Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet561/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   557   558   559   560   561   562   563   564   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ŞYPBYLDATMAK
işl. 
Şypbyldyly 
seslendirmek.
ŞYPBYLDAÝYŞiş ady. Şypbyldamak ýagdaýy. 
ŞYPBYLDY, at. Ýeňil aýakgaply, şypbyk 
köwüşli ýörelende ýa-da damja damanda döreýän 
sesiň ady. Daş gapydan aýak sesiniň şypbyldysy 
eşidildi. 
ŞYP-ŞYP, s.s.aňl.söz. Ýeňil aýakgaply, şypbykly 
ýörelende, damja damanda we ş.m. ýagdaýda 
döreýän ses. 
ŞYPYLJABERMEK 
[şypylja:vermek], 
işl. 
Şypyljap ugramak, şypyljap başlamak. 
ŞYPYLJAMA, iş ady. Şypyljamak ýagdaýy. 
ŞYPYLJAMAK, işl. 1. Ýüzi suwjaryp durmak. 
Ýaranyň ýüzi şypyljap dur. 2. Köp durup zaýalanyp 
ugramak (et hakynda). Et şypyljapdyr. 
ŞYPYLJAMAKLYK, iş ady. Şypyljamak 
ýagdaýy. 
ŞYPYLJAMAZLYK, iş ady. Şypyljamak 
katdyna ýetmezlik. 
ŞYPYLJATMAK, işl. 1. Suwjartmak, suwjarar 
ýaly etmek (ýara hakynda). 2. Köp sakladyp 
zaýalatmak. Eti ýyly ýerde şypyljatmak. 
ŞYPYLJAÝYŞ, iş ady. Şypyljamak ýagdaýy. 


339 
ŞYPYLJYK, işl. Şypyljap duran, ýapyşagan, 
ýelmeşegen. Onuň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly 
bolup, bütin bedeninden şypyljyk der indi (H. 
Derýaýew). 
ŞYPYRDAMA, iş ady. Şypyrdamak ýagdaýy. 
ŞYPYRDAMAK, işl. Ýagyş ýagyp, ýere ýa-da 
başga bir zadyň üstüne gaçanda şypyrdyly ses 
çykmak. 
ŞYPYRDAŞMAKişl. Birnäçe zatdan şypyrdyly 
ses çykmak. Gurap ýere gaçan ýapraklara ýagyş 
damjalary degende şypyrdaşyp ses edýärdiler. 
ŞYPYRDAÝYŞiş ady. Şypyrdamak ýagdaýy. 
ŞYPYRDY, at. Ýagyş ýagyp, ýere ýa-da başga 
bir zadyň üstüne gaçanda çykýan sesiň ady. Ýagşyň 
şypyrdysy. 
ŞYPYRMA, at. Etegi tüýli, depesiniň tüýi iç 
ýüzüne edilen, zommagrak görnüşde tikilýän telpek, 
ýatyş telpegi. Ol köne şypyrmasy bilen ýüzüniň 
tozanyny süpürdi (B. Kerbabaýew).
ŞYPYRMALY, syp. Şypyrma geýen. Indi ol 
aýagy çarykly, başy şypyrmaly, bili kendir guşakly 
çopan ýok (

Edebiýat we sungat

). 
ŞYR, syp. Hiç zat gögermedik, bitmedik (takyr 
ýer, adamyň kellesi hakynda). Şyr takyr. Şyr kelle. 

Şyr päki gowulygyna, erbetligine düşünip 
bolmaýan adam, birden beýleligine üýtgäp durýan, 
öwsüp duran adam. Ol bir şyr päkidir, ýüpüniň 
üstünde odun goýup bolmaz. Şyry çykmak gaty 
könelmek, köp geýlip, şylhasy çykmak. Şyry çykan 
ädik. 
ŞYRDAK, at. Depesine mata tutulyp tikilýän 
bagana telpek. Egesi baý gaharyna başyndaky 
şyrdagyny-da çykaryp, onuň öňüne bulap urdy (N. 
Pomma).
ŞYRDAKLYsyp. Şyrdak telpekli, şyrdak telpek 
geýen. Ol depesi solgun gyzyl şyrdakly, gytyk goňur 
telpegini goltugyna gysyp, ýerinden galdy (B. 
Kerbabaýew). Olar ýandak petdelerini pil bilen 
çapyşdyryp duran bir şyrdakly adamynyň ýanyna 
bardylar (N. Pomma). 
ŞYRKYsyp. Açyk sary (reňk). 
ŞYRKYLDAMA 
[şyrkyllama], 
iş 
ady. 
Şyrkyldamak ýagdaýy.
ŞYRKYLDAMAK 
[şyrkyllamak]
işl. 
Şyrkyldyly ses çykmak. 
ŞYRKYLDAMAKLYK [şyrkyllamaklyk], iş 
ady. Şyrkyldamak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   557   558   559   560   561   562   563   564   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling