi şubela urundy weli, urundygyça gapan onuň aýagynda gaýymlandy (Ertekiler). Maşyn şubela arlasa-da, tigirleri diýen etmedi. ŞUGLA [şuğlo], at, şahyr. Şöhle, ýalkym, ýalpyldy, ýagty, lowurdy. Görki – gün, şuglasy älemi ýakar, Aga jan Arabyň gyzyn bereýin ( Görogly ). Ýüzi aý dek şugla salar, Husny pelekden paç alar ( Zöhre – Tahyr ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling