Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet562/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   558   559   560   561   562   563   564   565   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞYRKYLDAMAZLYK [şyrkyllamazlyk]iş ady.
Şyrkyldyly ses çykarmazlyk. 
ŞYRKYLDAŞMAK [şyrkyllaşmak]işl. Birnäçe 
zatdan şyrkyldyly ses çykmak. 
ŞYRKYLDATMAK [şyrkyllatmak], işl. Şyrk-
şyrk etdirip ses çykarmak. Çalasynlyk bilen 
barmaklaryny syrkyldatdy (

Edebiýat we sungat

). 
Gapyny şyrkyldadyp ýapdy
ŞYRKYLDAÝYŞ 
[şyrkyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şyrkyldamak ýagdaýy. 
ŞYRKYLDY [şyrkylly], iş ady. Demir we ş.m. 
zatlar biri-birine degende, gapy ýaly zatlar açylyp-
ýapylanda döreýän sesiň ady. 
ŞYRLAMAiş ady. Şyrlamak ýagdaýy. 
ŞYRLAMAKişl. Ýabyň düýbi bilen akýan suw 
şyrryldyly seslenmek, şyrryldamak, şyr-şyr etmek 
(serŞirlemek). Şyrlap akmak
ŞYRLAMAKLYKiş ady. Şyrlamak ýagdaýy. 
ŞYRLAŞMAKişl. Az möçberdäki akar suw şyr-
şyr edip seslenip akmak. Salmalardan şyrlaşyp akýan 
suwlar gawun joýalaryny doldurypdy
ŞYRLATMAKişl. Az suw goýberip akdyrmak. 
ŞYRLAÝYŞiş ady. Şyrlamak ýagdaýy. 
ŞYRPYLDAMA 
[şyrpyllama], 
iş 
ady. 
Şyrpyldamak ýagdaýy. 
ŞYRPYLDAMAK [şyrpyllamak], işl. Mata, ýüp 
gaýçy, syndy bilen çalasyn gyrkylanda şyrpyldyly ses 
çykmak. 
ŞYRPYLDAMAKLYK [şyrpyllamaklyk], iş ady. 
Şyrpyldamak ýagdaýy. 
ŞYRPYLDAMAZLYK [şyrpyllamazlyk], iş ady. 
Şyrpyldyly hereket etmezlik. 
ŞYRPYLDAŞMAK [şyrpyllaşmak], işl. Şyrp-
şyrp edip kesmek, gyrkmak, gyrmak (köp sanly 
gaýçy, syndy hakynda). Şyrpyldaşýan syndylaryň sesi 
eşidilýärdi. 
ŞYRPYLDATMAK 
[şyrpyllatmak], 
işl. 
Şyrpyldyly seslendirip, kesip goýbermek (matanyň 
bir bölegi, ýüp hakynda). 
ŞYRPYLDAÝYŞ 
[şyrpyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şyrpyldamak ýagdaýy. 
ŞYRPYLDY [şyrpylly], at. Bir zat başga bir ýere 
gaty degende, gaýçy bilen çalasyn gyrkylanda we 
ş.m. ýagdaýda çykýan sesiň ady.
ŞYRRYLDAMA 
[şyrryllama], 
iş 
ady. 
Şyrryldamak ýagdaýy. 
ŞYRRYLDAMAK [şyrryllamak], işl. ser
ŞyrlamakSuw şyrryldap akýar. 
ŞYRRYLDAMAKLYK [şyrryllamaklyk], iş 
ady. Şyrryldamak ýagdaýy. 
ŞYRRYLDAMAZLYK [şyrryllamazlyk], iş ady.
Akanda şyr-şyr etmezlik, syrryldap seslenmezlik. 
ŞYRRYLDAŞMAK [şyrryllaşmak], işl. Köp 
ýerde şyrryldyly seslenip akmak. 
ŞYRRYLDATMAK [şyrryllatmak], işl. Şyr-şyr 
etdirip, çala akdyrmak. 
ŞYRRYLDAÝYŞ 
[şyrryllaýyş], 
iş 
ady. 
Şyrryldamak ýagdaýy. 
ŞYRRYLDY [şyrrylly], at. Suw çala akanda 
döreýän sesiň ady. Ternawdan akýan suwuň 
şyrryldysy galmady. 
ŞYR-ŞYR, s.ş.aňl.söz. Suw aşaklygyna çala 
akanda döreýän ses. Şyr-şyr edip akmak
ŞYTDYLDAMA 
[şytdyllama], 
iş 
ady. 
Şytdyldamak ýagdaýy. 
ŞYTDYLDAMAK [şytdyllamak], işl. Üstünden 
düşýän agram sebäpli şytdyldyly ses çykmak, 
şytdyldyly seslenmek, şyt-şyt etmek. Köne pürsler 
agrama çydaman şytdyldaýardy. 
ŞYTDYLDAMAKLYK [şytdyllamaklyk], iş 
ady. Şytdyldamak ýagdaýy. 
ŞYTDYLDAŞMAK [şytdyllaşmak], işl. Birnäçe 
zatdan şytdyldyly ses çykmak. 


340 
ŞYTDYLDATMAK [şytdyllatmak], işl. Şyt-şyt 
etdirmek. 
ŞYTDYLDAÝYŞ 
[şytdyllaýyş], 
iş 
ady. 
Şytdyldamak ýagdaýy. 
ŞYTDYLDY [şytdylly], at. Berk, gaty zatlar çat 
açanda, agaç ýaý berende we ş.m. ýagdaýlarda 
döreýän sesiň ady. Ýanyp duran tut agaçlarynyň 
şytdyldysy galmady. 
ŞYTYRDAMAiş ady. Şytyrdamak ýagdaýy. 
ŞYTYRDAMAKişl. Agram düşüp şytyrt etmek, 
şytyrdyly seslenmek. Oglanjygyň münen şahasy 
çalaja şytyrdady. 
ŞYTYRDAMAKLYK, iş ady. Şytyrdamak 
ýagdaýy. 
ŞYTYRDAŞMAKişl. Birnäçe zatdan şytyrdyly 
ses çykmak. 
ŞYTYRDATMAK, işl. Agaja, onuň şahasyna 
agramyňy salyp, şytyrdamak derejesine ýetirmek. 
ŞYTYRDAÝYŞiş ady. Şytyrdamak ýagdaýy.
ŞYTYRDY, at. Gury, gaty zat, odun-çöp 
döwlende, ýagyş damjalanda we ş.m. ýagdaýlarda 
döreýän sesiň ady.

 
 
T, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi dördünji harpy. 
TABA [ta:va], ser. Saç. 
TABAK [ta:vak], at. 1. Nahar iýmek üçin 
ulanylýan okara, jam ýaly gaplaryň umumy ady. 
Aýrana gelen tabagyny gizlemez (Nakyl). 2. göç.m. 
Içi naharly gap. Ol tabak çekilýänçä, özüne bir 
güýmenje tapdy (B. Kerbabaýew). 3. Keçä salynýan 
tegelek nagyş. 
TABAKDAŞ [ta:vakdaş], at. Biri bilen bir 
tabakdan nahar iýýän, bile bir tabakdan naharlanýan 
(adam). 
TABAKLAMA [ta:vaklama], iş ady. Tabaklamak 
ýagdaýy.
TABAKLAMAK [ta:vaklamak], işl. Tabaga 
salmak, tabak bilen almak. 
TABAKLAMAKLYK [ta:vaklamaklyk], iş ady. 
Tabaklamak ýagdaýy. 
TABAKLAÝYŞ 
[ta:vaklaýyş] 
iş 
ady. 
Tabaklamak ýagdaýy. 
TABAMA [ta:vama], iş ady. Tabamak ýagdaýy. 
TABAMAK [ta:vamak], işl. Ýaňy ösüp 
başlamak, çykyp ugramak (sakgal, murt hakynda). 
Murty taban
TABAMAKLYK [ta:vamaklyk], iş ady. Tabamak 
ýagdaýy. 
TABLISA [tavli:sa], at. Maglumatlaryň we ş.m. 
sanawy, olaryň aýry-aýry grafalardaky ýazgysy. 
TABAÝYŞ [ta:vaýyş], iş ady. Tabamak ýagdaýy. 
TABLISA [tavli:sa], at. Belli bir sistema salnan 
san bilen baglanyşykly ýa-da beýleki maglumatlaryň 
grafalar boýunça ýerleşdirilen sanawy. Ligarifmler 
tablisasy. Nyrhlar tablisasy. Tablisa girizmek, 
goşmak. Mendeleýewiň tablisasy (D.I.Mendeleýewiň 
himiki elementleriň periodik sistemasy). Statistik 
maglumatlary tablisalara geçirmek. Köpeltmek 
tablisasy.
TABŞYRMA [tavşyrma], iş ady.Tabşyrmak 
ýagdaýy. 
TABŞYRMAK [tavşyrmak], işl. 1. Biriniň üstüne 
bir zady ýerine ýetirmek borjuny ýüklemek, tabşyryk 
bermek. 2. Birine bir zady gaýta-gaýta aýtmak. Men 
saňa gijä galma diýip öwran-öwran tabşyrdym ahyry. 
3. Öz ýerine ýetirýän işini başga birine bermek. 
Nobatçylygy tabşyrmak4. Bir zady eýesine bermek, 
gowşurmak. 
Kitaphanadan 
alan 
kitaplaryňy 
tabşyrmak.5. Bilim derejäň anyklanýan synagdan 
üstünlikli geçmek. Hemme sapaklaryňy 5-lik baha 
tabşyrmak


341 
TABŞYRMAKLYK [tavşyrmaklyk], iş ady. 
Tabşyrmak ýagdaýy. 
TABŞYRMAZLYK [tavşyrmazlyk], iş ady. 
Tabşyrmak işini amal etmezlik. 
TABŞYRTMAK [tavşyrtmak], işl. Tabşyrmagy
başga biriniň üstüne ýüklemek, tabşyrmaga mejbur 
etmek. Daýhanlara gök önümleri wagtynda 
tabşyrtmak gerek. 
TABŞYRYK [tavşyryk], at. 1. Birine tabşyrylan 
iş, görkezme. 2. Birine berilýän nesihat, wesýet, 
maslahat.Bu bolsa ýaşulularyň tabşyrygydy (A. 
Gowşudow). 3. Birine belli bir möçberde buýrulan 
ýumuş. Akmyrat, sen mugallymyň düýnki tabşyrygyny 
eýýäm ýadyňdan çykardyňmy? (A. Durdyýew). 4
Nädogry edilen iş, hereket üçin berilýän duýduryş, 
käýinç. Şeýle işleri üçin Pökgene birnäçe sapar berk 
tabşyryklar hem berlipdi (A. Gowşudow). 
TABŞYRYLMAK [tavşyrylmak], işl. 1. Birine 
bir ýumuş, iş etmek, iş buýrulmak. Men tabşyrylan 
işi edip, hakymy alýaryn (B. Seýtäkow). 2. Nygtalyp 
aýdylmak, nesihat edilmek. Şondan soň gürrüň iş 
hakynda başlanda brigadirlere edilmeli işler 
tabşyryldy (A. Gowşudow). 3. Bir zat berilmek, 
gowşurylmak, geçirilmek. Etrap boýunça bir günde 
ýyllyk borçnamanyň 2,3 göterimine barabar pagta 
tabşyryldy (

Türkmenistan

). 4. Birine bir zat 
ýüklenmek, borçly edilmek. Çagalar öýüniň birine 
ýolbaşçylyk etmeklik maňa tabşyryldy (

Nesil

).
TABŞYRYŞ [tavşyryş], iş ady. Tabşyrmak 
ýagdaýy. Onuň okan derslerinden synag tabşyryşy 
köplere görelde bolsun. 
TABŞYRYŞDYRMAK [tavşyryşdyrmak], işl. 1
Birnäçe işi, ýumşy ýerine ýetirmegi başga adamlara 
tabşyryp çykmak. Ol öz işgärlerine ertir pagta 
ýygmaga gitmegi tabşyryşdyrdy. 2. Birnäçe zady 
eltmeli ýerine gowşurmak, kabul edýän edara 
bermek. Häzir Gözel eje birinji orny alyp, halylaryny 
tabşyryşdyrdy (A. Gowşudow). 
TABYN [ta:vy:n], syp. 1. Boýun egen. 2
Garaşly bolan. 
TABYNLYK [ta:vy:nlyk], at. 1. Tabyn ýagdaýda 
bolmaklyk.  
TABYRDAMA [tavyrdama], iş ady. Tabyrdamak 
ýagdaýy. 
TABYRDAMAK 
[tavyrdamak], 
işl., 
ser. 
Tapyrdamak. Akmaýa tabyrdap galan köşekden 
gorkusyna ýykyldy (B. Kerbabaýew). 
TABYRDAMAKLYK [tavyrdamaklyk], iş ady. 
Tabyrdamak ýagdaýy. 
TABYRDAMAZLYK [tavyrdamazlyk], iş ady. 
Tabyrdyly hereket etmezlik. 
TABYRDAŞMAK [tavyrdaşmak], iş ady. Bile 
tabyrdamak, köp bolup tabyrdamak. Tabyrdaşyp 
galan taýçanaklar, göýä bir zatdan ürken ýaly, 
ümdüzine tutdurdylar. 
TABYRDATMAK [tavyrdatmak], işl. Tabyrdyly 
aýak sesini çykarmak. 
TABYRDAÝYŞ 
[tavyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Tabyrdamak ýagdaýy. Atlaryň tabyrdaýşy gulaga 
diýseň ýakymly eşidilýärdi. 
TABYRDY [tavyrdy], at. Mal-gara goşulyşyp 
çapyşanda, tarsa ýerinden turanda we ş.m. ýagdaýda 
döreýän aýak sesiniň ady, tapyrdy. Mes atlaryň zarp 
bilen inýän ykjam toýnaklary tabyrdy turuzýar (B. 
Kerbabaýew).
TABYRDYK [tavyrdyk], at. Şahly iri mallara
dowarlara, düýelere degýän ýokanç kesel. 
TABYT [ta:vyt], at. Üstünde öliniň jesedini 
goýup götermek üçin agaçdan ýasalan enjam. Ýer 
goýnuna girdi münüp tabytlar, Magtymguly aýdar, 
deň-duş ýigitler (Magtymguly). Serwiden tabyt kylyp, 
gülden kepen etmek gerek (

Myraly

). 
TAGA [tağa], at, k.d. Daýy. Tagalarym, 
tagalarym, Hassa bolsam, sagalaram, Eşidiň beg-
agalarym, Nejebe gurbana geldim (

Nejep oglan

). 
TAGAÇJYP [tağaçjyp], at, k.d. Geň-enaýy, 
ajaýyp, täsin üýtgeşik. Şerh eýlesem, şahym, biziň 
ýerleri, Gör neneň tagaçjyp illeri bardyr (Magrupy). 
Mamanyň uklaman, horlaman ýatmagy örän tagaçjyp 
bir zatdy (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   558   559   560   561   562   563   564   565   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling